Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 369 görnüşi, şol sanda nusgawy hem-de döwürdeş ýazyjy şahyrlaryň eserlerini, çagalar üçin çeper edebiýaty, okuw kitaplaryny hem hasaba almak bilen, umumy sany 5,8 million nusgalykdaky kitap önümleri çap edildi.