Ukraina tutuş ýurtda howa hüjüm duýduryşlaryny yglan etdi, Russiýa Odesa zarba urýar

Bir ýaşaýjy Russiýanyň Odesa amala aşyran dron hüjüminde zeper ýeten ýaşaýyş binasynyň öňünde dur. 17-nji ýanwar, 2024 ý.

Odesa Gara deňiz portunda şikeslenmelere we maddy zyýana getiren rus dron hüjüminiň yz ýany, söweş uçarlarynyň Russiýanyň içindäki harby howa bazalaryndan asmana göterilmegi bilen, Ukraina 17-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça howa hüjüm duýduryşlaryny yglan etdi.

Ukrainanyň Howa güýçleri bir MiG-31 rus söweş uçarynyň Russiýanyň Demirgazyk Osetiýa sebitindäki Mozdok harby howa bazasyndan asmana göterilendigini Telegramda duýdurdy. Telegramdaky esewan ediji kanallar Il-78M ýangyç guýujy uçarynyň hem howadadygyny habar berdiler.

17-nji ýanwarda irden, Odesa amala aşyrylan rus dron hüjümi üç adamy ýaralady we raýat ýaşaýyş jaý infrastrukturasyna zyýan ýetirdi, 130 adam ewakuasiýa edildi diýip, sebit häkimi Oleh Kiper Telegramda aýtdy.

Günorta Ukrainanyň Goranmak güýçleri hem aýrybaşga beýanat berip, Odesa edilen hüjümde Eýranda öndürilen 11 sany dronuň urlup ýykylandygyny, urlan pilotsyz enjamlaryň galyndylarynyň köp böleginiň deňze gaçandygyny aýtdy.

“Howa goranyş bölümçeleri üç sagat töweregi işledi... Duşmanyň esasy tagallalary Odesa hüjümine gönükdirildi” diýip, harbylar beýanat berdi.

Degişli maglumat Zelenski Dawosda NATO-nyň başlygy Stoltenberg bilen Ukrainanyň goranmak zerurlyklaryny maslahat etdi

Rus goşunlary 16-nji ýanwarda agşam Ukrainanyň iň iri ikinji şäheri bolan Harkowa Russiýanyň Belgorod sebitinden atylan iki sany S-300 raketalary bilen hüjüm etdiler. Bu hüjümde 17 adam ýaralandy, olardan 14 adam keselhana ýerleşdirildi.

Bu aralykda, NATO-nyň harby komitetiniň başlygy Bob Bauer 17-nji ýanwarda Brýusselde eden çykyşynda ýaranlygyň Ukraina näçe wagt gerek bolsa, şonça-da goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Bu gün Russiýanyň üç güne çeker öýden urşunyň 693-nji güni. Ukraina öňümizdäki her bir günüň dowamynda biziň goldawymyza eýe bolar, sebäbi bu urşuň netijesi dünýäniň ykbalyny kesgitlär” diýip, Bauer NATO-nyň goranmak ministrleriniň ýygnagynda aýtdy.

“Bu uruş hiç haçan Russiýanyň üstüne Ukraina, ýa-da NATO tarapyndan abanýan hakyky howpsuzlyk wehimi barada bolmady. Bu uruş Russiýanyň Ýer şaryndaky islendik fiziki ýaragdan has güýçli bolan ýaragdan – demokratiýadan gorkmagy zerarly barýar. Ukrainanyň halky demokratik hukuklara eýe bolup bilseler, onda Russiýanyň halky hem şeýle isleglere hyjuwlanyp başlarlar” diýip, Bauer aýtdy.

Şeýle-de, ol 31 agzasy bolan ýaranlykda söweş taýýarlygy babatynda düýpli göçden geçirmelere çagyryş etdi.

Degişli maglumat Uruş üçin milliardlar. Dünýäde geçen hem şu ýylyň harby çykdajylary

Soňky rus hüjümleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ukrainada soňky birnäçe hepdäniň dowamynda, raketa we dron zarbalarynyň geriminiň adatdan daşary artmagy zerarly, adam pidalarynyň birden ýokarlanandygyny aýdan wagtynda bolup geçýär.

Rus zarbalary dekabryň özünde 101 asuda raýaty öldürdi, 491 adam şikeslendi, munuň bilen, tassyk bolan adam pidalarynyň sany aýma-aý deňeşdirilende 26,5 göterim artdy diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ukrainada Adam hukuklaryna esewan ediji missiýasynyň 16-njy ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylýar.

“Dekabrda adam pidalarynyň artmagy, esasan, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň 29-30-njy dekabrda Ukrainada raketa we kamikaze dron hüjümlerini ýygjamlaşdyrmagy zerarly bolup geçdi. Ýaraglaryň şeýle görnüşleri bilen edilen hüjümler dekabrdaky adam pidalarynyň 34 göterimini emele getirdi, noýabrda bu görkeziji 16 göterime deň bolupdy” diýip, hasabat aýtdy.

Adam hukuklaryna esewan ediji missiýanyň başlygy Danielle Bell dekabryň ahyrynda we ýanwaryň başlarynda bolan hüjüm tolkunlarynyň 2023-nji ýylda hasaba alnan pese gaçyş meýillerini yzyna öwrendigini aýtdy.

“Bu hüjümler Russiýanyň Ukrainada tas iki ýyl bäri dowam etdirýän giň gerimli çozuşynda agyr ýitgilere döz gelýän asuda ukrain halkyna betbagtçylyk we weýrançylyk getirdi” diýip, Bell aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.