Moskwadaky raýat howa menzillerinden uçuşlar 18-nji awgustda irden, häkimiýetleriň bir urlup ýykylan ukrain dronynyň rus paýtagtynda bir bina baryp urandygyny mälim etmeginden soň, wagtlaýyn çäklendirildi.
“Moskwa wagty bilen irden sagat 4-de Kiýew režimi Moskwada we Moskwa sebitinde ýerleşýän desgalara garşy uçarmansyz howa ulagy bilen ýene terror hüjümini amala aşyrdy” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.
Pilotsyz uçar şäher merkezinden birnäçe kilometr günbatarda ýerleşýän ýaşalmaýan etrapdaky Sergiler merkezine baryp urdy. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň urup ýykandygyny aýdýan pilotsyz uçary, habar berilmegine görä, güýçli partlama sebäp boldy we adatdan daşary ýagdaýlar işçileri wakanyň bolan ýerine iberildi.
Kiýew bu ýagdaý boýunça bada-bat teswir bermedi.
Hadysanyň yz ýany, Moskwanyň içindäki we töweregindäki raýat howa menzillerinde howa hereketi wagtlaýyn togtadyldy, ýöne uçuşlaryň bir sagadyň içinde kadaly ýola goýlandygy habar berilýär.
Degişli maglumat "Men Bahmutdan täjikleriň jesetlerini iberdim". Merkezi Aziýadan bolan zähmet migrantynyň gürrüňiKiýew 18 aý bäri dowam edýän uruşda Russiýa aldyran ukrain çäklerini yzyna gaýdyp almak üçin garşylyk hüjümlerini dowam etdirýän mahaly, Moskwa soňky aýlarda yzygiderli dron zarbalary bilen nyşana alynýar.
Maý aýynda Kremliň üstünde bir pilotsyz uçar ýok edildi we Moskwanyň raýat sebitlerine aýrybaşga hadysalarda zarba uruldy. Moskwanyň bir işewürlik etraby şu aýyň başlarynda iki gezek nyşana alyndy.
Söweş meýdany barada aýdylanda, Russiýanyň harby resmileri 17-nji awgustda gündogar Donetsk sebitinde amala aşyrylan hüjümlerde üstünlik gazanylandygyny öňe sürdi we iki rus söweş gämisiniň Gara deňizde ukrain deňiz dronlaryny yza serpikdirendigini aýtdy.
Ukrain güýçleri, bu aralykda, Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitniň gyrak-bujagyndaky Urožaýne obasyny azat edendiklerini yglan etdiler. Ukrain ýaragly güýçleriniň Baş ştaby özüniň 17-nji awgustda beren agşamky hasabatynda rus güýçleriniň bu obany yzyna almak üçin üstünliksiz synanyşyk edendigini aýtdy. Ukraina Urožaýne obasyny elde saklap bilse, bu Kiýewiň 27-nji iýuldan bäri yzyna alan ilkinji oturymly ýeri bolar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ýerli wagt bilen gije 11-den biraz öň Gara deňizde, Sewastopolyň 240 kilometr töweregi günorta-günbatarynda bir ukrain deňiz drony tarapyndan hüjüm edilendigini, ýöne onuň puja çykarylandygyny aýtdy. Hüjümiň Gara deňziň günorta-günbatar böleginde gämi hereketlerine gözegçilik etmäge borçlandyrylan Gara deňiz flotynyň iki söweş gämisine zarba urmaga gönükdirilendigi habar berilýär. Adamsyz suwüsti dron iki gämiden açylan ot bilen ýok edildi diýip, ministrligiň aýdandygy habar berildi.
Ukrainanyň Günbatar goldawçylary ukrain güýçleri rus güýçleri tarapyndan basylyp alnan çäkleri üstünlikli yzyna alarlar diýen umyt bilen dokuz sany täze brigada tälim berdi we üpjün etdi, ýöne Ukrainanyň garşylyk hüjümleriniň başlamagyndan iki aý geçendigine garamazdan, Kiýew güýçleri günorta Zaporižýa sebitinde we gündogar Donetsk sebitinde gazaply rus goranyşyny böwüsmekde kösenýär.
Degişli maglumat Ukraina garşylykly hüjümiň ilerleýändigini, bir obany azat edendigini aýdýarWashington Post 17-nji awgustda ABŞ aňtaw gulluklary tarapyndan berlen baha berişde garşylyk hüjümleriň günorta-gündogar Melitopol şäherine ýetip bilmejekdigi, munuň bolsa, Ukrainanyň Russiýa tarapyndan 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym ýarymadasy bilen Russiýanyň arasyndaky guryýer köprüsini kesmek maksadyna ýetmeginiň öňüni baglajakdygy hakynda gelnen netije barada habar berdi.
Russiýa Ukrainanyň bäşden birine, şol sanda Kryma, Lugansk sebitiniň aglaba bölegine hem-de Donetsk, Zaporižýa we Herson sebitleriniň uly böleklerine gözegçilik edýär.
Hepdäniň başlarynda NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň ştab başlygy Stian Ýenssen urşy soňlandyrmak ylalaşygynyň çäklerinde Ukrainanyň Russiýa territoriýa bermeli bolup biljekdigini aýtdy. Ol munuň yz ýany aýdan bu teswirlerini yzyna aldy.
“Gepleşiklere şert bolan halatynda karar kabul edip biljekler we gepleşik stolunda nämäniň kabul ederlikli çözgütdigine karar berip biljekler ukrainalylardyr we diňe ukrainalylardyr” diýip, Stoltenberg 17-nji awgustda Norwegiýada geçirilen konferensiýada aýtdy.
Şeýle-de, Stoltenberg Kremliň birnäçe aý bäri gaýtalaýan ýadro haýbatlaryna garamazdan, Russiýanyň ýadro güýçleriniň pozisiýalarynyň üýtgemändigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.