Russiýa Zaporižýany topa tutýar, Kiýew Bahmutda üstünlik gazanýandygyny aýdýar

Krywiý Rih. 8-nji sentýabr. Rus top okunyň netijesi.

Rus güýçleri 8-nji sentýabrda irden Ukrainanyň Zaporižýa we Sumy sebitlerine raketa hüjümlerini amala aşyrdy we azyndan bir adamy ýaralady diýip, ýerli häkimiýetler aýtdy. Bu aralykda, Kiýew Bahmutyň golaýynda “bölekleýin üstünlik” gazanýandygyny aýtdy.

“Duşman ir bilen [Zaporižýa] sebitiniň paýtagtyndaky raýat infrastrukturasyny nyşana alyp, birnäçe raketa bilen ot açdy. Ähli gyssagly kömek gulluklary häzir wakanyň bolan ýerinde” diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Ýuriý Malaşko Telegramda ýazdy.

Malaşko Zaporižýa şäherine edilen hüjümde azyndan bir ýerli ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Sebit harby administrasiýasyna görä, top okunyň bir hususy jaýy ýykan ýeri bolan Sumydan ýitgiler barada bada-bat habar bolmady.

8-nji sentýabrda irden Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby öz güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky we günortasyndaky, şol sanda Donetskiň Liman, Bahmut we Şahtarsk sebitlerindäki birnäçe şäherçelere we obalara edilen rus hüjümlerini yza serpikdirendigini habar berdi.

Degişli maglumat Rus dronlary Ukrainanyň port desgalaryna zyýan ýetirdi, Moskwa we ýene iki sebite dron hüjüminiň edilendigi aýdylýar

Harbylar Bahmutyň günortasynda, goşunlaryň “duşmany gysyp çykaran we öz pozisiýalaryny güýçlendiren” ýerinde ukrain güýçleri tarapyndan “bölekleýin üstünligiň” gazanylandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Baş ştab ukrain goşunlarynyň günorta tarapa, Azow deňzine tarap öňe gidişliginde kem-kemden öňe süýşýändiklerini aýtdy.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Bahmutyň günortasynda ukrainlaryň dokuz sany öňe gidişlik synanyşygyny yza serpikdirendigini öňe sürdi.

Söweş meýdany baradaky habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar. Bu habarlar ukrain güýçleriniň birnäçe aýa çeken agyr söweşlerden soň maý aýynda rus güýçleri tarapyndan ele geçirilen we harabaçylyga öwrülen Bahmuty yzyna almaga üns gönükdirýän wagtyna gabat gelýär.

Iýun aýynda garşylyklaýyn hüjüme geçen Ukraina günbatar mediasynda tankytçylaryň kampaniýanyň haýal depgini we şübheli taktikalar diýip häsiýetlendirýän zatlaryny ret edýär.

Prezident Wolodymyr Zelenski 7-nji sentýabrdaky gijeki wideo ýüzlenmesinde “basybalyjylary weýran etmekde görkezýän örän örän täsirli netijeleri” üçin ukrain esgerlerine minnetdarlyk bildirdi.

“We hut şu netijeler häzir Ukrainanyň her kimden mätäç bolan zadydyr” diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 6-njy sentýabrda Kiýewe eden saparynda ukrain goşunlarynyň frontdaky “örän örän ruhlandyryjy öňe gidişligini” gutlady.

Bu aralykda, rus häkimiýetleri Ukrainanyň basylyp alnan bökelerinde, Moskwanyň bir ýyl ozal bikanun anneksiýa eden we heniz hem doly gözegçilik etmeýän territoriýalarynda häkimiýeti berkitmek tagallalarynyň çäklerinde şu hepdäniň ahyrynda ýerli saýlawlary geçirýär.

Degişli maglumat ABŞ-nyň baş diplomaty Russiýanyň uran howa zarbalarynyň yz ýany Kiýewe sapara geldi

Donest, Luhansk, Herson we Zäporižýa sebitlerinde ruslar tarapyndan bellenen kanun çykaryjylaryň saýlawlary 8-nji sentýabrda başlaýar we 10-njy sentýabrda tamamlanýar.

Bu ses berişlik Kiýew we Günbatar tarapyndan bireýýäm ýazgaryldy. “Bu, Russiýanyň äsgermezligi dowam etdirýän halkara hukugynyň gödek bozulmagy bolýar” diýip, Ýewropa Geňeşi, yklymyň iň öňdebaryjy adam hukuklary guramasy şu hepde aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken häzirki wagtda Ukrainanyň basylyp alnan sebitlerinde geçirilýän saýlawlaryň “galplyk” bolandygyny aýtdy.

“Bu saýlawlar Kremliň “galp referendum” sahnalaşdyryp, “Ukrainanyň Herson, Zaporižýa, Donetsk we Luhansk oblastlaryny, hamala, anneksiýa etmeginden bir ýyl töweregi wagt soň hem-de Ukrainanyň Krym awtonom respublikasyny we Sewastopoly, hamala, anneksiýa etmeginden dokuz ýyl soň” bolup geçýär diýip, Blinken 7-nji sentýabrda beren habarnamasynda aýtdy.

Ol Kremliň “öňünden kesgitlenen we galp netijeler” bilen Russiýanyň Ukrainada basyp alan ýerlerindäki arzyny güýçlendirmegi umyt edýändigini aýtdy. “Ýöne bu propaganda türgenleşiginden başga zat däl” diýip, Blinken belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.