Kiýew Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarym adasynda ýerleşýän bir rus harby serkerdeligine hem-de harby bölümine aýrybaşga zarbalary urandygyny aýdandan bir gün soňra, Krymyň Sewastopol şäherinde howa hüjüm sirenalary ýaňlandy. Ukraina bu sebitde öz kampaniýalaryny dowam etdirýäne meňzeýär.
“Hemmeler, üns beriň! Howa hüjüm duýduryşy!” diýip, Russiýanyň dikme häkimi Mihail Rawožaýew Telegramda aýtdy.
Haýsydyr bir howa zarbasy barada bada-bat habar berilmedi.
Russiýanyň Belgorod şäheri öten agşam ukrain oklarynyň ýene bir tapgyry bilen nyşana alyndy diýip, resmiler aýtdy. Şondan birnäçe sagat öň, sebitdäki ähli mekdeplere hüjüm töwekgelçiligi zerarly, dynç alyş günlerini uzaltmak tabşyryk berildi.
Ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda 59 sany ýakyn aralyk söweşlerine gatnaşdy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 5-nji ýanwarda beren gündelik hasabatynda aýtdy we öz goşunlarynyň Donetsk, Harkow we Zaporižýa sebitlerinde birnäçe rus hüjümlerini yza serpikdirendigini sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat Ukraina kömek meselesinde 'B planynyň ýokdugyny', Howa goranyşyndaky oklaryň azalýandygyny aýdýarKiýew Russiýanyň 2014-nji ýylda ele geçiren we bikanun anneksiýa eden Krym sebitini yzyna almaga çalyşýar. Ukrain güýçleri urşuň dowamynda bu sebite bir topar zyýan ýetiriji hüjümleri amala aşyrdy, şol sanda söweş gämilerine, Russiýanyň Gara deňiz flotynyň baş binasyna hem-de günorta Russiýa bilen ýaram adany birleşdirýän köprä hüjüm etdi.
Kryma edilýän hüjümler Russiýanyň Ukraina garşy raketa we dron zarbalaryny güýçlendirmeginden soňra bolup geçýär.
Russiýanyň dron hüjümleri bilen üsti ýetirilen gipersoniki we beýleki raketa hüjümleri 29-njy dekabrda we 2-nji ýanwarda Ukrainany gaplap aldy. Hüjümler 40-dan gowrak adamy öldüridi, onlarça adama şikes ýetirdi. Ukraina 30-njy dekabrda Russiýanyň günorta sebitine hüjüm edip, gaýtawul berdi. Belgorod sebitiniň häkimiýetleri 25 adamyň öldürilendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi 4-nji ýanwarda ýaňy-ýakynda aýan edilen gizlin aňtaw maglumatlarynyň Demirgazyk Koreýanyň Russiýany ballistik raketa atyjylary we birnäçe ballistik raketalary bilen üpjün edendigini görkezdi diýip, žurnalistlere aýtdy.
Rus güýçleri 30-njy dekabrda şol raketalaryň azyndan bir sanysyny Ukraina ot açdy we ol Zaporižýa sebitindäki bir açyk meýdana baryp düşdi diýip, Kirbi aýtdy. Şeýle-de, Russiýa 2-nji ýanwardaky gijeki hüjümleriniň çäginde birnäçe Demirgazyk Koreýa ballistik raketalaryny atdy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kirbi, şeýle-de, Russiýanyň Eýranyň ýakyn aralyk ballistik raketalaryny hem almaga çalyşýandygyny aýtdy. Bu ylalaşyk heniz tamamlanmady, ýöne Birleşen Ştatlary gepleşikleriň “işjeň ilerlemegi” babatynda howatyr edýär.
Degişli maglumat Polşa Russiýanyň Ukraina eden gerimli hüjümlerine jogap berilmegine çagyrýarRussiýanyň raketa we dron hüjümlerini ýygjamlaşdyrmagy bilen, Ukraina özüniň howa hüjümlerinden goranyş ýaraglary bilen üpjün edilmeginiň dowam etdirilmegi babatynda Günbatar ýaranlaryna haýyş bilen ýüzlenýär.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba 3-nji ýanwarda Ukrainanyň özüne zerur bolan halkara ýardamlary kabul etmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
“Ukraina hemişe özüne berlen serişdeler bilen söweşer” diýip, Kuleba CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. “Ukraina berlen zatlar haýyr-sahawat üçin berlen zat däl. Bu NATO-ny goramak we amerikan halkynyň abadançylygyny goramak üçin ýatyrylan sermaýa bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu sözler Ukrainanyň bilelikdäki güýçleriniň serkerdesiniň duýduryşyna gabat geldi. Serhiý Naýew soňky agyr rus bombalamalaryndan soňra, öz ýurdunyň basym, häzirki bar bolan howa goranyş ok-därileri bilen, şeýle hüjümlere garşy durmagynyň kyn boljakdygyny aýtdy.
ABŞ prezidenti Jo Baýden $61 milliard dollar möçberinde Ukraina ýardamyny hem öz içine alýan milli howpsuzlyk harajatlary kanun taslamasyny teklip etdi, ýöne bu taslama Baýdeniň we onuň Kongresdäki demokrat egindeşleriniň ABŞ-nyň serhet howpsuzlygy meselesini çözmeklerini talap edýän respublikan kanun çykaryjylary tarapyndan petiklenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.