1-nji sentýabrda Russiýanyň Ukraina eden raketa zarbasynda bir adam ölüp, üç adam ýaralandy. Bu waka, Ukrainanyň goşuny ýurduň gündogarynda we günortasynda garşylyk hüjümleriniň dowam edýändigini aýdýarka, Russiýanyň ýurduň paýtagtynyň we ýadro desgasynyň golaýynda has köp pilotsyz uçaryň hüjümleriniň amala aşyrylandygyny habar berýän mahalyna gabat geldi.
Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherine amala aşyrylan rus hüjüminde bir adam öldi diýip, sebitiň harby administrasiýasy aýtdy.
1-nji sentýabrda irden Winnytsiýa şäherinde uzak aralyga niýetlenen kruiz raketasy hususy kärhanany uranda üç adam ýaralandy diýip, häkim Serhiý Borzow Telegram messenjerinde ýazdy.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeligi gijeki hüjümleriň çäginde atylan ikinji raketanyň urlup gaçyrylandygyny aýtdy. Ýerli häkim Telegramda paýlaşan maglumatynda raketanyň merkezi Kirowohrad sebitiniň üstünde urlup ýykylandygyny mälim etdi.
Mundan ozal, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň, onuň öňe sürmesine görä, şähere ýakynlaşýan pilotsyz uçary urup ýykandygyny aýtdy. Pilotsyz uçar Moskwanyň günorta-gündogaryndaky Lýubertsiniň golaýynda ýere gaçyryldy diýip, Sobýanin Telegramda paýlaşan maglumatynda belledi.
Russiýanyň döwlet tarapyndan dolandyrylýan TASS habar agentliginiň maglumatyna görä, Moskwanyň üç esasy howa menzili Şeremetýewoda, Domodedowoda we Wnukowoda uçuşlar gysga wagtlaýyn togtadyldy.
Degişli maglumat Moskwa barýan dron uruldy, Ukrainanyň günortasyndaky we gündogaryndaky agyr söweşler dowam edýärSoňky günlerde pilotsyz uçarlaryň töwekgelçiligi sebäpli Moskwanyň howa menzillerinde uçarlaryň uçuşlary we gonuşlary birnäçe gezek bökdedi.
Bu aralykda, başga bir ýerde, Kursk sebitindäki ýadro elektrik stansiýasynyň ýerleşýän Kurçatowda pilotsyz uçaryň hüjüminiň amala aşyrylandygy habar berildi diýip, sebitiň häkimi Roman Starowoit aýtdy.
Adatdan daşary gyssagly kömek gulluklary hüjümiň administratiw we ýaşaýyş binalaryna ýetiren zyýanyny öwrenýärler diýip, ol Telegramda paýlaşan maglumatynda belledi.
Starowoit Kursk ýadro elektrik stansiýasyna haýsydyr bir zyýanyň ýetip-ýetmändigi ýa-da nyşana alnan binalar barada jikme-jik maglumat bermedi.
Mundan ozal, günbatar Pskow sebitiniň ýerli häkimi Russiýanyň howa goranyşynyň şol ýerde “näbelli bir zady zyýansyzlandyrandygyny” aýtdy. Şonda häkim Mihail Wedernikow Telegramda ýangynyň asmana göterilýändigini görkezýän wideony paýlaşdy.
Şu hepdäniň başynda ukrain serhedinden takmynan 700 kilometr demirgazykda ýerleşýän Pskow sebitinde pilotsyz uçarlaryň uly hüjümi amala aşyryldy. Ýerli habarlara görä, 30-njy awgustda pilotsyz uçarlar bu ýerdäki howa menziline hüjüm edip, Il-76 harby uçarlarynyň dört sanysyna zeper ýetirdi. Bu, şol güni Russiýanyň alty sebitini nyşana alýan gabawyň bir bölegidi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 31-nji awgustda Pskowyň howa menziline edilen hüjüme salgylanýan ýaly bolup, Ukrainanyň 700 kilometr uzaklykdaky nyşana hüjüm edýän ýaragy döredendigini aýtdy.
Zelenskiý Telegram kanalynda bu ýaragyň Ukrainanyň Strategiki senagat ministrligi tarapyndan öndürilendigini aýtdy, ýöne jikme-jik maglumat bermedi.
Bu aralykda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby soňky 24 sagadyň dowamynda uruş liniýalarynda 25-den gowrak söweş çaknyşygynyň bolandygyny aýtdy.
Ukrainanyň harbylary 1-nji sentýabrda ýaýradan gündelik maglumatynda öz güýçleriniň “Melitopol ugrunda hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýändigini” mälim etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.