Fransiýa Ukraina 78 sany howitzer top atyş ýaraglaryny berjekdigini aýdýar

Ukrain esgerleri L119 top atyş ýaraglarynyň ulanyp, gündogar Donetsk sebitiniň Maryinka şäherçesiniň golaýyndaky rus pozisiýalaryna tarap ot açýar.

Fransiýanyň goranmak ministri Sebastian Lekognu (Sebastien Lecornu) Russiýanyň dowam etdirýän giň gerimli çozuşyna garşy Kiýewiň artilleriýa kuwwatyny güýçlendirmek tagallalarynyň çäklerinde, Fransiýanyň öňümizdäki ýylyň başlaryna çenli, Ukraina 78 sany “Sezar” kysymly, ýük ulagyna berkidilýän howitzer (gaubisa) top atyş ýaraglaryny öndürip iberjekdigini aýtdy.

“Artilleriýa koalisiýasy” atlandyrylýan başlangyjyň 18-nji ýanwarda öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda, Lekognu “La Parisien” gazetine beren interwýusynda, 40 kilometr aradaşlykdaky nyşanalara zarba urmaga ukyply bolan öňdebaryjy fransuz artilleriýa ýaragynyň, “Sezar” kysymly top atyş ýaraglarynyň alty sanysynyň öňümizdäki hepdelerde Ukraina gowşuryljakdygyny aýtdy.

Ukraina “Sezar” ýaraglarynyň ilkinji tapgyryny 2022-nji ýylyň maýynda kabul edip aldy we şondan bäri frontda olardan peýdalanýar.

Degişli maglumat Ukraina tutuş ýurtda howa hüjüm duýduryşlaryny yglan etdi, Russiýa Odesa zarba urýar

ABŞ-Fransiýa ýolbaşçylygyndaky “Artilleriýa koalisiýasy” başlangyjy 23 ýurtdan ybarat bolup, ol Parižde geçiriljek dabara bilen öz işine başlar. Bu başlangyç Ukrainanyň 50-den gowrak ýaranyny öz içine alýan Ramşteýn Aragatnaşyk toparynyň bir bölegidir.

Dabarada Ukraina goranmak ministri Rustem Umerow tarapyndan wekilçilik edilmelidi, ýöne onuň Pariže amala aşyrjak sapary aýdyňlaşdyrylmaýan “howpsuzlyk” ýagdaýlary sebäpli, iň soňky pursatda goýbolsun edildi diýip, fransuz hökümeti aýtdy

“Artilleriýa koalisiýasynyň” öz işine başlamagyndan bir gün ozal, fransuz prezidenti Emmanuel Makron Parižiň Ukraina 40 sany uzak aralyk “SCALP” ganatly raketalaryny, şeýle-de “birnäçe ýüz” bombany iberjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Makron öňümizdäki aý özüniň Kiýewe sapar etjekdigini mälim etdi. Ol ukrain paýtagtynda prezident Wolodymyr Zelenski bilen duşuşyp, howpsuzlyk kepillikleri boýunça Kiýew bilen Londonyň arasyndaky ylalaşyga meňzeş ikitaraplaýyn şertnama gol çeker.

Fransiýanyň Goranmak ministrligi artilleriýa koalisiýasynyň “Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjümleriniň talaplaryny, hem-de gysga we uzak möhletde geljekki ukrain goşunynyň talaplaryny ödäp biljek artilleriýa güýjüne eýe bolmagyna ýardam bermek üçin, tagallalary birleşdirmegi maksat edinýändigini” aýtdy.

Şeýle-de, bu başlangyç Ukrainanyň Sowet artilleriýa enjamlaryndan Günbatar artilleriýa enjamlaryna geçirilmeginde hem nobatdaky möhüm ädim bolar diýlip hasaplanýar.

Ýöne bu geçiş Günbatar tehnikalaryna zerur bolan ok-därileriň ýetmezçiligi boýunça möhüm päsgelçilige duçar bolýar. Snarýad ýetmezçiliginiň hötdesinden gelmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi bahar aýlaryna çenli Ukraina 1 million sany snarýad eltip bermegi wada berdi, ýöne häzire çenli diňe 300 müň töweregi snarýad eltilip berildi.

Bu aralykda, rus top oklary 18-nji ýanwarda Kupýanskda bir adamy öldürdi, iki adam ýaralandy diýip, Harkow sebitiniň häkimi Oleh Synýehubow Telegramda aýtdy.

Biraz öň, Russiýa ir sagatlarda Eýranda öndürilen 33 sany dron we iki S-300 raketalary bilen ukrain nyşanalaryna zarba urdy diýip, harbylar aýtdy we özleriniň 22 sany drony urup ýykandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Degişli maglumat Zelenski Dawosda NATO-nyň başlygy Stoltenberg bilen Ukrainanyň goranmak zerurlyklaryny maslahat etdi

Bulardan başga-da, Ukrainanyň günorta serkerdeligi Herson we Mykolaýiw sebitlerine edilen dron hüjümlerinde bir adamyň şikeslenendigini we maddy zyýanyň hasabat berlendigini mälim etdi. Iki sebitde jemi dokuz sany dron urlup ýykyldy diýip, harbylar Telegramda aýtdy.

Bu aralykda, Ukraina howa gözegçiligini yzyna gaýdyp almaga çalyşýar.

Şu ýyl Ukraina öz asmanynyň gözegçiligini yzyna gaýtaryp almagy ileri tutar diýip, ýurduň daşary işler ministri aýtdy. Russiýa öz goňşusynyň üstüne howa hüjümlerini amala aşyrmagy dowam etdirýär.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumynda 17-nji ýanwarda çykyş edip, Kiýewiň “Russiýany asmandan kowup çykarmagyna” ýardam bermek üçin, Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryny Ukrainany ösen ýaraglar bilen, şol sanda uzak aralyk raketalary we F-16 söweş uçarlary bilen üpjün etmäge çagyrdy.

Ukraina ýylyň başyndan bäri adaty bolmadyk gerimde rus howa zarbalaryna sezewar edildi. Bu zarbalar ok-däri we tehnika ätiýaçlyklary azalyp barýan Ukrainanyň howa goranyşyny agyr basyş astynda goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.