Ukraina Bahmuta berk ýapyşýar, ABŞ Kiýewe degişli harby ýardamlar babatda syzdyrylan maglumatlary derňeýär

Ukrainanyň ýörite güýçleriniň bir agzasy Bahmut sebitindäki missiýanyň öň ýany, ýaragyny barlaýar. 6-njy aprel.

Ukraina we Russiýa gündogar Bahmut şäherinde darkaşy dowam etdirýär. Ukrain goşuny soňky 24 sagadyň dowamynda frontuň ugrunda “40-dan gowrak” rus hüjüminiň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ABŞ hökümeti ABŞ-nyň we NATO-nyň öňümizdäki hepdelerde bolmagy ahmal ukrain hüjümlerine berjek harby ýardam meýilnamalaryny öz içine alýan maglumatlaryň syzdyrylmagyny derňeýär.

Ukrainanyň Baş ştaby 7-nji aprelde irden beren gündelik hasabatynda Liman, Bahmut, Awdiýewka we Marinka sebitlerinde söweşleriň habar berlendigini aýtdy we çaknyşyklary “gazaply”häsiýetlendirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu maglumaty garaşsyz tassykladyp bilmeýär.

Marinkada howadan düşürilip Kiýew Post tarapyndan Twitterde paýlaşylan suratlarda Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda çozuşa başlamazdan ozal, bir döwür 10 müň töweregi ilaty bolan şäherde ymgyr weýrançylygy görmek bolýar.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň metbugat sekretary Sabrina Singh 6-njy aprelde agşam, Ukraina gowşurylýan ýaraglaryň, şol sanda batalýon güýçleriniň we beýleki gizlin maglumatlaryň jikme-jikliklerini öz içine alýan materiallaryň syzdyrylmagyny we olaryň sosial mediada peýda bolmagyny Waşingtonyň derňeýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Zelenski Polşanyň 'Uçarlar koalisiýanyň' öňüni çekmelidigini ýaňzydýar, Bahmut ukrainleriň elinde diýýär

“Biz sosial media postlary baradaky habarlardan habarly, departament bu meselä garaýar” diýip, Sing aýtdy.

Azyndan bäş hepde bolan we azyndan birinde “ýokary derejede gizlin” belgisi goýlan materiallar Russiýa tarapdar bolan Twitter we Telegram hasaplarynda paýlaşylýardy.

Harby analitikler käbir dokumentleriň ukrain ýitgilerini artdyryp görkezmek we rus ýitgilerini peseldip görkezmek maksady bilen we başga-da birnäçe maksatlar bilen üýtgedilene çalym edýändiklerini aýdýarlar.

Dokumentler Ukrainanyň HIMARS raketa ulgamlarynda we beýleki ösen ýaraglarda ok-därileri ulanmagy baradaky maglumatlary öz içine alýar.

The New York Times syzmalary “Moskwa üçin uly agdarylyşyk” atlandyrdy we olaryň “Ukraina bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda maglumatlaryň alyşylmagyna zyýan ýetirip biljekdigini” aýtdy.

Financial Times neşiriniň 6-njy aprelde beren habaryna görä, NATO-nyň iýul aýynda Wilniýusda geçirjek sammitinde Kiýewe NATO agzalygynyň “ýol kartasynyň” hödürlenilmegi babatynda Polşa we üç Baltika ýurdunyň alyp barýan tagallalaryna Birleşen Ştatlar, Germaniýa we Wengriýa garşy çykýar. NATO-nyň daşary işler ministrleri bu sammiti meýilleşdirmek üçin üstümizdäki hepdede Brýusselde duşuşdy.

NATO 2008-nji ýylda Ukrainanyň haçan hem bolsa bir wagt ýaranlyga agza bolup biljekdigini aýtdy, ýöne şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda hereket etmedi. Şol döwürlerde Birleşen Ştatlar Ukraina Agzalyk boýunça hereket meýilnamasynyň berilmelidigini duýdurýardy, Fransiýa we Germaniýa bolsa bu meýilnama garşy çykýardy.

Degişli maglumat Finlandiýa NATO-a goşuldy, Russiýa garşylykly çäre görmek haýbatyny atýar

Bu aralykda, Litwanyň parlamenti 6-njy aprelde NATO-nyň iýulda geçiriljek sammitinde Ukrainanyň ýaranlyga goşulmaga çagyrylmagyny teklip edýän çözgüdi biragyzdan tassyklady.

Ses berişlige parlamentdäki 141 deputatyň 129-sy gatnaşdy we olaryň ählisi çözgüdi oňlady.

“Biz Ukrainanyň biziň howpsuzlygymyza goşant goşjakdygyna we NATO-ny güýçlendirjekdigine ynanýarys” diýip, daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Zygimantas Pawilionis aýtdy.

11-nji iýulda başlajak iki günlük NATO sammitine Litwa beýemçilik eder.

Ukraina goranmak ýaranlygyna çaltlandyrylan görnüşde kabul edilmek babatda sentýabr aýynda ýüz tutupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.