Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Polşanyň 'Uçarlar koalisiýanyň' öňüni çekmelidigini ýaňzydýar, Bahmut ukrainleriň elinde diýýär


Prezident Wolodymyr Zelenski 5-nji aprelde Warşawada çykyp gürledi.
Prezident Wolodymyr Zelenski 5-nji aprelde Warşawada çykyp gürledi.

Ukrainanyň prezidenti Kiýewi häzirki zaman uruş uçarlary bilen üpjün etmek üçin Günbatar güýçleriniň koalisiýasynyň döredilmegi baradaky meseläni gozgady we ukrain güýçleriniň gündogardaky Bahmut şäherine gözegçilik ugrundaky söweşlerini dowam etdirýän wagtynda, esgerleriň janyny halas etmek zerurlygy dörän halatynda yza çekilmegiň mümkindigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski 5-nji aprelde, Warşawa eden saparynda çykyş edip, Günbatar ýurtlaryny Ukrainany söweş tanklary bilen üpjün etmäge ynandyrmak meselesinde Polşanyň oýnan roluny nygtady we şuňa meňzeş ýagdaýda "uçarlar koalisiýasynyň" hem döredilip bilinjekdigini öňe sürdi.

Zelenski bu sözleri öz polýak kärdeşi Andrzej Dudanyň Ukraina sowet döwrüniň täzeden enjamlaşdyrylan MiG-29 söweş uçarlaryny has köp bermek baradaky wadasynyň yz ýanyndan aýtdy. Şeýle-de, Duda Warşawanyň Ukrainanyň rus goşunlarynyň hüjümlerini yzyna serpikdirmegine kömek etmek üçin has köp goranyş enjamyny we harby goldaw bermek ylalaşygyna gelendigini aýtdy.

Ukraina eltilen ýa-da ýetip barýan sekiz sany Mig-29 uçarynyň üstesine, Duda Polşanyň ýene alty uçar bermäge taýýardygyny, Kiýewe beriljek söweş uçarlarynyň sanynyň jemi 14 uçara ýetendigini aýtdy. “Olar gaty ýakyn wagtda eltiler öýdäýris” diýip, Polşanyň prezidenti aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Dudanyň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Marsin Pžidaç Polşanyň ABŞ-da öndürilen F-16 söweş uçarlarynyň haýsydyr birini Ukraina ibermek ýa-da ibermezlik baradaky karara bu ýakynda gelmejekdigini aýtdy. Bu ýerde heniz Waşington ýa-da Kiýewe özüni goramak üçin harby kömek beren beýleki Günbatar döwletleri bilen Ukraina F-16 uçarlaryny ibermek barada gelnen ylalaşyk ýok.

Zelenski Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawiecki bilen geçirilen gepleşiklerden soň guralan metbugat ýygnagynda polýaklaryň "Rosomak” sowutly ulaglary, öz-özüni hereketlendirýän “Rak” minomýotlary, howa goranyş ulgamlary, hususan-da örän netijeli we söweş meýdanynda gaty zerur bolan “Perunlar”, MiG-ler we beýleki ýaraglar bilen üpjün etjek şertnamalara gol çekendigini aýtdy.

Zelenski Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän Bahmut şäheri üstünde barýan gazaply söweşler baradaky gürrüňe dolanyp, ruslaryň bu şäheri ele geçirendiklerini aýtmaklaryna garamazdan, ukrain güýçleriniň şäheri gorap saklamagy dowam etdirýändiklerini aýtdy.

"Biz Bahmutyň içinde we duşman oňa gözegçilik etmeýär" diýip, ol aýtdy. Ýöne ol, ukrain goşunlarynyň janyny halas etmek zerurlygy dörän ýagdaýynda, ukrain güýçleriniň bu şäherden yza çekilmeginiň hem mümkindigini aýtdy.

"Meniň üçin iň esasy zat esgerlerimizi ýitirmezlik we, elbetde, ol ýerde has gyzgalaňly wakalar bolsa we daş-töweregimizň gabalmagy netijesinde harby gullukçylarymyzy ýitirmek howpy abansa, elbetde, ol ýerdäki generallar tarapyndan degişli we dogry kararlar kabul ediler” diýip, Zelenski aýtdy.

Uruşlary öwreniş instituty (ISW) Zelenskiniň aýdan sözlerini analizlemek bilen, Kiýew güýçleriniň garaşylýan ýazky hüjüminiň Ukrainanyň Bahmuty goramagynyň "ukrain ýitgilerine degip-degmeýändigini" aýan etjekdigini, ukrain goşunynyň ukrain güýçleriniň entek daşynyň gabalmandygy we zerur bolan ýagdaýynda yza çekilmek mümkinçiliginiň bardygy barada "açyk signal bermegini dowam etdirýändigini” aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 6-njy aprelde irden beren gündelik hasabatynda rus güýçleriniň henizem Bahmut şäherini doly ele geçirmäge synanyşýandyklaryny we oňa zabt etmegi dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Uruşdaky strategiki ähmiýetiniň sorag astynda bolmagyna garamazdan, bu şäheriň üstünde barýan we birnäçe aýa çeken söweşde iki tarap hem agyr ýitgi çekýär.

Ukrainanyň harby serkerdeliginiň maglumatyna görä, Donetskiň eteginde ukrain güýçleriniň gözegçiliginde saklanylýan iki şäher, Bahmut bilen Awdiýwka, şeýle-de Mariýnka bu ýerde barýan gazaply söweşleriň merkezi bolmagynda galýar.

Donetsk sebitiniň häkimiýetleri ýaşaýjylaryň has howpsuz sebitlere ewakuasiýa edilmegine çagyrýarlar we ol ýerden çagalaryň ewakuasiýa edilendigi baradaky habarlar gelip gowuşýar.

Forum

XS
SM
MD
LG