Zelenskiý Moskwany 'parahat ýaşaýjylary terrorizirlemekde' aýyplaýarka, ukrain güýçleri Bahmutda ruslara garşy söweşýär

8-nji martda Ukrainanyň tanky Bakmut şäheriniň golaýynda rus pozisiýalaryna tarap ot açýar.

Ukrain goragçylary Bahmutda rus hüjümleriniň täze tolkunyna garşy göreşdiler. Bu ýerde gündogar Donetsk şäheriniň gözegçiligine eýe bolmak ugrunda birnäçe aý bäri dowam edýän söweş iki tarapda-da uly möçberde adam pidalaryna sebäp bolýar.

Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriň Baş ştabynyň 10-njy martda çap eden gündelik býulleteninde aýdylmagyna görä, rus güýçleri Bahmuty gabawa almaga synanyşyp, şäheriň içine we onuň töweregine 102 hüjümi amala aşyrdylar.

Donetsk sebitiniň beýleki ýerlerinde, esasanam Lyman, Awdiýiwka we Şahtarsk şäherlerinde gazaply söweşler dowam etdi diýlip, ukrain harbylary aýtdy.

Goňşy Luhansk sebitindäki Rubižniýde ukrain goşuny rus güýçleriniň parahat ilaty adam galkany hökmünde ulanýandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Russiýa ukrain şäherlerine has kän ganly zarba urdy, Zaporizýa ýadro desgasy tokdan kesildi

"Duşman parahat ilatyň arkasynda gizlenip, öz harbylaryny [köp gatly] ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirýär. Basyp alyjy güýçleriň harby gullukçylary birinji we ikinji gatda ýerleşdirilýär, parahat ilat bolsa ýokarda ýaşamaly edilýär" diýip, Baş ştabyň maglumatynda bellenilýär.

Soňky çaknyşyklar, Russiýanyň Ukrainanyň çägine eden ençeme hüjüminde azyndan dokuz parahat ýaşaýjynyň ölmeginiň we elektrik infrastrukturasyna zeper ýetmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu waka Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň Russiýany parahat ilata garşy terrorçylyk etmekde aýyplamagyna sebäp boldy.

Russiýa Ukrainanyň parahat ilatynyň ýaşaýan nyşanalaryna edilýän hüjüm tolkunynyň, geçen hepde Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Brýansk sebitinde, Moskwanyň ukrain tarapyndan gurnalan "terrorçylykly hüjüm" diýýänine jogap hökmünde "köpçülikleýin ar alyş" bolandygyny aýtdy.

2-nji martda Moskwa ukrain diwersantlarynyň bir toparynyň Russiýanyň günbataryna geçip, obalarda parahat ilata garşy ot açandygyny öňe sürdi. Ýöne günorta-günbatar Brýansk şäheriniň golaýynda bolan 2-nji mart wakasy barada jikme-jiklikler doly aýdyňlaşdyrylmady.

Kiýew Russiýanyň öňe sürmesini ret edip, Moskwanyň Ukraina täze hüjümleri amala aşyrmak üçin "galp baýdak" astynda bahana gözläp biljekdigini aýtdy.

Russiýa 9-njy martda amala aşyran hüjümlerinde gipersonik "Kinžal" (Dagger) raketalaryny ulanandygyny tassyklady.

Degişli maglumat Ukraina Bahmuty saklaýandygyny aýdýar, ruslar şäheri alarys diýýär, ÝB Kiýewe ok-däri bermegiň maslahatyny edýär

"Basypalyjylar diňe parahat ilaty terrorizläp bilerler. Olaryň edip biljek ähli zady şu. Emma bu olara kömek etmez. Olar eden ähli işleri üçin jogapkärçilikden gaçyp bilmezler" diýip, Zelenskiý tutuş ýurtda elektrik togunyň kesilmegine hem sebäp bolan hüjümlerden soň aýtdy.

Russiýa, munuň tersini tassyklaýan köp subutnamalara garamazdan, parahat ilaty nyşana alýandygyny yzygiderli ret edýär.

Ýewropadaky iň uly ýadro desga, ýagny Ukrainanyň Zaporižžýa şäherindäki ýadro desgasy ýurduň elektrik torundan wagtlaýyn kesildi. Ukrainanyň “Ukrenerho” elektrik ulgamy operatory günortan wagty ýaýradan maglumatynda desgada elektrik energiýasynyň gaýtadan dikeldilendigini mälim etdi.

Ak tamyň metbugat sekretary Oliwia Dalton "Ukrainadaky raýat infrastrukturasyna edilen bu rehimsiz, esassyz hüjümleri görmek gaty gynandyryjy" diýdi we Birleşen Ştatlaryň Kiýewi howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.