Hakyna tutulan wagnerçileriň Donetsk sebitindäki şäheriň gündogar bölegini elde saklaýandyklaryny öňe sürmeklerine garamazdan, harbylaryň 8-nji martda aýtmaklaryna görä, ukrain güýçleri Bahmutdaky berkitmelerini elde saklamaklaryny dowam etdirdiler. Şu aralykda Ýewropa Bileleşigi Ukrainany zerur ok-däriler bilen üpjün etmek planyny taýýarlaýandygyny aýtdy.
Ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda duşmanyň 100-den gowrak hüjümini yzyna serpikdirdiler, Bahmut we onuň daş-töweregi Russiýanyň gündogardaky hüjümleriniň merkezi bolmagynda galýar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik söweş hasabatynda aýdylýar.
"[Ruslaryň] Donets sebitindäki Orihowo-Wasiliwka, Dubowo-Wasiliwka, Bahmut, Kamianka, Awdiýwka we Maryinka etraplarynda edýän şowsuz hüjüm hereketleri dowam edýär" diýip, harbylar aýtdylar.
Düýpli ýitgilerine garamazdan, rus goşunlary Bahmuta garşy hüjümlerini dowam etdirýär diýip, hasabatda bellenýär.
Prezident Wolodymyr Zelenski 6-njy martda ýurduň harby-syýasy ýolbaşçylarynyň Bahmuty goramagy dowam etdirmek kararyna gelendigini habar berdi.
Russiýanyň hakyna tutulan “Wagner” toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin 8-nji mart güni irden öz güýçleriniň, hüjüme ýolbaşçylyk edip, bu şäheriň gündogar bölegini ele geçirmegi başarandygyny aýdanynda-da, ukrain liderleri öz goşunlarynyň Bahmutda saklanmagy dowam etdirýändiklerini aýdyp aýak depdiler.
"Wagner bölümleri Bahmutyň gündogar bölegini, şäheri iki bölüp geçýän Bahmut derýasynyň gündogaryndaky ähli ýeri aldy" diýip, “Wagneriň” başlygy we Kreml ýarany Ýewgeniý Prigožiniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan ses habarynda aýdylýar.
Emma Prigožiniň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 6-njy martda eden wideo ýüzlenmesinde Kiýewiň Bahmuta has köp goşun ibermekçi bolýandygyny belläp, daşary ýurtlaryň käbiriniň Ukraina bu ýerdäki goşunlarynyň daşynyň gabalmagyndan öň yza çekilmegiň pikiri etmeli diýmegine garamazdan, öz harby serkerdeleriniň bu strategiýa bilen ylalaşýandygyny aýtdy.
Uruşdan öň 70,000 ilaty bolan şäher üstünde barýan söweşde iki tarapyň hem uly ýitgi çekendigi çak edilýär, ýöne häzir Bahmut, ýasaýjylarynyň köpüsiniň söweşden gaçyp çykmagy netijesinde, esasan çolaryp galdy.
Şu aralykda Kiýew, 7-nji martda Russiýa bilen bolan soňky ýesir alyş-çalşygynda, 130 sany ukrain esgerini, şol sanda dört aýaly azat edendigini aýtdy.
"Bu alyş-çalyş üçin uzak wagtlap tagalla eden tutuş topara buýsanýaryn" diýip, prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak sosial mediada aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ukrain ýaragly güýçleri tarapyndan ýesir alnan 90 esgeriniň boşadylandygyny aýtdy.
ÝB-niň goranmak ministrleri Stokgolmda ýygnanyp, 8-nji martda Ukraina 1 milliard ýewrolyk (1,05 milliard dollar) ok-däri ibermek planyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlanýar.
Kiýewiň gyssagly ok-däri zerurlyklaryny üpjün etmegiň we Ýewropanyň goranyş senagatynyň Ukrainany uzagyndan, arasy bölünmezden üpjün etmeginiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, ministrlere ukrain kärdeşleri Oleksi Reznikow hem goşular.
Ukraina häzirki wagtda 155 millimetrlik howitser toplarynyň, Bahmutdaky we beýleki gündogar pozisiýalaryndaky söweşde ulanylýan ok-därileriň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
BMG-niň Baş secretary, 7-nji martda Ukraina gelen Antonio Guterriş 8-nji martda Zelenski bilen duşuşar.
Guterriş we Zelenski "Gara deňiz däne başlangyjynyň ähli ugurlary boýunça dowam etdirilmegini we beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly" diýip, BMG-niň metbugat sekretarynyň orunbasary Farhan Hak 7-nji martda aýtdy.
Gara deňiz däne başlangyjy, Ukrainanyň dünýä bazarlaryna galla ibermegini üpjün etmek üçin baglaşylan şertnama geçen iýulda Birleşen Milletler Guramasy we Türkiýe araçylyk etdi we noýabr aýynda onuň möhleti uzaldyldy. Eger ýene uzaldylmasa, bu ylalaşygyň möhleti 18-nji martda tamam bolýar.
Bu sapar Guterreşiň geçen ýylyň aprel we awgust aýlarynda eden saparlaryndan soň, Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozaly bäri Kiýewe eden üçünji saparydyr.
Guterriş 7-nji martda Polşada boldy, ol ýerdäki ýolbaşçylar oňa Warşawanyň şu hepde Ukraina 10 sany “Leopard 2” tankyny iberjekdigini aýtdylar.
Forum