Prezident Wolodymyr Zelenskiý ýurduň gündogarynda we günortasynda dowam edýän güýçli söweşleriň arasynda, Moskwanyň giň gerimli çozuşynyň 24-nji fewralda ikinji ýylyna girmegi bilen, Russiýanyň "Ukrainada ýeňilmelidigini" aýtdy. Bu aralykda, Günbatar urşuň ýyldönüminde Kiýewi dowamly we tutanýerli goldaýandygyny ýene tassyklady.
"24-nji fewralda biziň millionlarçamyz bir zady saýladyk: ak baýdagy däl-de, gök we sary baýdagy saýlap aldyk" diýip, Zelenskiý ukrainlere ýüzlenip, sosial mediýada ýazan hatynda aýtdy.
"Gaçmak däl-de, garşylyk. Duşmana garşylyk. Garşylyk we göreş. Bu agyry, puşmanlyk, ynanç we jebislik ýylydy. Bu bolsa, biziň boýun egmezligimiziň ýyly" diýip, Zelenskiý 24-nji fewraldaky maglumatynda "Biz munuň ýeňiş ýylymyz boljakdygyny bilýäris" hem diýdi.
Russiýa, Moskwanyň güýçleri Kiýewi basyp almaga we Zelenskiýiň Günbatara tarapdar hökümetini agdarmaga synanyşan mahaly, prezident Wladimir Putiniň "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyran Ukraina garşy esassyz çozuşy birnäçe günüň içinde gutarar öýdüpdi.
Degişli maglumat Ukrainadaky urşuň ýyldönüminde Türkmenistanyň pozisiýasy üýtgemediEmma basybalyjy goşun berk ukrain garşylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy we agyr adam hem-de harby enjam ýitgileri sebäpli paýtagtdan çykmaga mejbur boldy.
Zelenskiý Litwanyň paýtagty Wilniusda geçirilen konferensiýada diňe Ukrainadaky ýeňlişiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Moskwanyň ozalky täsir meýdanyna tarap ýaýbaňlandyryjy syýasatynyň öňüni alyp biljekdigini aýtdy.
"Russiýa Ukrainada utulmalydyr" diýip, 24-nji fewralda Wilniusda geçirilen konferensiýa wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşan Zelenskiý aýtdy.
"Rus rewanşizmi Kiýewi we Wilniusy, Kişinewi we Warşawany, Latwiýadaky we Estoniýadaky doganlarymyzy, Gürjüstany we häzirki howp abanýan beýleki ýurtlary hemişelik ýatdan çykarmalydyr" diýip, ol belledi.
Zelenskiý Wilnius konferensiýasynda çykyş edeninde-de, öňki rus prezidenti Dmitriý Medwedew bu pursatdan peýdalanyp, NATO agzasy Polşanyň serhedini "yza itmek" bilen haýbat atdy.
"Ýörite harby operasiýanyň ähli maksatlaryna ýetmek gaty möhüm. Ýurdumyza howp salýan serhetleri, bular Polşanyň serhetleri bolsa-da, mümkin boldugyça yza itmek [möhüm]" diýip, häzirki wagtda Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Medwedew aýtdy.
NATO öz beýanatynda 30 agzaly bileleşigiň Russiýanyň agressiýasyna garşy göreşýän Ukrainany berk goldaýandygyny ýene tassyklady.
"Biz Ýaranlar hökmünde Ukrainanyň hökümeti we halky bilen raýdaşlygymyzy ýene tassyklaýarys" diýip, NATO aýtdy.
"Biz Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine bolan sarsmaz goldawymyzy ýene bir gezek tassyklaýarys" diýip, NATO sözüne goşdy.
Warşawadaky hökümet Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieskiniň 24-nji fewralda Kiýewe sapar edendigini mälim etdi.
Degişli maglumat Ukrain harbylary Gündogarda rus hüjümlerini saklaýandyklaryny aýdýarlarPolşa Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina çozup, bu ýurtda giň derejeli harby basybalyjylyga başlaly bäri Ukrainanyň iň berk goldawçylaryndan biridir.
Berlinde kansler Olaf Şolz Germaniýa Ukrainany "zerur boldugyndan uzak wagt we berk" goldar diýdi.
"Hemmämizi örän köp haýran galdyrýan zat, ukrainleriň tutanýerliligi we edermenligi, erkinligini nädip goraýandyklary" diýip, Şolz wideo ýüzlenmesinde "Germaniýa bu meselede olary zerur boldugyndan uzak wagt we berk goldaýar" hem diýdi.
Prezident Emmanuel Makron hem Fransiýanyň Ukraina goldawyny ýene tassyklady.
"Ukrainanyň halky, Fransiýa siziň tarapyňyzda. Raýdaşlyk üçin. Ýeňiş üçin. Parahatçylyk üçin" diýip, Makron Twitterde ýazan maglumatynda aýtdy.
Ýyldönüm Ukrainanyň gündogarynda giň gerimli söweşleriň dowam edýän mahalyna gabat gelýär. Moskwanyň güýçleri bu ýerde ukrain güýçleriniň gazaply garşylygyna garşy ummasyz harby we adam resurslaryny iberýär.
Rus goşunlary gündogar Donetsk sebiti üçin söweşiň merkezi bolan Bahmutda we onuň töwereginde, şeýle hem Kupýanskda, Lymanda, Awdiýiwkada we Şahtarskda täze hüjüm hereketlerini dowam etdirýärler.
Ýyldönümden bir gün öň, BMG-niň Baş Assambleýasy hemmetaraplaýyn, adalatly we dowamly parahatçylygy talap etmek üçin ses berdi we Russiýany söweşi bes etmäge hem-de harby güýçlerini Ukrainadan çykarmaga ýene bir gezek çagyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.