Ukrain goşunlary gündogar Donetsk we Luhansk sebitlerinde edilen onlarça rus hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, Kiýew 23-nji fewralda, Moskwanyň giň gerimli çoşuşynyň başlanmagynyň ýyl dönüminiň öň ýanynda aýtdy.
https://dzgcsjpbtyyoa.cloudfront.net/a/news-henshtab-viyna/32284174.html
Russiýa Donetskdäki Bahmut, Liman, Awdiýwka we Şahtarsk, demirgazyk-gündogar Harkow sebitindäki Kupýansk ugurlaryna tapgyrlaýyn artilleriýa zarbalaryny urdy diýip, baş ştabyň gündelik hasabatynda aýdylýar.
“Soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain goşuny rus güýçleriniň [Donetsk sebitinde], esasy hüjüm tagallalaryny bir ýere jemlän künjeginde, bäş ugur boýunça eden 90 çemesi hüjümini yzyna serpikdirdi” diýip, baş ştab aýtdy.
"Şol bir wagtda, duşman 10 sany raketa atdy, howadan 19 zarba urdy, tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan 37 raketa atdy. Ýene bir gezek parahat şäherler, obalar we asuda ilat ejir çekdi" diýip, hasabatda aýdylýar.
Rus goşunlarynyň Donetsk sebitinde iýul aýyndan bäri ele geçirmäge synanyşýan Bahmut şäheri, Moskwa goşunlarynyň geçen aý şäheri basyp almak üçin täze hüjüme başlamagy bilen, Donbas söweşiniň merkezi bolmagynda galýar.
Emma muňa garamazdan, harby analitikler Bahmutyň alynmagynyň Russiýa üçin diňe simwoliki manysynyň boljakdygyny, sebäbi bu şäheriň strategiki ähmiýetiniň çäklidigini aýdýarlar.
Angliýanyň Goranmak ministrligi 23-nji fewralda çap eden gündelik habarynda soňky iki günüň dowamynda Bahmutda we onuň töwereginde barýan aldym-berdimli söweşleriň dowam etdirilendigini, ruslaryň bu şäheri gabamak üçin eden alty hepdelik tagallalaryna garamazdan, ukrain güýçleriniň öz üpjünçilik liniýalaryny günbatara tarap açyk saklamagy başarandygyny aýtdy.
Britan aňtaw gullugy rus güýçleriniň Donetsk sebitiniň Wuhledar şäherini gaýtadan agyr top okuna tutup başlandygyny hem belledi.
"Russiýanyň ilki fewral aýynda we soň 2022-nji ýylyň aýagynda gymmat düşen we şowsuz bolan hüjümlerine garamazdan, bu ugurda ýene bir hüjüme taýynlyk görýän bolmagy mümkin" diýip, britan aňtaw gullugy aýtdy.
Prezident Wolodymyr Zelenski 19-njy fewralda rus güýçleriniň Wuhledar ugrundaky söweşde "adatdan daşary uly ýitgiler" çekendigini aýtdy.
Goňşulykdaky Luhansk sebitiniň sebit häkimi Serhiý Haýdaý 22-nji fewralda rus güýçleriniň Bahmutdan 70 km demirgazykda ýerleşýän Kreminna şäheriniň golaýynda, bir gün öň yzyna serpikdilmezlerinden we köp mukdarda agyr ýaraglaryny ýitirmezlerinden öň, ukrain liniýalaryny wagtlaýyn böwsüp bilendiklerini aýtdy.
"Düýn olar hatda belli bir wagt biziň goragymyzy böwüsdiler, emma ukrain goşuny basyp alyjylaryň agyr enjamlarynyň bir bölegini ýok etdi ... ahyrynda biz öz pozisiýamyzy sakladyk" diýip, Haýdaý ukrain telewideniýesine aýtdy.
Forum