Ukraina Russiýanyň gündogar Ukrainanyň Soledar şäherini ele geçirendigi baradaky aýdanlaryny ret etdi.
"Ýok, bu dogry däl. Şäherde henizem güýçli söweş dowam edýär diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň gündogar toparynyň metbugat sekretary Serhiý Çerewaty 13-nji ýanwarda Russiýa ministrliginiň öňe sürmelerinden birnäçe sagat soň, RBC-Ukraina habar beriş serişdesine beren beýanatynda aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, birnäçe günden bäri dowam edýän gazaply söweşleriň mekany bolan Ukrainanyň gündogaryndaky Soledar şäheriniň häzirki wagtda rus güýçleriniň gözegçiligindedigini aýdýar.
Degişli maglumat Ukraina Soledardaky gazaply söweşleriň arasynda, Donetsk liniýasynyň 'saklanýandygyny' aýdýarMinistrlik 13-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda strategiki taýdan möhüm bolan duz känleriniň ýerleşýän şäheriň gözegçiliginiň gijäniň dowamynda ele geçirilendigini belledi.
Ukraina 13-nji ýanwarda irden Soledarda "güýçlendirilen" rus zarbalary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.
“Soledarda gije gyzgyn geçdi. Söweş dowam etdi. Duşman esasy güýçleriniň hemmesini diýen ýaly Donetske tarap göçürip, ýokary derejede güýçlendirilen hüjümi dowam etdirýär" diýip, Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Ganna Malýar aýtdy.
"Bu söweşiň kyn tapgyry, ýöne biz bu söweşde ýeňiş gazanarys. Bu şübhesiz" diýip, ol sözüne goşdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi soňky üç günüň dowamynda amala aşyrylan güýçli zarbalarda ýüzlerçe ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Ukrain resmileri şäheriň içinde 500-den gowrak parahat ýaşaýjynyň, şol sanda 15 çaganyň gabawda galandygyny mälim etdiler. Russiýa parahat ilatdan ölenleriň bolandygy barada hiç zat aýtmady.
Rus tarapy özüniň esasy zarbalaryny Soledara tarap gönükdirdi. Bu çäre rus güýçleriniň Soledaryň günorta-günbatarynda, takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýän Bahmut şäherine hüjümlere başlan mahaly güýçlendi.
Rus güýçleri Soledary doly öz gözegçiligine geçirse, onda bu şäher Russiýany Bahmutyň golaýynda howpsuz we agalyk ediji artilleriýa pozisiýalary bilen üpjün eder.
Soledarda rus gözegçiligini doly dikeltmek, günorta-günbatar Artemowsk şäherindäki ukrain goşunlarynyň üpjünçilik ýollaryny kesmäge, soňra bolsa Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň bölümlerini petiklemäge we ele geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.
Degişli maglumat Kiýew ruslaryň Soledar üçin 'baş goýýandygyny', ýene 500 duşmanyň öldürilendigini aýdýarMinistrligiň bu öňe sürmesi, Russiýanyň hakyna tutma “Wagner” toparyna ýolbaşçylyk edýän, Kreml bilen ilteşikli işewür Ýewgeniý Prigožiniň özüniň rus goşunlary bilen utgaşyklykda hereket edýän güýçleriniň şäheri basyp alandygyny aýtmagyndan birnäçe gün soň peýda boldy.
Muňa garamazdan, Kreml Prigožiniň aýdanlaryndan daşda durup, "öňegidişlikde oňyn depgin bar" bolsa-da, adamlaryň bu ýagdaý barada "resmi maglumatlara" garaşmalydygyny aýtdy.
Soledar strategiki taýdan möhüm hasaplanylsa-da, ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Russiýanyň ol ýerdäki, hatda onuň golaýyndaky Bahmutda bolaýmagy mümkin ýeňşiniň, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz urşunyň barşyna uly täsir edip bilmejekdigini aýtdy.
"Bahmut bilen Soledaryň ikisi hem ruslar tarapyndan basylyp alynsa-da, bu söweşe strategik täsir ýetirmez" diýip, Kirbi 12-nji ýanwarda Ak tamda žurnalistlere beren maglumatynda "munuň ukrainleri togtadyp ýa gowşadyp bilmejekdigini" hem sözüne goşdy.
Bu aralykda, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisi 13-nji ýanwarda Kiýew Belarusy ýa-da Russiýany "basyp almak" kararyna gelse, onda Belarusyň bu konflikte goşulyp biljekdigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.