Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow gyrgyzlary geçen hepde Täjigistan bilen serhetde bolan ganly çaknyşyklar barada tassyklanylmadyk onlaýn habarlara üns bermezlige çagyrdy. Gyrgyzystan söweşlerde ölenleriň ýasyny tutýar.
Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşykda ölenleriň sany 100-e golaýlady, baş-başdak atyşyklaryň arasynda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygyndan soň, wakanyň bolan ýerinde iki merkezi aziýa ýurdunyň goşunlarynyň bilelikdäki gözegçiligi ýola goýuldy.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 19-njy sentýabrdaky halka ýüzlenmesinde “sabyr we asudalyga” çagyrdy hem-de “Gyrgyzystanyň goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklaryny bozmak” üçin “manipulýatiw häsiýetli” maglumatlaryň onlaýn paýlaşylýandygyny öňe sürdi.
“Biziň serhetlerimizi bikanun kesip geçmek synanyşyklarynyň öňüni alyp biljek ukyply goşunymyz we edermen söweşijilerimiz bar, we olar biziň territoriýamyza, şular ýaly, bikanun girmek synanyşyklaryny yzyna serpikdirmek arkaly muny aç-açan subut etdiler” diýip, Žaparow aýtdy.
Degişli maglumat Gyrgyz-täjik serhedindäki ýaraşyk arasynda dartgynlylyk saklanýar, ejir çeken köpelýärBiraz ozal, gyrgyz häkimiýetleri ýurduň günorta Batkent sebitinde 14-17 sentýabr aralygynda bolan çaknyşyklarda 59 gyrgyz raýatynyň ölendigini mälim etdiler.
Täjik häkimiýetleri çaknyşyklarda 30 täjik raýatynyň ölendigini aýtdy, ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň çeşmeleri 39 täjigistanlynyň öldürilendigini habar berdiler.
Iki merkezi aziýa ýurdunyň daşary işler ministrleri birek-biregi artilleriýa, raketa atyjylary we minomýotlary ulanmak arkaly “ýaragly agressiýa” etmekde aýyplady.
Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda dargaly bäri, Merkezi Aziýanyň köp sanly serhet sebitleri dawaly bolmagynda galýar.
Hususan-da, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň serhetleşýän sebiti bolan durnuksyz Fergana jülgesindäki köp sanly eksklawalaryň golaýynda ýagdaý çylşyrymlydyr.
970 kilometr uzynlygy bolan gyrgyz-täjik serhediniň tas ýarysy heniz kesgitlenilmedi, bu bolsa iki ýurt 30 ýyl ozal garaşsyzlyk alaly bäri gaýtalanýan dartgynlyklara getirýär.
Bu aralykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri, şol sanda Türkmenistan gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşyklar barada dymýar. Sebit ýurtlarynyň döwlet baştutanlary ýaňy-ýakynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde duşuşdylar.
Täjik-gyrgyz serhedindäki soňky çaknyşyklar esasy maksatlarynyň biri sebitde parahatçylygy saklamaga niýetlenen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň geçirilýän wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde ýaragly çaknyşyk barýar, taraplar birek-biregi prowakasiýada aýyplaýarTürkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitde sözlän sözüne Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna “yklymda howpsuzlygyň daýanjy” hökmünde garaýandygyny aýtdy.
“Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara, ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär. Şu babatda Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna yklymda durnuklylygyň möhüm daýançlarynyň biri hökmünde garaýar...” diýip, prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkand sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Ýöne türkmen prezidenti Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny “yklymda durnuklylygyň daýanjy” hasaplaýandygyny yglan edýän mahaly, guramanyň iki agzasy Täjigistan we Gyrgyzystan biri-biri bilen serhet üstünde ýaragly çaknyşýardy, guramanyň iri agzalarynyň biri bolan Russiýa goňşusy Ukrainanyň üstüne esassyz çozmagy dowam etdirýärdi, guramanyň hyzmatdaş ýurtlary bolan Azerbaýjan we Ermenistan arasyndaky dartgynlylyk dowam edýärdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.