Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki ýaraşyk arasynda dartgynlylyk saklanýar, ejir çeken köpelýär


Gyrgyzystan. Şarabidin uulu Bekmyrza, ýas çäresi. Gyrgyz-täjik serhedi, Nooken, 18-nji sentýabr, 2022
Gyrgyzystan. Şarabidin uulu Bekmyrza, ýas çäresi. Gyrgyz-täjik serhedi, Nooken, 18-nji sentýabr, 2022

Täze ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, iki tarapyň bir-birini top atmakda aýyplamagy, ejir çekenleriň sanynyň köpelmegi bilen, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet sebiti dartgynly bolmagynda galýar.

Gyrgyz resmileri 18-nji sentýabrda, ýene 12 jesediň tapylmagy bilne, serhet ýakasynda bolan çaknyşyklarda ölenleriň sanynyň 36 bolandygyny aýtdylar, täjik resmileri ölenleriň anyk sanyny aýtmaýar, ýöne Azatlygyň Täjik gullugy adynyň aýdylmazlygyny soran resmä salgylanyp, azyndan 39 adamyň heläk bolandygyny habar berýär. Iki tarapdan 150 çemesi adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

Degişlilikde ümsüm geçen gijeden soň, iki tarap hem 17-nji sentýabrda serhet obalarynyň topa tutulandygyny, iki merkezi aziýa ýurdunyň onlarça adamyň ölümi we ýaralanmagy barada beren öňki habarlarynyň üstesine, ýene bir topar adamyň ejir çekendigini aýtdylar.

Täjik häkimiýetleri 17-nji sentýabr güni giçlik gyrgyz güýçleriniň Gyrgyzystanyň Oş sebitinden Täjigistanyň Lakş etrabynyň oba ýerlerine "Grad“ raketalaryny atandygyny aýtdy. Bu hüjüm netijesinde dört adam ýaralandy, üç jaý weýran boldy diýip, resmiler aýtdy.

Bu habar bada-bat tassyklanyp bilinmedi. Eger-de tassyklansa, bu hüjüm iki tarapyň öýlän sagat 2:30 baglaşan ýaraşyk şertnamasynyň bozulandygyny görkezip biler.

Birnäçe sagat soň, resmileriň sebitiň “dartgynly” bolmagynda galýandygyny aýtmaklary bilen, iki ýurduň wekilleri serhetýaka sebitinde ýene bir ýaraşyk ylalaşygyny baglaşdylar.

Gyrgyz serhetçileri biraz öň täjik raketalarynyň az wagt bir obany topa tutandygyny aýtdy.

Ozalky sowet respublikalary, iki goňşy şu hepde serhet oňuşmazlygy üstünde çaknyşdy we iki tarapyň hem onlarça adam pidasynyň bolandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG