Ukrainada täze köpçülikleýin mazar tapylansoň, Zelenskiý Russiýa 'hemme ýerde ölüm galdyrýar' diýdi

15-nji sentýabrda Ukrainanyň Izýum şäheriniň golaýynda köpçülikleýin mazar tapyldy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý 15-nji sentýabrda Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Harkow sebitindäki Izýum şäherinde täze köpçülikleýin mazar tapylandan soň, Russiýanyň "hemme ýerde ölüm" tegmilini galdyrýandygyny aýtdy. Agzalýan şäher ýaňy-ýakynda ukrain güýçleri tarapyndan azat edildi.

Zelenskiý gijeki wideo çykyşynda "Harkow sebitiniň Izýum şäherinde adamlaryň köpçülikleýin jaýlanandygynyň üsti açyldy. Ol ýerde zerur prosedura işleri eýýäm geçirilip başlandy" diýdi.

"Buça, Mariupol, indi, gynansak-da, Izýum" diýip Zelenskiý, häkimiýetleriň aýtmagyna görä, yza çekilen rus goşunlarynyň köpçülikleýin raýat mazarlaryny we uruş jenaýatlarynyň subutnamalaryny galdyran beýleki ukrain şäherleriniň atlaryny agzady.

"Russiýa hemme ýerde ölüm galdyrýar we [munuň üçin] jogapkärçilik çekmelidir" diýip, ukrain prezidenti sözüne goşdy.

Degişli maglumat Zelenski azat edilen sebite sapar edip, ýeňiş wadasyny berdi

Zelenskiý tapylan jesetleriň sany barada jikme-jik san bermedi, ýöne ol has köp maglumatyň 16-njy sentýabrda elýeterli boljakdygyny aýtdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň Goranmak ministrligi köpçülikleýin mazardan azyndan 440 jesediň tapylandygyny mälim etdi.

"Ruslardan azat edilen Izýumda köpçülikleýin mazarlar tapylýar" diýlip, ministrligiň Twitterde paýlaşan twitinde aýdylýar.

"Häzirki wagtdaky iň uly mazarlykda 440 sany belliksiz mazar bar" diýip, ministrlik belleýär.

Şäheri basyp alan we ony Harkow sebitindäki logistika merkezi hökmünde ulanan müňlerçe rus goşuny geçen hepde sebiti terk etdi. Olar sebitde köp mukdarda ok-däri we enjam galdyrdylar.

Mundan ozal aýratyn ýagdaýlarda dereksiz ýitenleriň komissary Oleh Kotenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, deslapky maglumatlara esaslanyp, köpçülikleýin mazardan 20-25 jesediň tapylandygyny aýtdy. Ol ukrain esgerleriniň köpçülikleýin jaýlanandygyny belledi.

"Käbirleri artilleriýa oky sebäpli öldi .... Käbirleri howa zarbalary sebäpli öldi" diýip, Harkow sebitiniň baş polisiýa derňewçisi Serhiý Bolwinow aýtdy.

Ukrainanyň hasabatlaryny derrew tassykladyp bolmady. Parahat ilaty nyşana alýandygy baradaky aýyplamalary ret edýän Russiýa bu barada kommentariý bilen çykyş etmedi.

Degişli maglumat Zelenski: Ukraina Harkowda yzyna alnan ýerleri durnuklylaşdyrmak tagallasyny edýär

Zelenskiý 14-nji sentýabrda Izýuma gitdi we ukrain goşunlarynyň ýurduň gündogar böleginde yzyna alnan iň uly şäherleriň biri bolan sebitde ukrain baýdagyny galdyrmak dabarasyna gatnaşdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň Facebookda paýlaşan maglumatyna görä, ukrain güýçleri Donetsk şäheriniň demirgazygynda üç rus hüjümini yzyna gaýtardy.

Deňiz esasly raketalar Odesa regionynyň sebitlerini hem nyşana aldy, ýöne olar zenit-raketalar bölümleri tarapyndan ýok edildi diýlip, maglumatda bellenýär.

Diplomatik frontda Zelenskiý 15-nji sentýabrda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen duşuşdy. Zelenskiý Ukrainanyň soňky gazanan üstünliklerine syýasy güýç goşmak we Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary bilen üpjün edilmeginde öňegidişlik gazanmak isleýär.

"Biziň käbir ýurtlar bilen eýýäm şertnamalarymyz bar we diplomatlarymyz beýlekiler bilen işleşýär" diýip, Zelenskiý gijeki çykyşynda Ukrainanyň öz hyzmatdaşlary bilen gepleşiklerinde howa goranyş ulgamlary boýunça öňegidişligiň zerurdygyny nygtady.

15-nji sentýabrda giçlik Ak tam Birleşen Ştatlaryň Kiýewiň rus hüjümlerine garşylyk görkezmegini goldamak üçin Ukraina goşmaça 600 million dollar möçberinde harby kömek berjekdigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.