13-nji sentýabr güni irden Azerbaýjan bilen arada bolan soňky serhet çaknyşyklarynda Ermenistan azyndan 49 esgerini ýitirdi diýip, ermeni premýer-ministri Nikol Paşinýan iki kawkaz ýurdunyň arasyndaky duşmançylygyň derhal bes edilmegi baradaky halkara çagyryşlarynyň arasynda aýtdy.
Azerbaýjanyň bölüniji Dagly-Garabag sebiti üstünde Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda barýan söweşler 2020-nji ýylda tamamlanaly bäri, iki ýurduň umumy serhet ýakasynda ýygy-ýygydan çaknyşyk bolup durýardy.
"[13-nji sentýabrda], ikinji gün ir sagat 05:05-de Azerbaýjan Goris, Sotk we Jermuk şäherleriniň ugrundaky ermeni harby pozisiýalaryny artilleriýa we uly kalibrli ýaraglar bilen güýçli oka tutdy” diýip, Ermenistanyň Goranmak ministrligi aýtdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bolsa, öz gezeginde, Ermenistany serhetdäki Daşkesan, Kelbajar we Laçyn etraplarynyň golaýynda "uly göwrümli ýykgynçylyk hereketlerinde" günäkärledi, goşun pozisiýalarynyň oka tutulandygyny, "şol sanda garym minomýotlaryndan" ok atylandygyny aýtdy we azeri harbylarynyň raýat ýerlerini oka tutandygy barada aýdylýanlary ret etdi.
Degişli maglumat Ylham Alyýew Laçyn şäheriniň Azerbaýjanyň gözegçiligine geçirilendigini yglan etdiMinistrlik san görkezmän, “(Azerbaýjanyň) harby gullukçylarynyň arasynda ýitgiler bar” diýdi. Ermenistan çaknyşyklaryň bir gije dowam edendigini aýtdy.
Ermenistan bilen Azerbaýjan, ýurtlaryň arasynda Dagly-Garabag meselesi boýunça onýyllyklaryň dowamynda dowam edip gelýän dawa-jenjeliň soňky möwjemesinde birek-biregi günäkärledi.
Paşinýan Ermenistanyň mejlisinde eden çykyşynda Bakuwyň gije Ermenistanyň pozisiýalaryna hüjüm edendigini we söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.
"Häzirki wagtda 49 [esger] öldürildi we gynansak-da bu soňky san däl" diýip, Paşinýan ermeni mejlisine aýtdy.
Ermeni hökümeti Moskwa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyndan peýdalanjakdygyny we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutjakdygyny hem aýtdy.
Kreml 13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň duşmançylygyň bes edilmegine kömek etmek üçin elinden gelenini edýändigini aýtdy.
"Prezident serhetdäki dartgynlygyň bes edilmegine goşant goşmak üçin ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar dowam edýär" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow metbugat brifinginde aýtdy.
Moskwanyň Ýerewanyň KHŞG-dan kömek soramagy bilen baglanyşykly bir zat etmek isleýändigi ýa-da islemeýändigi barada soralanda, Peskow jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
"Häzir has köp zat aýtmak islemeýärin. Iş, dürli şertnamalar we şuňa meňzeşler sebäpli, tassyklamak prosesi gutarmanka bir zat yglan etmek islemeýärin" diýip, ol belledi.
Mundan öň Russiýanyň Daşary işler ministrligi Moskwa wagty bilen irden sagat 9-da (0600 GMT) ok atyşygy bes etmek barada ylalaşylandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Dagly-Garabag meselesini maslahatlaşdyEmma Azerbaýjanyň metbugat serişdeleriniň habaryna görä, ýaraşyk güýje girenden birnäçe minut soň bozuldy.
Mundan ozal Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň ermeni prowokasiýalaryna jogap berýändigini aýtdy we özleriniň raýat infrastrukturasyna zarba urýandyklary baradaky öňe sürmeleri ret etdi.
Paşinýan 13-nji sentýabrda dünýä liderlerine jaň edip, "ýeterlik reaksiýa" görkezilmegini talap etdi. Paşinýan Putine, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinkene we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrona jaň etdi.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi 13-nji sentýabrda rus we ermeni goranmak ministrleriniň gürleşendigini we serhetdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin çäreleri görmek barada ylalaşandygyny aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 12-nji sentýabr güni giçlik çaknyşyklaryň bes edilmegine çagyrdy. Döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň bu ýagdaýdan, şol sanda Ermenistanda "ilatly nokatlara we raýat infrastrukturasyna garşy urlan zarbalardan "aladalanýandygyny" aýtdy.
Azerbaýjanyň ýarany Türkiýe soňky çaknyşyklarda Ermenistany günäkärledi we Ýerewany Bakuwa garşy "prowokasiýalary bes etmäge" çagyrdy.
13-nji sentýabrda Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarlz Mişel iki tarapy hem çaknyşyklaryň has köp möwjemeginiň öňüni almaga çagyrdy.
Ermenistan 2020-nji ýylyň ahyrynda alty hepde dowam eden söweşden soň, Dagly-Garabagyň we oňa ýanaşyk ýedi etrapçanyň üstünden gözegçiligi ýitirdi. 6500-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan söweş Russiýanyň araçylygyndaky ýaraşyk şertnamasy esasynda tamamlanypdy. Şonda sebitdäki ýagdaýa gözegçilik etmek üçin takmynan 2000 rus goşuny ýerleşdirilipdi.
Degişli maglumat Azerbaýjan soňky serhet hadysasynda alty ermeni esgerini ýesir aldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNu lgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.