Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylham Alyýew Laçyn şäheriniň Azerbaýjanyň gözegçiligine geçirilendigini yglan etdi


Azeri goşun bölümleri Laçyn şäherine geldi. 26-njy awgust, 2022.
Azeri goşun bölümleri Laçyn şäherine geldi. 26-njy awgust, 2022.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri Laçn şäherinde we onuň golaýyndaky Zabuh we Susda obalarynda ýerleşdirildi diýip, respublikanyň prezidenti Ylham Alyýew aýtdy.

"Şu gün, 26-njy awgustda biz azerbaýjanlylar Laçyn şäherine gaýdyp geldik. Azerbaýjan goşuny şäherde ýerleşdirildi. Zabuh we Sus obalary gözegçilik astyna alyndy" diýip, Alyýew twitterde ýazdy.

Laçyn etraby Bakuwyň gözegçiligine 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirildi. Şol bir wagtda, Garabagdaky uruş gutarandan soň, 2020-nji ýylda gol çekilen üç taraplaýyn beýannamada Dagly-Garabag bilen Ermenistanyň arasyndaky baglanyşygy5 km giňlikde üpjün edýän Laçyn koridorynyň “Russiýa Federasiýasynyň parahatçylygy goraýyş kontingentiniň gözegçiliginde galýandygy” aýdyldy.

Ýerewan bilen Baku Ermenistan bilen Garabagyň arasynda täze ýol gurmak ylalaşygyna geldi.

Parahatçylygy goraýjylar şol ýerde ýerleşdirilip, Laçyn, Sus we Zabuh Azerbaýjanyň gözegçiliginde bolmalydy.

Awgust aýynda Baku Laçyndan aýlanyp geçmek üçin gurulýan ýol böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýtdy. Ýoluň ermeni bölegi entek işlemeýär. Azerbaýjan häkimiýetleri Ýerewany gurluşygy bilkastlaýyn yza süýşürmekde aýyplady.

Dagly-Garabagyň häkimiýetleri awgust aýynyň başynda Agawno obasynyň we Berdzor (Laçyn) şäheriniň ýaşaýjylaryny 25-nji awgusta çenli öýlerini terk etmeklerine çagyrdy. Ýaşaýjylaryň köpüsi eýýäm ýaşap oturan ýerlerini terk etdi.

XS
SM
MD
LG