Russiýanyň öz goňşusynyň üstüne esassyz çozmagynyň arasynda, Birleşen Ştatlaryň Ýewropada howpsuzlygy güýçlendirmek maksady bilen Ukraina we beýleki ýurtlara 2,675 milliard dollar kömek berjekdigini aýtmagy bilen, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 8-nji sentýabrda Kiýewe duýdansyz sapar etdi.
Ukrainanyň paýtagtyna barmak üçin Polşa edýän saparynyň arasyny kesen Blinken Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen iki sagatlap söhbetdeş boldy. Zelenski şondan soň ukrain güýçleriniň demirgazykda, günortada we gündogarda “onlarça şäherçäni azat edendigini” öňe sürdi.
“Biziň gahrymanlarymyz bireýýäm onlarça ilatly nokady azat etdi. Bu gün bolsa bu hereket dowam edýär” diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
“1-nji sentýabrdan bäri ýurduň jemi 1000 inedördül kilometrden gowrak topargy azat edildi” diýip Zelenski aýtdy, we munuň yz ýany, mart aýynyň başynda rus goşunlarynyň gözegçiligine geçen Balakliýa şäheriniň yzyna alnandygyny aýtdy.
Russiýany goldaýan ýerli resmi Witaliý Gançew bu aýdylýanlary sorag astyna aldy. Onuň rus döwlet telewideniýesine aýtmagyna görä, rus güýçleri ukrainleriň Balakliýany gabamak we ele geçirmek synanyşygyna garşy durdy we bu şäher ruslaryň elinde galýar.
Degişli maglumat Sankt-Peterburgyň deputatlary Döwlet dumasynyň Putini dönüklikde aýyplamagyny teklip etdilerUkrainanyň ikinji şäheri bolan Harkowyň töweregindäki güýçler rus liniýalaryndan 50 km aňryk geçip, 20-den gowrak şäheri we obany "azat etdi" diýip, uly derejeli harby resmi Oleksi Hromow aýtdy.
Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady, ýöne Ukraina birnäçe hepde bäri günortada, Hersonyň töwereklerinde uly garşylyklaýyn hüjümler barada gürrüň edip gelýär. Günbatarly harby analitikler Russiýanyň günortada öz goşunlaryny güýçlendirmäge howlukmak bilen, Harkow sebitinde we beýleki sebitlerde öz-özüni howp astyna atan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
Harkow sebiti 8-nji sentýabrda top okuna tutuldy, raketalar sebit merkezine we Çuguýew sebitine zarba urdy diýip, Harkowyň sebit häkimi Oleh Sinehubow aýtdy. Topa tutuşlygyň netijesinde bir aýal aradan çykdy diýip, ol Telegramda ýazdy.
Harkowyň şäher häkimi Ihor Terehow şäherde pidalaryň bolmandygyny aýtdy. Harkow tas her gün diýen ýaly rus raketa hüjümleriniň astynda galýar.
Blinken Kiýewe eden sapary wagtynda günortadaky garşylyklaýyn hüjümiň "hakyky netijeliligine" hem ünsi çekdi.
“Entek örän ir, ýöne biz ýerlerde, hususan-da Hersonyň töweregindäki sebitde, aýdyň we hakyky öňe gidişlik görýäris, ýöne gündogarda, Donbasda käbir geň wakalary hem görýäris” diýip, Blinken žurnalistlere aýtdy.
“Biziň hem-de başga-da ençeme ýurduň berýän goldawlarynyň ukrainlaryň edýän işine – bu agressiýada olaryň Russiýa tarapyndan basylyp alnan territoriýany azat etmek işlerine ýardam berýändigine biz buýsanýarys” diýip, Blinken aýtdy. “Barybir, bu Ukrainanyň watany, Russiýanyň däl, bu bolsa düýpgter tapawut edýän zat” diýip, Blinken belledi.
Blinken Ukrainanyň we onuň 18 goňşusynyň, şol sanda käbir NATO ýurtlarynyň hem-de sebitdäki “geljekde rus agressiýasynyň howpy astynda bolan” howpsuzlyk hyzmatdaşlarynyň goragyny güýçlendirmek üçin Daşary ýurt harby maliýeleşdiriş maksatnamasyndan 2 milliard dollar möçberinde täze ýardam yglan etdi.
Degişli maglumat Zelenski şäherleriň käbiriniň yzyna alnandygyny tassyklady, sebitde geçiriljek referendum yza süýşürildiZelenski “bu sapar Birleşen Ştatlaryň biziň ýurdumyzy we erkinlik ugrundaky söweşi goldamakdaky liderlik pozisiýasyny ýene bir gezek görkezýär” diýdi.
Ol Birleşen Ştatlardan gelýän maliýe, ykdysady we goranyş ýardamlaryna Ukrainanyň minnetdardygyny aýtdy.
“Bu biziň üçin öz topraklarymyzy yzyna gaýtaryp almagyň kepili bolup durýar” diýip, Zelenski aýtdy we “Ukraina edýän ähli işleriňiz üçin, bu günki gün meniň tarapymda durýanyňyz üçin” diýip, Blinkene sagbol aýtdy.
Blinken öz beren beýanatynda Zelenskä we onuň toparyna Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň halkyna näçe wagt gerek bolsa, şonça-da ýardam berjekdigini prezident Jo Baýdeniň açyk-aýan äşgär edendigini gaýtalap aýdandygyny mälim etdi we Kiýewiň özygtyýarly, garaşsyz Ukrainanyň paýtagty bolmagynda galjakdygyny nygtady.
Blinkeniň sapary ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostiniň Baýden administrasiýasynyň Ukraina bahasy 675 million dollara barabar nobatdaky ýarag ýardamyny tassyklandygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň amala aşyryldy. Ostin Waşingontyň söweş meýdanynda Ukrainanyň rus goşunlaryna garşy “görnetin üstünligini” görýändigini sözüne goşdy.
8-nji sentýabrda yglan edilen ýardam bilen Birleşen Ştatlaryň Baýden administrasiýasynyň ýolbaşçylygynda Ukraina iberen ýardamlarynyň umumy möçberi 15,2 millard dollar boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.