Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgyň deputatlary Döwlet dumasynyň Putini dönüklikde aýyplamagyny teklip etdiler


Sankt-Peterburgdaky Smolninskoýe şäher häkimliginiň geňeşi, wezipesinden boşadylmagy üçin, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini dönüklikde aýyplamagy teklip etdi. Bu barada deputat Dmitriý Palýuga habar berdi.

Peterburgly deputatlar Putiniň rus goşunynyň Ukrainanyň çägine çozmagy baradadaky karary Russiýanyň we onuň raýatlarynyň howpsuzlygyna zyýan ýetirýär diýip hasaplaýarlar. Palýuganyň bellemegine görä, bu karar smolninskoýeli deputatlaryň köpüsi tarapyndan kabul edildi.

Deputatlaryň aýtmaklaryna görä, Ukrainadaky uruşda ýaşlar ýogalýar, maýyp bolýar, Russiýanyň ykdysadyýeti uruş sebäpli zyýan görýär. Russiýa urşa başlanyndan soň, Putiniň harby agressiýany esaslandyrmak üçin öňe süren maksatlaryndan tapawutlylykda, NATO blogy gündogara işjeň giňelmäge başlady we Ukraina gitdigiçe köp ýarag alyp başlady diýip, olar aýtdy.

Mart aýynda, Russiýanyň Ukraina çozanyndan gysga wagt soň, Smolninskoýe geňeşi Putine gan döküşikligiň bes edilmegini, Ukrainadan goşun çykarylmagyny we onuň işinden aýrylmagyny sorap, deputat teklibini iberdi.

XS
SM
MD
LG