Özbegistanyň Daşarky zähmet migrasiýa gullugy özbegistanly işçi migrantlary Russiýada iş saýlanlarynda, habarly bolmaga çagyrdy.
“Käbir habar kanallary Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlaryny ýokary aýlyk almak üçin, Russiýada işlemäge çagyrmak barada bildirişler ýaýradýar. Bu çagyryşlaryň esasy maksady raýatlary Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky konflikt zolaklaryna çekmek. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyzdan daşary ýurtlarda iş teklipleri meselesinde, resmi däl bildirişlere ynanmazlygy haýyş edýäris" diýip, agentligiň maglumatynda aýdylýar.
Degişli maglumat Russiýada söweşden ýüz öwren esgerler ýerzeminde saklanýarAgentlik graždanlara Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasynda (“Hakyna tutulmak”), daşary ýurt döwletiniň çägine ýa-da onuň tarapyna ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere şol ýurduň graždanini bolmadyk adamyň gatnaşmagynyň jenaýat jogapkärçiligini ýatladýar. Olar şu maksat bilen maddy hak ýa-da beýleki şahsy ýeňillikleri almak üçin hereket etseler, bäş ýyldan, on ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.
Mundan öň MediaHub žurnalistika derňewi özüniň YouTube kanalynda, Russiýanyň şahsy harby kompaniýasy (ŞHK) “Wagner” arkaly kompaniýalaryň
hususy howpsuzlygy üçin, işçi almak maksady bilen Russiýanyň sebitlerinde bolan özbek we gyrgyz raýatlarynyň Ukrainadaky söweşlere çekilmegi baradaky derňewi çap etdi. Derňewiň awtorlarynyň aýtmaklaryna görä, Ukrainadaky söweşlere gatnaşmak üçin, bu ýurtlardan gelen immigrantlara aýda 240 müň rubl sylag berilýär.
ŞHK “Wagner” hakyna tutulanlar 2014-nji ýyldan bäri ýaragly separatistleriň tarapynda, Donbasdaky söweşe gatnaşýarlar. Bu kompaniýanyň rus telekeçisi we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň "aşpezi" saýylýan Ýewgeniý Prigožin bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy çak edilýär. Resmi taýdan bu toparda gulluk edýän adamlaryň rus ýaragly güýçleri bilen baglanyşygy ýok, ýöne Goranmak ministrligine degişli infrastrukturadan we transportdan peýdalanýarlar, şeýle hem söweşjeň orden-medallary alýarlar.
Soňky ýyllarda “Wagneriň” hakyna tutulanlar Siriýada, Liwiýada, Merkezi Afrika Respublikasynda, Mozambikde we Sudanda özüni görkezmegi başardylar. 2021-nji ýylyň dekabrynda Ýewropa Bileleşigi ŞHK “Wagnere”, hakyna tutma işgärler bilen şertnama baglaşan sekiz adama we üç ýuridiki gurama garşy sanksiýalar girizdi.
Degişli maglumat "Wýorstka": Russiýada 1800 töweregi harby gullukçy Ukrainada söweşmekden ýüz öwürdiÇeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.