Fewraldan bäri Russiýanyň 22 sebitinden 1800 çemesi harby gullukçy Ukrainadaky söweşlere gatnaşmakdan ýüz öwürdi diýip, “Wýorstka” neşiri öz hasaplamalaryna salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, söweşmekden ýüz öwren adamlaryň azyndan 234 sanysy häzir öz-özüni "LNR" diýip jar eden sebitiň çäginde, Brýanka şäheriniň töwereginde saklanylýar.
“Wýorstka” bilen gürleşen garyndaşlarynyň sözlerine görä, esgerler ýerzeminlerde we beýleki goralýan binalarda saklanylýar. Görnüşinden, olary söweş meýdanyna dolanyp barmaga yrjak bolýarlar.
Ukrainada söweşmekden ýüz öwren harby gullukçylaryň Luhansk sebitinde tutulyp saklanýan bolmagynyň ähtimallygy barada ozal "Häzirki Zaman" teleýaýlymy hem habar beripdi. Neşiriň maglumatyna görä, 20 töweregi esger ýesirlikde, “Wagner” hususy harby kompaniýasynyň söweşijileriniň gözegçiligi astynda saklanylýar.