ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Ukrainadaky söweşde ölen ruslaryň sany 75 000-den gowrak 

1-nji aprelde Çernihow sebitiniň azat edilen Nowa Basan obasynyň köçesinde ýatan rus esgeriniň jesedi.

ABŞ-nyň kanun çykaryjysy, 75000-den gowrak rus esgeriniň, ýagny Moskwanyň fewral aýynda Ukrainany basyp almak üçin iberen güýçleriniň ýarysyna golaýynyň öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy aýdýar. Bu aralykda Kiýew rus güýçleriniň basyp alan Herson sebitini yzyna almak üçin garşylyk çärelerini güýçlendirýär.

Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň resmileri bilen geçirilen gizlin brifinge gatnaşan Elissa Slotkin (Demokrat - Miçigan) CNN telekanalyna beren interwýusynda bu sanyň "ägirtdigini" aýtdy.

"Bize 75000-den gowrak orsýetliniň öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy habar berildi, bu gaty uly, gury ýer güýçlerine ägirt uly mukdarda maýa goýuldy, gury ýer güýçleriniň 80 göteriminden gowragy sandan çykdy we olar ýadady" diýip, Slotkin aýtdy.

Degişli maglumat Ukrain urşunda ölenleriň sany köpelýär, ABŞ Kiýewe has agyr ýaraglary wada berýär

Harby ýitgiler parahatçylyk döwründe-de Russiýada döwlet syry bolup durýardy. Orsyýet harbylarynyň arasynda ölenler barada täzelenen resmi maglumat ýok. Merkezi aňtaw gullugynyň iň soňky çaklamasynda 15000 rus esgeriniň söweşde öldürlendigi aýdylypdy.

Ýakynda Ukraina saparyndan gaýdyp gelen Slotkin, soňky üç-alty hepdäniň konfliktiň alnyp barylýan ugry üçin möhüm bolup biljekdigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, prezident Zelenskiýden eşiden we şu gün ýene tassyklanan ygtybarly zatlarymyz, ukrainleriň gyş gelmezinden ozal Russiýanyň dişine birnäçe gezek kakmak, iň amatly ýagdaýy ulanmak, esasanam günortada urmak niýetidir" diýip, Slotkin aýtdy.

Täze sanlar tassyklansa, bu Russiýa üçin agyr ýitgileri aňladýar, sebäbi Ukraina ýurduň Russiýa tarapyndan basyp alnan günorta böleginde strategiki şäher Hersony yzyna almak üçin öňe saýlanýar.

Uruşdan ozal 290000 ilatly bolan bu şäher häzirki wagtda uruş başlansoň Moskwa tarapyndan bellenen administrasiýa tarapyndan dolandyrylýar.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 28-nji iýulda gündelik habar býulleteninde ukrain güýçleriniň Hersondaky hüjümini güýçlenýändigini we "Russiýa tarapyndan basyp alnan Hersonyň demirgazyk araçägini emele getirýän Ingulets derýasynyň günortasynda ornaşandygyny" belledi.

Şäheriň gözegçiligini gaýtadan ele almak ukrain güýçlerine Gara deňziň kenarlaryny gaýtaryp almak üçin binýat döreder.

Britan habar gullugy geçen hepde Hersonyň golaýyndaky Antoniwskiý köprüsine 27-nji iýulda ýene zarba urlandygyny tassyklady we "geçelgäniň indi ulanylmazlygy gaty ähtimal" diýip habar berdi.

Antoniwskiý köprüsi, Dnepr derýasynyň üstünden geçýän we ukrain güýçleriniň uzak aralyga niýetlenen artilleriýanyň kömegi bilen zeper ýetiren üç köprüsiniň biridir. Russiýa öz gözegçiligine alan ýerleri üpjün etmekte bu köprülere bil baglaýar.

Degişli maglumat Ukraina aňtaw gulluklarynyň tutulan Azowstal esgerleri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýdýar

Britan aňtaw gullugy Russiýanyň basyp alan we syýasy taýdan iň möhüm ilatly merkez bolan Hersonyň häzirki wagtda Russiýanyň basyp alan beýleki ýerlerinden “tas doly kesilendigini” aýtdy.

Bu habara görä, Hersony elden bermek Russiýanyň öz basyp alyjylygyny üstünlikli suratlandyrmak synanyşygyny düýpli pese gaçyrýar.

Ukrainanyň goranmak resmisi, rus goşunlarynyň hem öz gezeginde ýurduň günortasynda, şol sanda Ukrainanyň goranmak üçin hüjüm edýän sebitinde goşunlaryny köpçülikleýin göçürmek işini geçirýändigini aýtdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow bu barada 27-nji iýulda Ukrainanyň telewideniýesinde habar berip, bu göçürmeleriň Herson, Melitopol we Zaporižýe sebitlerine gönükdirilendigini we ruslaryň goşmaça güýçleri getirýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Danilow Ukrainanyň günbatar hyzmatdaşlaryndan köp sanly ýarag alýandygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.