Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar gaz ulanmagy çäkendirmek boýunça adatdan daşary plany tassykladylar. Bu Russiýanyň gaz üpjünçiligini mundan beýläk azaltmagyna taýynlyk görýän käbir ýurtlar üçin çäklendirmeler baradaky barlyşyklary öz içine alýar.
ÝB agza ýurtlaryny gazy tygşytlamaga we gyş üçin saklap goýmaga çagyrdy. ÝB Orsýetiň Ukraina garşy alyp baran söweşi sebäpli girizilen günbatar sanksiýalaryndan ar almak isleýän Moskwanyň gaz akdyrmagyny kesmek hereketiniň zyýanyny gowşatmakçy bolýar.
Bileleşigiň energiýa ministrleri 26-njy iýulda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlarynyň indiki aýdan mart aýynyň ahyryna çenli gazy 15 göterim azaltmak baradaky teklibini tassykladylar.
Degişli maglumat ÝB-niň energiýa başlygy Gazpromyň gazy kemeltmek planlaryny tankytladyGazy sarp etmegiň çäklendirilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda hökmany bolup biler, emma ministrler käbir hökümetleriň Brýusseliň her bir agza döwletiň gaz ulanmagyny 15% mejbury azaltmak baradaky ilkinji teklibine garşylyk bildirmeginden soň, ençeme ýurdy we pudaklary mejburlykdan boşatmaga razy boldular.
Häzirki wagtda ÝB-niň çalyşýan prezidentligini ýöredýän Çehiýanyň senagat we söwda ministri Ýozef Sikela, duşuşygyň netijelerini Ýewropanyň raýdaşlygynyň nusgasy hökmünde taryplady.
Sikela beren beýanatynda "ÝB agzybir we raýdaş" diýdi.
"Şu günki karar agza döwletleriň Orsýetiň energiýa üpjünçiligini ýarag hökmünde ulanyp, ÝB-ni bölmek synanyşygyna garşy durjakdygyny açyk görkezdi" diýip ÝB-niň resmisi aýtdy.
ÝB-ne agza, emma beýleki ýurtlaryň gaz ulgamlaryna birikdirilmedik Irlandiýa we Malta plana gatnaşmakdan boşadylan ýurtlaryň arasynda.
ÝB-niň iki resmisiniň aýtmagyna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen mylaýym gatnaşyk saklaýan sagçy milletçi premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky Wengriýa bileleşigiň planyna garşy çykan ýene-täk ýurdy boldy.
Degişli maglumat Moskwa hüjümiň täsirini inkär edýärkä, Odesa edilen hüjümden soň bugdaýyň bahasy ýokarlandyRussiýanyň döwlet energiýa ägirdi “Gazprom” geçen hepde “Demirgazyk akym 1” gazgeçirijisi arkaly Germaniýa akdyrýan gazyny 40% azaldyp, 27-nji iýuldan başlap ýene-de turbanyň geçirijilik ukybynyň bäşden bir bölegine çenli azaljakdygyny aýtdy.
"Gazprom" gaz akymyny azaltmagyny turbinanyň işini togtatmak bilen düşündirdi, ÝB-niň energiýa komissary Kadri Simson bu çäräni "syýasy maksat" diýip atlandyrdy.
Russiýa Ukraina goşun salmazdan ozal ÝB-niň gaz üpjünçiliginiň 40%-ni berjaý edýärdi.
Russiýanyň gaz üpjünçiligini azaltmagy baradaky soňky habarlar gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Degişli maglumat Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri tebigy gaz ylalaşygyny baglaşmak üçin Bakuwa barýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.