Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň energiýa başlygy Gazpromyň gazy kemeltmek planlaryny tankytlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa syýasaty boýunça başlygy Kadri Simson Russiýanyň Gazprom kärhanasynyň Ýewropa akdyrýan gazynyň möçberini kemeltmek baradaky bildirişini tankytlady. Bileleşigiň agzalary Moskwany, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyndan soň, energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmakda aýyplaýarlar.

25-nji iýulda Gazprom ‘Demirgazyk Akym 1’ gazgeçirijisi arkaly 26-njy iýuldan başlap gündelik 33 million m3 gazy akdyrjakdygyny mälim etdi. Bu häzirki iberilýän gazyň mukdarynyň ýarpysydyr. Şol bir wagtda, häzirki akdyrylýan gaz hem adaty mukdaryň 40% töweregidir.

“Biz munuň tehniki sebäpler üçin amal edilmeýändigini bilýäris. Bu syýasy matlaply ädim. Biz muňa taýýar bolmaly” diýip, Simson 26-njy iýulda ÝB-niň energiýa ministrleriniň Brýusselde geçýän maslahatyna gelen badyna çykyş etdi.

Ministrleriň ÝB agzalarynyň gaz talaplaryny kemeltmek baradaky ylalaşyga gelmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG