Ýok edilen şäherler. Uruş başlamazdan öň we soň oba-şäherleriň suratlary
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
5
Donetsk oblastynyň Marinka şäheriniň merkezi meýdançasy. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda düşürildi. Şol döwürde şäherde 9357 ilat ýaşaýardy. Häzir ýaşaýjy ýok. Şäher jaýlaryndan hem aýry-aýry gurluşyklardan diňe harabaçylyk galdy.
6
2023-nji ýylyň maý aýynda Marinkanyň etegindäki weýran edilen obalar. Marinka geçen ýylyň dekabrynda, rus goşuny tarapyndan basylyp alyndy. Şol wagtda, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdebaşysy Waleriý Zalužnyý "ol şäher indi ýok" diýipdi.
7
Donetsk oblastynyň Wugledar şäherine girelgedäki stela. Russiýanyň Ukraina garşy urşa başlamazdan öň, bu şäher kömrüň gazylyp alynýan we onuň işlenýän merkezleriniň biridi. 2022-nji ýylda şäherde 14 müň adam ýaşaýardy.
8
2023-nji ýylyň fewralynda, Wugledaryň ýokardan görnüşi. Uruş döwründe şäher düýbi bilen weýran edilse-de, Russiýa tarapyndan basylyp alynmady. Geçen ýylyň fewralynda, bu ýerde 500-e golaý ýerli ýaşaýjy galypdy. 2023-nji ýylyň tomsunda olar 100 adama çenli azaldy.