Ýok edilen şäherler. Uruş başlamazdan öň we soň oba-şäherleriň suratlary
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli çozuşlary başlamazdan öň we soň düşürilen suratlar.
9
Uruş başlamazdan öň, Luhansk oblastynyň Prywilliýa şäheriniň etegindäki jaýlar. 2019-njy ýylda ol ýerdäki ilatyň sany 7 müňe golaýdy. Surat 2022-nji ýylyň aprel aýynda düşürildi.
10
Uruş başlanyndan birnäçe aý geçensoň, ýaşaýyş jaýlaryň harabaçylygy, surat 2022-nji ýylyň iýun aýynda düşürildi. Şol döwürde rus goşunlary Prywilliýa şäherini basyp alandyklaryny aýtdylar.
11
2009-njy ýylda düşürilen suratda, Donetsk oblastynyň Bohorodiçne obasyndaky ybadathana
12
Şol obanyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda düşürilen suraty. 2001-nji ýylda bu ýerde 794 adam ýaşapdyr, häzir oba doly diýen ýaly weýran edilipdir.