Dograma türkmenleriň iň milli naharlarynyň biri bolup, toý-sadakalarda we möhüm baýramçylyklarda myhmanlara köp halatda dograma çekilýär.
Dograma bişirilende, ilkibaşda, gazanda çorba atarylýar. Et suwda gaýnadylýar, soňra onuň üstüne pomidor goşulýar we duzy barlanýar. Bu aralykda, petir çörekleri owunjak edilip dogralýar. Soňra, dogralan çörek gazanda gaýnadylan et we sogan bilen garylýar. Et bilen garylan ownuk çörek bölekleri tabaklara goýlup, onuň üstüne et gaýnadylan çorba guýulýar.
Toý-märekelerde dograma bişirilende uly gazanlarda ilki çorba atarylýar. Soňra adamlar üýşüp, petir çörekleri dogramaga gatnaşýarlar we dogralan çöregi et we sogan bilen garýarlar.
Bu gezek dograma liwanly bir meşhur aşpez tarapyndan bişirildi. Onuň bişiren dogramasy sosial mediada meşhurlyk gazandy.
24 ýaşly liwanly aşpez we Internet ýyldyzy Abir El Sagir 6-njy awgustda özüniň dograma bişirýän wideosyny TikTok sahypasynda paýlaşdy. On günden gowrak wagtyň dowamynda bu wideo tas 6 million gezek tomaşa edildi we 245 müň gezek halandy. Wideonyň aşagyndan Küşdepdi sazy iberilýär.
Türkmen dogramasyny bişirip düşen wideosynyň yz ýany, El Sagir özbek palawyny we azerbaýjan palawyny taýýarlap täze wideolary düşürdi. Ol dograma wideosyndan biraz öň gyrgyz lagmanyny bişirip, TikTok-da wideo goýupdyr.
El-Sagiriň 23 million töweregi yzarlaýjysy bar we şu wagta çenli onuň kanalyna 329 million gezek tomaşa edilipdir.
Türkmenler üçin dogramanyň ysy, tagamy we özünde jemleýän manysy aýratyn hasaplanýar. Türkmen diasporasynyň wekilleri Türkiýede ýa-da özge ýurtlarda bir saçagyň başynda jem bolanlarynda käwagt dograma çekýärler.
Türkmen metbugaty dograma tagamynyň Türkmenistanyň adyndan ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmäge mynasypdygyny aýdýar.
Bu aralykda, Türkmenistan 17-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azulä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, prezident ogly Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler.
Dünýä Türkmenleriniň şu sany türkmen dogramasynyň meşhurlygyny we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ýyl dönümini ara alyp maslahatlaşýar.
Forum