Fuminori Tsuçiko Ukrainanyň uruşdan ejir çekýän Harkiw şäheriniň ýaşaýjylary üçin mugt azyk hödürleýän kafeni dolandyrmak üçin Ýaponiýadan gelen haýyr-sahawat sadakalaryny ulanýar.
27-nji aprelde Harkiwiň demirgazyk-gündogaryndaky Saltiwka etrabynda ýerleşýän "FuMi Caffe-de" bir adam nahar başynda oturan mahaly, gartaşan dört zenan azyk almaga çalyşýar.
Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina çozuşynyň ilkinji günlerinde rus hüjümleri ukrain şäheriniň etegine agyr zarba urdy. Häzirki wagtda Saltiwka ýumrulan we az ilatly bolmagynda galýar.
Kafeni Fuminori Tsuçiko (suratda) dolandyrýar. Ol meýletinçiler topary bilen birlikde, her gün üç sagatlyk açylýan kafeniň penjiresinden Harkiwiň 500 töweregi ýaşaýjysyna mugt iýmit paýlaýar.
75 ýaşly Tsuçiko kömek çäresiniň esasan Ýaponiýadan gelýän haýyr-sahawat sadakalaryndan maliýeleşdirilýändigini aýdýar.
Tsuçiko Ukraina ilkinji gezek 2022-nji ýylyň fewral aýynyň başynda geldi.
Ol Ýaponiýanyň ilçihanasynyň çagyryşy bilen, Russiýanyň Ukraina giň gerimli çozuşy başlanmazdan gysga wagt öň Polşa gitdi. Emma ol tiz wagtdan ýene Ukraina gaýdyp geldi. Tokionyň ýaşaýjysy, Russiýa 2022-nji ýylyň aglaba böleginde şähere oklary we raketalary atanda, harkiwliler bilen bilelikde şäheriň metro ulgamynyň içinde ýedi aý ýaşady.
Tsuçiko ukrain žurnalistine: “Men ýeňişden soň Harkiwde ýaşaryn. Meniň Ýaponiýada jaýym ýok. Men hemme zady satdym. Şonuň üçin men baky şu ýerde [ýaşaryn] we Harkiwe kömek ederin " diýdi.
27-nji aprelde kafe gelen harkiwlileriň biri Anna Towstopýatowa "Reuters" habar gullugyna beren maglumatynda haýyr-sahawat bermek üçin gelendigini aýtdy.
"Açyk ýürekli we ruhly, kömek etmek we umyt bermek üçin janyny we wagtyny pida edýän şeýle yhlasly adamlaryň bolmagy gaty gowy zat" diýip, Towstopýatowa aýtdy.
Fotosergi "Reuters" habar gullugy we AÝ/AR tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.