Eýranlylar dartgynly ýagdaýda, Nowruzy garşylamaga taýýarlanýarlar
12-nji martda Eýranyň köp ýerinde däp bolan "Çahorşanbesuri" ot baýramçylygy bolup geçdi. Zoroastriýa däplerinden gelip çykan bu gadymy pars baýramy 20-nji martdan başlanýan, Täze ýylynyň öňüsyrasy soňky çarşenbe güni bellenilýär.
1
Eýranly aýallar 12-nji mart agşamy Çorşanbesuri (Çarşenbe baýramy) başlananda, Tähranda ot ýakýarlar. Bu baýramçylyk Nowruzyň – Täze ýylyň öň ýanynda bolup geçýär.
Baýramçylyk häkimiýetlere bolan lapykeçligiň artýan şertlerinde geçirildi. 1-nji martda täze parlament saýlawlaryna ses bermäge gatnaşanlaryň sany rekord derejede pes boldy.

2
Eýranly är-aýal otparazlar döwründen galan däbe eýerip, çaganyň otdan bökmegine kömek edýärler.
Resmi maglumata görä, 1979-njy ýylda Yslam rewolýusiýasyndan bäri kanun çykaryjy organyň saýlawlaryna iň pes derejede, 41% saýlawçy gatnaşypdyr. Tankytçylar hakyky dereje mundan hem az bolandyr diýýärler.

3
Eýranlylar el-ele berip, gijäniň ýaryna çenli aýdym aýdyp, tans edýärler.
BMG-niň ynsan hukuklary baradaky Ýokary Komissarlygynyň 8-nji martda aýan eden hasabatynda, Eýrandaky "parahatçylykly protestleriň basylyp ýatyrylmagynyň" we "aýal-gyzlara garşy institusional kemsitmeleriň" adam hukuklarynyň bozulmagyna getirendigi, olaryň käbiriniň "adamzada edilen jenaýatdygy" aýdylýar.

4
Adamlar arzuw yşyklaryny ýakýarlar.
Hasabatda düzgün bozulmalar we jenaýatlar bellenilýär; "kazyýetsiz we kanunsyz tussag edilmeler we adam öldürmek, zerur däl ýerlerde güýç ulanmak, netijede azatlykdan mahrum etmek, gynamalar, zorlamak, güýç bilen ýitirim etmek we gender deňsizligi ýüze çykýar".