Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Applebaum: 'Putin, hakykatdan-da, häzirki zaman Russiýany weýran edýär'


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Dünýä Türkmenleriň şu sany türkmen temalaryna sähel salym arakesme berip, halkara arenasynda bolup geçýän möhüm waka ser aýlaýar.

Halkara arenasy 18 aýdan gowrak wagt bäri, Russiýanyň Ukrainadaky çozuşy bilen başagaý bolýar.

Ukraina özüniň territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goramak üçin dünýäniň iň iri harby güýçleriniň birine garşy göreşýär. Rus prezidenti Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy girişen harby çozuşy şu wagta çenli ýüzlerçe müň adamyň ölümine, millionlarça adamyň öz ýaşaýan sebitlerini terk etmegine we weýrançylyga alyp geldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugy ABŞ-da Pulitzer baýragynyň ýeňijisi bolan žurnalist, ýazyjy we taryhçy Anne Applebaum bilen Russiýanyň Ukraina çozuşy, Günbataryň Ukraina berýän hemaýaty we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň rus halkynyň, ukrain halkynyň we beýleki halklaryň durmuşyna ýetiren täsirleri, taryhda galdyrjak yzlary barada ýaňy-ýakynda söhbetdeşlik geçirdi.

Anne Applebaum (En Eplbaum) Russiýa we Sowet Soýuzy baradaky birnäçe kitabyň, şol sanda “Gyzyl açlyk: Staliniň Ukraina garşy urşy” kitabynyň awtorydyr.

Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Gürji gullugyna beren interwýusynda Günbataryň Ukrainanyň basyp alyjy rus güýçlerine garşy alyp barýan söweşinde oňa hemaýat bermekdäki aýgytlylygynyň mäkäm galýandygyny, şeýle-de ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň “uzaga çekjek uruş baradaky düşünjäni kabul edendigini” aýtdy. Şeýle-de, Applebaum rus prezidenti Wladimir Putiniň “häzirki zaman Russiýany ýykmakda” ýatlanjakdygyny çaklady.

Programmamyzyň şu sanynda, wagt ýetdiginden, şol interwýunyň agramly bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Anne Applebaum: 'Putin, hakykatdan-da, häzirki zaman Russiýany weýran edýär'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG