Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze okuw ýylynyň bosagasynda, türkmenleriň bilim mümkinçilikleri üns merkezinde


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda, Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanyň bilim syýasatynyň meselelerine gönükdirilýär, şeýle-de, türkmen diaspora wekilleriniň bilim mümkinçiliklerine ser aýlaýar.

Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda 1-nji sentýabrda täze okuw ýyly başlaýar. Tomusky dynç alyşdan soň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, orta hünär mekdepleriniň hem-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary täze okuw ýylyna gadam basýarlar.

Türkmen metbugaty şu ýyl 76 müň 600 çaganyň birinji klasa kabul edilýändigini habar berdi. Ýerli elektron neşirler geçen ýyl 160 müň töweregi çaganyň birinji klasa barandygyny ýazdy. Eýsem, birinji synpa kabul edilýän okuwçylaryň sanynyň bir ýylyň içinde iki esse töweregi tapawut etmegi nämäni aňladýar?

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunyna 2021-nji ýylda möhüm üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň kanunçylygy ýurtda her bir adamyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmegi we goramagy kepillendirýär.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda, Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanyň bilim syýasatynyň meselelerine gönükdirilýär, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen diaspora wekilleriniň çagalarynyň bilim mümkinçiliklerine ser aýlaýar.

DT: Täze okuw ýylynyň bosagasynda, türkmenleriň bilim mümkinçilikleri üns merkezinde
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG