Täjigistanyň häkimiýetleri Ukrainanyň territoriýasyndaky urşa gatnaşýan ýurduň raýatlarynyň sanawyny düzüp başlapdyr. Täjigistanyň ýaşaýjylary Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň tarapynda hem-de Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda, Ukrainada barýan söweşlere gatnaşýarlar.
Şeýle sanawlary düzmek baradaky karar Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputaty Mihail Matweýewiň Ukrainadaky urşa "täjik batalýonyny" ibermäge çagyryşyndan soň kabul edilendir diýip, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň çeşmeleri hasaplaýarlar. Rus deputaty kanunçylygyň öwrenilýändigini we iki graždanlygy bolan adamy mobilizasiýa etmek mümkinçiligi baradaky düzgünlere düzedişleriň taýýarlanýandygyny mälim etdi.
“Hakyna tutulanlar" berk jezalandyrylar
Iki çeşme – diplomatik we güýç ulanyjy edaralarda, ýurduň graždanlarynyň Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň tarapynda we Orsýetiň ýaragly güýçleriniň hatarynda söweşlere gatnaşmak meselesiniň Täjigistanyň güýç ulanyjy edaralarynyň duşuşygynda, ara alnyp maslahat edilendigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
«Duşuşykda Ukrainadaky urşa gatnaşýan ýurduň graždanlaryň sanawyny düzmek barada karar kabul edildi. Şuňa meňzeş sanaw ozal hem düzülipdi, Siriýadaky we Yrakdaky uruşlara gidip, “Yslam döwletiniň” tarapynda söweşen täjik raýatlarynyň atlary sanawa alyndy. Ukrainadaky urşa gatnaşan her bir täjik graždanyna garşy jenaýat işi gozgalar" diýip, anonimlik şerti bilen çeşmeleriň biri aýtdy.
Täjigistanyň häkimiýetleri öz bitaraplyk pozisiýasyny ileri tutup, şu wagta çenli açyk ýagdaýda, Orsýetiň Ukrainany basyp alyş çäresini ne goldady, ne-de ýazgardy.
Täjigistanyň Russiýadaky ilçihanasy geçen ýylyň güýzünde, Orsýetde wagtlaýyn ýaşaýan we işleýän watandaşlaryna daşary ýurt döwletleriniň territoriýasyndaky duşmançylykly söweşlere gatnaşandygy üçin, jenaýat jogapkärçiliginiň bardygyna duýduryş berdi.
“Hakyna tutma” çäresine kimler degişli bolar?
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň tarapynda hem-de Orsýetiň goşunynyň hatarynda bolup, Ukrainadaky söweşlere gatnaşýan täjikleriň sany belli däl. Rus harby gullukçylarynyň hatarynda bolup ýa-da rus koloniýalarynyň tussaglarynyň arasyndan çykan onlarça täjigistanlynyň söweş mahalynda ölendigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy eýýäm mälim etdi.
Orsýetiň ýa-da Ukrainanyň graždanlygyna eýe bolup urşa gatnaşan täjigistanlylara garşy jenaýat işiniň gozgalmajakdygyny Azatlygyň çeşmesi mälim etdi. Diňe elinde Täjigistanyň pasporty bolan, daşary ýurt döwletleriniň territoriýasyndaky uruşlara gatnaşan adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekiler.
Rus türmelerinde tussaglykda oturyp, indi Ukrainadaky urşa gatnaşýan iki tussagyň garyndaşlaryny ýakynda Hatlon welaýatynyň Döwlet howpsuzlyk komiteti söhbetdeşlige çagyrypdyr. Olar Azatlyk Radiosynyň geçiren söhbetdeşliginde, howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Orsýetde türme möhletini çekýän ýakynlarynyň şahsy maglumatlary bilen gyzyklanýandygyny aýtdylar. "Olar biziň garyndaşlarymyzyň Ukraina haçan we nädip düşendigini, olaryň nirededigini we Täjigistandaky hossarlary bilen aragatnaşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny soradylar. Olara garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygy barada, bize hiç zat aýdylmady" diýip, gürrüňdeşlerimiziň biri aýtdy.
Täjigistanyň häkimiýetleri Ukrainanyň territoriýasyndaky urşa gatnaşýan ýurduň graždanlarynyň sanawyny düzmek baradaky karar hakda, hiç hili düşündiriş bermeýär. Täjigistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem biziň sowallarymyza jogap bermedi, ýöne Täjigistanyň Kiýewdäki diplomatik missiýasy şu wagta çenli Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda, Täjigistanyň graždanynyň söweşlere gatnaşandygynyň hasaba alynmandygyny mälim etdi.
«Täjigistandan bolup, Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän bar, olar Ukrainanyň graždanlygyna eýe bolanlar. Ýöne biz Täjigistanyň graždany bolup, Ukrainanyň tarapynda söweşlere gatnaşýanlar barada eşitmedik» diýip, Täjigistanyň Ukrainadaky ilçisi Dawlat Nazrizoda aýtdy.
Sanawlary düzmek baradaky kararyň Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputaty Mihail Matweýewiň urşa "täjik batalýonyny" ibermegi teklip edeninden soň emele gelen bolmagy ähtimal diýip, çeşmeler çaklaýarlar.
Täjikler urşa düşmez ýaly näme etmeli?
Ukrainadaky Howpsuzlyk meselesini öwrenmek merkeziniň baş hünärmeni Oleksandr Kowalenko Azatlygyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, täjik migrantlaryny urşa gitmäge ynandyrmagyň aňsatdygyny aýtdy; bir tarapdan, olarda kuwwatly arka ýok, beýleki tarapdan, olar öz watanyndaky garyndaşlaryny we ýakynlaryny eklemek üçin, islendik işi ýerine ýetirmäge razy bolýarlar.
«Russiýanyň ýaragly güýçleri uly ýitgiler çekýär. Russiýa Federasiýasynyň häkimiýetleri goşunyň hatarlaryny islendik ýol bilenem bolsa doldurmak isleýär. Russiýada täjik migrantlary örän köplük we rus häkimiýetleri Ukraina garşy urşunda, bu ägirt uly rezerwi ulanmak isleýär. Täjikleriň urşa düşmezligi üçin näme etmeli? Munuň iki ýoly bar. Birinjiden, maglumat söweşi. Ikinjiden, Täjigistanyň häkimiýetleri Moskwanyň gazabyndan gorkman, kanuna daýanyp, berk protest bildirmeli hem öz graždanlarynyň urşa ugradylmagynyň öňüni almaly» diýip, bilermen aýdýar.
“Duşenbe Putiniň ýeňilmegini islemeýärler, ýöne...”
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Täjigistan Russiýa syýasy we ykdysady taýdan iň köp garaşly ýurt hasaplanýar. Ekspertleriň bellemegine görä, şol sebäpden täjik häkimiýetleri Ukrainadaky uruş bilen bagly haýsydyr bir karar kabul edilende, örän seresaply bolýarlar.
Täjigistanyň oppozisiýa liderlerinden biri Şarofiddin Gadoýewiň aýtmagyna görä, täjik häkimiýetleri, bir tarapdan, Putin režiminiň şowsuzlyga uçramagyny islemeýär, beýleki tarapdan, öz gözegçiliginde bolmadyk, ýurduň daşyndaky täjikleriň arasyndan, harby birikmeleriň döredilmegini islemeýär.
"Putiniň ýeňilmegi häzirki režimiň ýykylmagyny aňladýar. Beýleki tarapdan, täjik häkimiýetleri Täjigistanyň daşynda, öz gözegçiliginde bolmadyk harby bölümiň döredilmegini islemeýärler – diýip, Şarofiddin Gadoýew aýdýar – "Täjik batalýony" diýilýäni uruşdan soň, Täjigistanyň häkimiýetleri üçin, agyr howpa öwrülip biler. Meniň pikirimçe, Ukrainanyň territoriýasyndaky urşa gatnaşyjylara garşy jenaýat işiniň başlanmagyna şol ýagdaý sebäp bolandyr diýip çaklaýan".
Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary Ukrainadaky uruş barada näme pikir edýärler?
Radio Ozodiniň habarçylary Täjigistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary bilen Ukrainadaky uruş we rus deputatyň "täjik batalýonyny" döretmek çagyryşy barada, näme pikir edýändikleri hakda, gysgajyk sorag-jogap geçirdiler:
- "Men täjik raýatlarynyň başga halkyň harby çaknyşyklaryna gatnaşmagynyň we islendik syýasy kampaniýalary goldamagynyň tarapynda däl. Täjigistanyň goşunynda, öz watanyňda gulluk etmeli".
- "Eger Russiýada goşa raýatlygy bolan adamlaryň mobilizasiýasy hakynda kanun kabul edilse, onda näme etmeli? Olar muňa tabyn bolarlar, ýogsa-da deportasiýa ediler”.
- "Meniň pikirimçe, goşa raýatlygy bolanlar harby kampaniýa gatnaşmaly däl. Eger şeýle kanun kabul edilse, Orsýetiň raýatlygyny almakda migrantlara agyr howp abanýar. Olara iň gowusy, öz ýurdunda iş tapmak galýar”.
- "Kanuna laýyklykda, goşa raýatlygy bolanlar Russiýanyň tarapynda söweşmeli. Başga döwletiň pasportyny alan adam uly jogapkärçiligi duýmaly hem islendik wagtda täze watanyny goramaga taýýar bolmaly".
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Orsýet Ukraina çozup girdi hem doly göwrümli urşa başlady, olar gysga wagtda Kiýewi basyp almagy we ol ýerde häkimiýeti üýtgetmegi maksat etdiler. Muny amala aşyrmak mümkin bolmady. Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri ýol almady. Moskwadaky häkimiýetler Orsýetiň graždanlygyny almagy ýönekeýleşdirýän wadalary berip, migrantlar bilen goşuny doldurmak isleýär. Şol bir wagtda, Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyzystan ýaly käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri Orsýetde işleýän graždanlaryny Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrligi bilen baglaşylan şertnamalary babatynda, ägä bolmalydygy hakda duýduryş berdiler. Bu ýurtlarda şeýle hereketler "Hakyna tutmaklyk" jenaýat maddasynyň esasynda, jenaýat işi hasaplanyp, oňa 10 ýyldan 15 ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum