Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede, görnüşinden, prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tury geçiriler


Türkiýedäki saýlawlar
Türkiýedäki saýlawlar

Türkiýede 14-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç biri ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň 50% çägini geçip bilmedi. Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki TRT kanalynyň maglumatyna görä, häzirki wagt býulletenleriň 99,8% töweregi sanalyp, häkimiýet başyndaky Rejep Taýyp Erdogan sesleriň 49,5%-ni, onuň esasy garşydaşy, birleşen oppozisiýanyň dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglu bolsa 44,89%-ni alypdyr.

Bu deslapky netijeler bolup, soňky görkezijiler birnäçe günüň dowamynda aýan ediler. Emma, häzirki sanlardan çen tutulsa, görnüşinden, 28-nji maýda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tury geçiriler.

Prezidentlik kürsüsine “Alýans ATA” syýasy blogundan Sinan Ogan hem dalaş edýär. Soňky sanlara görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda ol sesleriň 5,17%-ni almagy başarypdyr.

Saýlawlardan öň, Memleket Partiýasyndan dalaşgär Muharrem Inje öz kandidaturasyny çekýändigini yglan etdi. Ol muny saýlaw kampaniýasy döwri özüne garşy gönükdirilen kompromat tolkunlary bilen düşündirdi. Inje hökümeti ýurt raýatynyň, galyberse-de prezidentlige dalaşgäriň at-abraýyny gorap bilmezlikde aýyplady.

Erdogan Türkiýä ilki premýer-ministr, soňy bilen hem prezident hökmünde 20 ýyl töweregi ýolbaşçylyk edýär. Häzirki saýlawlaryň häkimiýet başyndaky prezident üçin iň dartgynly ses berişlikdigi aýdylýar. Pikir soralyşyklaryň aglabasy oppozision kandidatyň az-owlak öňdedigini görkezdiler.

Kylyçdaroglu hökümetiň dünýewi esaslaryna ýykgyn edýän Respublikan-Halk partiýasyna wekilçilik edýär. Ol korrupsiýa garşy çykyşlary bilen tanalýar. Galyberse-de, ol Türkiýäniň Ýewropa ugry boýunça özgermeginiň hem tarapynda çykyş edýär. Ol prezidentlik saýlawlaryna alty sany oppozision partiýasynyň esaslandyran “Milli alýansy” tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürlendi.

15-nji maýda Erdogan öz tarapdalarynyň öňünde eden çykyşynda, entegem birinji turda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýandygyny, ýöne halk ikinji tury geçirmegi saýlasa, muňa garşy bolmajakdygyny aýtdy.

Kylyçdaroglu ikinji turda ýeňiş gazanjakdygyna ynamlydygyny belledi. "Eger-de ikinji tur yglan edilse, biz hökman ýeňeris. Jemgyýetde täzeçilige bolan isleg 50%-den ýokarydyr" diýip, ol çykyş etdi.

Bellesek, ses berişligiň öňýany Kylyçdaroglu Russiýany ýalan maglumatlary ýaýratmak dildüwşüginde aýyplapdy. Muňa Erdoganyň 7-nji maýda öz tarapdarlaryna görkezen wideosy sebäp boldy. Bu wideoda Kylyçdaroglu saýlawlarda ses bermäge çagyrýar we mundan soňra Türkiýede terroristik gurama hökmünde ykrar edilen Kürdüstan Işçi Partiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri peýda bolýar. DW neşiriniň žurnalistleri bu wideony seljerip, onuň iki sany aýra başga wideolardan düzülendigi baradaky netijä geldiler.

Erdoganyň tankytçylary onuň ýeňiş gazanan ýagdaýynda Türkiýäniň dolulygyna awtoritar döwlete öwrüljekdigine alada bildirýärler.

Türkiýe saýlawlara köp sanly meseleler bilen aralaşdy. Mundan üç aý ozal ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde bolan heläkçilikli ýer sarsgynynda 50 müňden hem aşa adam heläk boldy. Weýran bolan regionlar abatlaýyş işlerine mätäç.

Mundan başga-da, ýurtda agyr ykdysady krizis höküm sürýär. Geçen ýyl Türkiýede inflýasiýanyň derejesi 80%-den geçdi.

Kylyçdaroglu saýlaw kampaniýasy döwri, prezident saýlanan ýagdaýynda, ýurtda “hökümetiň ençeme ýyllap amal eden repressiýalaryndan soň”, demokratiýany dikeldip, ýurdy täze ugur boýunça äkitjekdigi barada söz berdi.

Türkiýe 14-nji maýda parlament saýlawlaryny hem geçirdi.

Sesleriň 99,95%-niň sanalmagy netijesinde, Erdoganyň AK (Adalet ve Kalkınma Partisi) partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky "Respublikan alýansy" sesleriň 49,3%-ni, ýa-da 600 orunlyk parlamentdäki 322 ýeri alýar. Oppozisiýadaky "Milli Alýans" bolsa, sesleriň 35,19%-ni, ýa-da 212 orun eýeleýär. Bu barada TRT Türkiýäniň Saýlaw toparyna salgylanyp maglumat berýär.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary raýatlaryň, öz ýurdundaky möhüm syýasy wakalardan tapawutlylykda, Türkiýedäki saýlawlary içginden yzarlandygyny aýdýarlar.

“Bu gün Balkanda esasan Türkiýedäki saýlawlar, olaryň mümkin netijeleri barada gürrüň edilýär. Türkmenbaşy şäherinde hatda gijesi bilen ýatman sesleriň sanalyşygyny yzarlan raýatlar hem boldy” diýip, Balkandaky habarçymyz 15-nji maýda gürrüň berdi. Ol döwletiň media serişdeleriniň berk gözegçilikde saklanmagy netijesinde, adamlaryň daşary ýurt telewideniýesine tomaşa edip, Türkmenistandan has köp şol ýurtlaryň syýasy durmuşy bilen gyzyklanýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Forum

XS
SM
MD
LG