Ukraina 12-nji maýda Bahmut şäheriniň ugry boýunça söweşlerde öňe ilerländigini aýtdy. Ukrain güýçleri Donetsk sebitindäki bu şäheriň gözegçiligi ugrunda ençeme aý bäri Russiýanyň güýçleri bilen agyr çaknyşyklary alyp barýarlar. Bu sebit Moskwanyň Donbas ugry boýunça ilerlemesiniň esasy nokadyna öwrüldi. Bu aralykda, Ukraina köpden bäri garaşylýan garşylykly hüjüme taýýarlyk görýär.
Goranmak ministriň orunbasary Hanna Malýar özüniň Telegram kanalynda, Ukrainanyň güýçleriniň şäherde iki kilometr öňe ilerländigini we russiýalylara hiç bir pozisiýany bermändigini aýtdy.
Malýar Kreml bilen ilteşikli “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň özleriniň ýeterlik ýarag we ok-däri bilen üpjün edilmeýändigi baradaky öňe sürmeleriniň hakykata bap gelmeýändigini, munuň ruslaryň Bahmutda çekýän agyr ýitgilerini delillendirmek üçin aýdylandygyny belledi. Wagnerçiler soňky ençeme aý bäri Donetskde frontuň öň liniýasynda söweşýärler.
“Duşman ýeterlik ýarag bilen üpjün edilmeýändigi barada ýalan maglumat ýaýradýar. Belki bu hakyky ýagdaýlary delillendirmek üçin edilýändir. Ýagny ýaraglaryň bardygyna garamazdan, şu hepde hakyky ýagdaý şulardan ybarat: duşman öz planlaryny amal edip bilmedi; duşman adam babatynda uly ýitgileri çekdi, biziň goragçylarymyz Bahmut ugry boýunça iki kilometr öňe ilerlediler; şu hepde Bahmutda biz ýekeje-de pozisiýasyny ýitirmedik” diýip, Malýar Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.
Söweş meýdanynda, ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň 44 hüjümini yza tesdirdiler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 12-nji maýda irden özüniň gündelik hasabatynda mälim etdi. Maglumatda Moskwanyň Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front çyzygy boýunça zarbalary ýagdyrmagy dowam etdirýändigi hem bellenilýär. Bu sebitde soňy aýlaryň dowamynda aldym-berdimli söweşler gidýär.
Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň birnäçe sebitde, şol sanda Bahmutda öňe ilerleýändigi barada peýda bolan habarlary ret etdi. Ýogsa, bu barada Moskwa tarapdar harby blogger, galyberse-de Prigožiniň özi mälim etdiler. Prigožin 11-nji maýdaky beýanatynda Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüminiň eýýäm başlanandygyny hem sözüne goşdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bu maglumatlary inkär etdi we “ýörite harby operasiýanyň geçirilýän sebitlerindäki ýagdaýlaryň gözegçilik astyndadygyny” öňe sürdi.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bolsa, Russiýanyň özüniň basybalyjylykly hereketleri üçin peýdalanýan “Moskwanyň Ukraina garşy harby operasiýasy” diýilýän kesgitlemesini ulanyp, ýagdaýlaryň “gaty agyrdygyny” aýtdy. Şol bir wagtda, ol käbir maksatlaryň amala aşandygyny hem öňe sürdi.
Prezident Wolodymyr Zelenski 11-nji maýda Ýewropanyň media serişdelerine beren interwýusynda Kiýewiň garşylyklaýyn hüjüm planlarynyň yza süýşürilýändigini aýtdy. Ol Günbatardan ýeterlik ýarag bolmasa, köp ýitgileri çekmezden, üstünlik gazanyp bolmajakdygyny aýtdy.
BBC Zelenskiniň “biziň öňe ilerläp, üstünlik gazanmagymyz mümkin” diýen sözlerini sitirleýär.
“Ýöne biz adamlarymyzy ýitireris. Meniň pikirimçe, bu kabul ederliksiz. Şonuň üçin, biz garaşmaly. Bize ýene birneme wagt gerek... Serişdeler barada aýdylanda, entek ähli zat gelip gowuşmady” diýip, Zelenski sözüne goşdy.
Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüm taýýarlyklaryna 11-nji maýda möhüm goşant yglan edildi. Britaniýa Ukraina 250 kilometrden gowrak aralykdaky nyşanalary urup bilýän ganatly raketalary iberýändigini mälim etdi. Bu Kiýewe front liniýasyndan uzakdaky nyşanalary urmaga mümkinçilik berer.
Britaniýanyň goranmak ministri Ben Wallase britan kanunçykaryjylaryna Ukraina “Storm Shadow” raketalary ibermek baradaky netijä gelnendigini tassyklady.
Britaniýanyň mediasy Kiýewiň bu raketalary Russiýanyň territoriýasyna atmajakdygy barada söz berendigini ýazýar.
Kreml Londonyň bu ädimine “degişli” jogap berjekdigi bilen haýbat atdy.
Forum