Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Köçede gezmek, hatda öýde oturmak gaty gorkunç". Frontdan gaýdyp gelen “Wagner” toparynyň hakyna tutma esgerleri täzeden adam öldürýärler


'Wagner' toparynyň Sankt-Peterburgdaky merkeziniň öňündäki harby lybasdaky adamlar (arhiw suraty)
'Wagner' toparynyň Sankt-Peterburgdaky merkeziniň öňündäki harby lybasdaky adamlar (arhiw suraty)

Frontdan gaýdyp gelen rus harbylary jenaýat maglumatlary baradaky habarlarda barha köp peýda bolýar. Psihologlaryň tassyklamagyna görä, eger ol uruşdan öň adam öldürmedigem bolsa, uruşdan gaýdyp gelenden soň, onuň aňy öňküsi ýaly bolmaýar. Her bir esgeriň psihikasy şikese duçar bolýar.

Uruşdan gaýdyp gelen orsýetliler jenaýat maglumatlary baradaky habarlarda çalt-çaltdan peýda bolýarlar.

Web-saýtda “Wagner” toparynyň hakyna tutma söweşijilerinden bolan serhoş esgeriň Woroneždäki myhmanhanalaryň birinde, Milli Gwardiýanyň esgeri bilen erjeşip duran wideosy peýda boldy. Ony tussag edenlerinde, ýanyndaky goş-golamynyň arasyndan, bäş ýüze golaý söweş oklary tapylypdyr. Oňa polisiýa işgärini urmakda, paýyş sögünmekde, ýarag enjamlaryny saklamakda aýyplanma bildirildi. Munuň özi parahat durmuşa gaýdyp gelen harby tarapyndan edilen iň ýeňil jenaýatlaryň biridir.

Russiýanyň Kirow oblastynda ozalky tussag 85 ýaşly Ýuliýa Buýskih atly pensioner aýaly öldürdi. Dört ýyl mundan ozal Iwan Rossomahin öz obasynyň başga bir ýaşaýjysyny öldürip, türmä basyldy. Ol ýerden “Wagner” toparynyň hakyna tutma söweşijisi hökmünde urşa gitdi. Sülçüleriň aýtmagyna görä, Rossomahin mart aýynda frontdan gaýdyp gelýär we ýüz ugra Ýuliýa Buýskihi öldürýär. Mundan öňinçä ol palta bilen iki maşynyň aýnalaryny döwmäge ýetişýär. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ol oba arasynda serhoş halda gezip, goňşularyna ýarag bilen haýbat atypdyr.

«Elinde çarşak, palta, pyçak. Gygyryp barýar: "Baryňyzy öldürerin, bütin maşgalaňy soýaryn." Hä diýmän garaža tarap sowuldy, soň men ony görmedim» diýip, Rossomahiniň obadaşlarynyň biri aýdýar.

Polisiýa ony bir günläp tussag edip, soňra obadan çykarjakdygyna söz berýär.

«Aslynda, boljak zat bolmalydyr. Ol adam örän howsalaly, onuň kynçylyklary bar. Bu ýerden ýok bolar ýaly, sişenbe güni biz ony ähli paty-putusy, goş-golamy bilen otla mündürdik. Men ony gaýdyp şu ýerde görmäýin» diýip, Içeri işler bölüminiň ýerli ýolbaşçysy Wadim Warankin söz berdi.

Emma Rossomahin gitmedi. Soňra ikinji adam ölümi ýüze çykdy.

«Men baryp güýzde aýtdym, bize köçä çykmagyň gorkuly boljakdygyny. Ýöne bize hatda öýde oturmagyň hem gorkunç boljakdygy kelläme-de gelenokdy. Men bir ýüzli açyk-aýdyň netijä geldim, adamy mundan beýläk-de adam öldürmek şerti bilen türmeden çykaryp biljek dokumentlere gol çekmegi kim oýlap tapan bolsa, şolar günäkär» diýip, öldürilen Ýuliýa Buýskihiň agtygy Anna Pekarýewa aýdýar.

Psihologlar adam uruşdan öň hiç kimi öldürmedigem bolsa, uruşdan gaýdyp gelenden soň, onuň aňynyň öňküsiçe bolmajakdygyna ynanýarlar. Her bir esgeriň psihikasy şikese duçar bolýar. Aýratyn ýagdaýlarda şikeslenme lapykeçlikden soň döreýän sarsgynly näsazlyga öwrülip bilýär.

«Olar zalymlygyň örän ýokary jemlenen ýagdaýy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýlelikde, sarsgyndan soňky gorky peýda bolýar, onuň dürli kesgitlemeleri bar, aslynda, munuň arkasynda örän ýönekeý zat bar – gorky durýar. Stressden, ýagny ýaramazlyga garşy döreýän sarsgyndan emele gelýän gorky şeýle güýçli bolup, adam eýýäm ol ýagdaýdan çyksa-da, onuň aňynda galýar. Diňe bir harbylarda däl, gorky durmuşda, hatda gündelik şertde, näme bolaýanda-da, islendik agressiýanyň sebäbi bolup durýar. Adamyň gaharjaňdygyny gördüňmi, diýmek, ol gorkýar» diýip, psiholog Aleksandr Kolmanowskiý aýdýar.

Öňki harby bilen bagly soňky wakalaryň biri Nižniý Nowgorod sebitinde bir aýalyň öldürilmegidir. Ony uruşdan gaýdyp gelen ýanýoldaşy ýaş çagalarynyň gözüniň alnynda, pyçaklap öldüripdir. Goňşusynyň aýtmagyna görä, ýörite harby operasiýa diýilýäninden gaýdyp gelensoň, Aleksandr Mamaýew güýçli içip başlapdyr hem aýalyny urupdyr.

«Çagalar ylgap ýanyma geldiler: "Kolýa daýy, kömek et. Kakam ejemi öldürýär” diýdiler. Barsam, ol aýalyny bogup duran eken. Ol aýalyny bäş-alty gezek bogupdyr» diýip, Nikolaý Ýurýew aýdýar.

Soňky gezek Aleksandr Mamaýew aýalyna pyçakly topulypdyr. Onuň ýarasy heläkçilige eltipdir. Mamaýew tussag edildi. Goňşusynyň aýtmagyna görä, polisiýa stoluň üstünde dört sany boş konýak çüýşesini görüpdir, ýogsam öň Aleksandrda spirtli içgilere uly höwes bolmandyr. Ol açyk kazinolarda köp oýnaýardy, işsizdi, karz alýardy, ýöne ýygy-ýygydan içmeýärdi. Uruş barada hem edil lotereýa oýny ýaly gürrüň berýärdi.

«Ol köpleriň ynjalykdan aýrylýandygyny adamlaryň akylyndan azaşýandygyny aýtdy. Aýtmagyna görä, onuň rota komandiri gözüniň alnynda partlamanyň üstünden baryp, bölek-bölek bolupdyr. Üç günläp hiç zat iýmedim» diýip, Ýurýew ýatlaýar.

Tshinwali şäherinde 34 ýaşly Georgy Siukaýew köçede barýan bir adamy – 38 ýaşly, etli-ganly deşli adamy pyçaklap öldürdi. Adam öldürilmeginiň sebäbi ahyryna çenli doly düşnükli däl. Mundan öň hem Siukaýew birini öldüripdi, 2014-nji ýylda Donbasda öz komandirini öldürip, türmä düşýär.

HHK “Wagneriň” ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin teklip edensoň, Siukaýew koloniýadan urşa gaýdypdy. Ol “wagnerçileriň” Ukrainadaky parahat ilatyň durmuşyny nähili gadyrly saýýandygy barada interwýu berende: "Biz parahat ilata zyýan ýetirmezlik üçin, has golaý barýarys. A olar bolsa parahat ilatyň arkasynda bukulýarlar" diýip gürrüň berdi.

Ukrainadaky uruşdan näçe orsýetli geçdi, olaryň näçe sanysy öýüne dolanyp geldi, belli däl. Olaryň näçe sanysynyň jemgyýete howp salýandygy has beter belli däl, edil öňki harby gullukçylaryň parahat durmuşa uýgunlaşmak we saglygyny dikeltmek çäreleriniň belli bolmaýşy ýaly.

«Eger adam heniz howply araçäkden daşda bolmasa: gaharlanyp, gapyny şarkyldadyp, ýerde ýatan zady zyňýan bolsa, onda oňa bejeriş usulynda garamaga çalyşmaly – ol gorkyny ýumşatmak hem onda gowy jemgyýetçilik garaýşyň ýaňadan peýda bolmagy üçin, özüne çekip biljek manyly işe gönükdirmeli. Eger ol gara güýje daýanyp gazaplansa, ýumruk göterip başlasa ýa-da pyçak bilen haýbat atsa, oňa hatda ýüz tutjagam bolman, ätiýaçsyz gaçmak hökman» diýip, psiholog Aleksandr Kolmanowskiý düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG