28-nji aprelde irden Russiýanyň Ukrainanyň ençeme şäherine, şol sanda paýtagt Kiýewe uran zarbalarynyň netijesinde azyndan sekiz adam öldi. Bu barada regional resmiler we harbylar maglumat berdiler. Bu aralykda, gündogardaky Bahmut şäheri ugrundaky agyr söweşler dowam edýär.
Ukrainada ir bilen howa hüjümi baradaky duýduryşlaryň ýaňlanmagynyň yzy bilen, ýurduň dürli künjeklerinden Russiýanyň heläkçilikli zarbalary baradaky maglumatlar gowşup başlady.
Russiýanyň merkezi Ukrainadaky Çerkasy regionynyň Uman şäherine atan raketalarynyň netijesinde azyndan alty adam öldi, başga-da dokuzsy ýaralandy. Bu barada regional harby administrasiýanyň başlygy Ihor Taburets habar berdi.
Ol raketalaryň şäheriň bir ýaşaýyş jaýyna we ammaryna gelip düşendigini hem sözüne goşdy.
Russiýanyň güýçleriniň Dnepr derýasynyň boýundaky iri Dnipro şäherine atan rakeatlary bir aýaly we ýaş gyzjagazy öldürdi. Şol bir wagtda, Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy ýedi raketany urmagy başardy. Bu barada Dnipropetrowsk regionynyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak mälim etdi.
“Dniproda bir hususy jaý weýran edildi. Iki ýaşly gyzjagaz we 31 ýaşyndaky bir zenan öldürildi. Üç adam ýaralandy” diýip, Lysak aýtdy.
Ol hüjümiň netijesinde bir hususy kärhananyň binasynda ýangynyň dörändigini, şeýle-de oňa agyr zyýanyň ýetendigini belledi.
Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň paýtagta atylan raketalaryň aglabasyny urup düşürmegi başarandygyny aýtdy.
“Deslapky maglumata görä Kiýewiň howa giňişliginiň üstünde 11 sany ganatly raketa ýok edildi. Mundan başga-da, iki dron urlup düşürildi” diýip, Popko belledi.
Hüjümde sebitiň elektrik liniýalaryna we raýat infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi.
Ýerli resmileriň maglumatyna görä, Kiýew regionynda bir binanyň gaçan galyndylarynyň netijesinde bir çaga ýaralanypdyr.
Öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň merkezi Kremençuk we Poltawa şäherlerinde, şeýle-de günortadaky Mykolaýiw şäherinde partlamalaryň sesleri eşidildi.
Ukrainanyň Harby Howa Güýçleri Serkerdeliginiň beren maglumatyna görä, Ukrainanyň şäherlerine zarbalar Russiýanyň Kaspi deňizindäki strategiki Tu-195 kysymly harby uçaryndan amala aşyrylypdyr.
Ukrain harbylary ýurduň merkezi, gündogar we günorta sebitlerine garşy atylan 23 ganatly raketanyň 21 sanysynyň urlandygyny we iki dronyň ýok edilendigini habar berdiler.
Russiýa Ukraina garşy doly gerimli söweşe geçeninden bäri, bu öňe sürmäni inkär edýän köp sanly delillere hem garamazdan, ýurduň raýat desgalaryny nyşana almaýandygyny tekrarlap gelýär.
Bu aralykda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Bahmut-Awdiýiwka-Maryinka front çyzygy boýunça agyr söweşler dowam edýär.
Soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň güýçleri 65 hüjümi amala aşyrdylar, emma ukrain goragçylary olaryň ählisini yza tesdirdiler diýip, harbylar mälim etdiler.
27-nji aprelde NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg çykyş edip, ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň üpjün eden harby hemaýatynyň, Ukrainanyň Russiýanyň basyp alan sebitlerini azat etmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrdy diýip, belledi.
Stoltenberg NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda ýaranlaryň söz beren harby ulaglarynyň “98%-den hem aşa mukdarynyň” eýýäm gowşurylandygyny aýtdy.
“Bu 1 müň 550-den hem köp harby ulagy, 230 tanky, beýleki serişdeleri we köp sanly ok-därileri aňladýar” diýip, ol nygtady.
“Jemi hasapda, biz Ukrainanyň dokuzdan hem köp täze brigadasyna tälim berdik we üpjünçiligini ýola goýduk. Bu Ukrainanyň okupirlenen territoriýalaryny yzyna almak boýunça dowam etdirýän tagallalarynyň çägindäki durumyny berkider” diýip, Stoltenberg aýtdy.
Şol bir wagtda, Ýaranlygyň başlygy “Russiýadan abanýan howpy äsgermezçilik etmeli däldigini” hem sözüne goşdy.
Stoltenbergiň bellikleri, Kiýewiň köpden bäri garaşylýan garşylyklaýyn hüjüme geçmäge taýýarlyk görýändigi baradaky maglumatlara gabat geldi.
Forum