Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Basylyp alnan ýerdäki ykdysadyýet. Kesekiniň ýerini basyp almak nähili derejede peýdaly


Rus goşuny tarapyndan basylyp alnan Mariupolda öz-özünden dörän bazar
Rus goşuny tarapyndan basylyp alnan Mariupolda öz-özünden dörän bazar

Russiýanyň Ykdysadyýet ministrligi Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan anneksiýa diýlip yglan edilen Ukrainanyň dört sebitiniň tut nominal önümini kesgitledi. Ministrligiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Russiýada hasaba alynmadyk nominal bitewi içerki önüm (BIÖ) 157,8 trillion rubla barabar bolupdyr we hasaba alnan mukdar 159,8 trillion rubla deň. Şeýlelikde, hökümet ýolbaşçylary basyp alnan territoriýalaryň bitewi içerki önümi 2 trillion rubla barabar diýip hasapladylar.

Bu ýönekeý harby-arifmetik hasaplamalaryň netijesinde, şu ýylda Russiýanyň ykdysadyýetine statistiki taýdan 1,2-1,3% goşular. 2 trillion diýlen san birnäçe nollaryň tirkelip gelmegi bilen ilkibaşda gowy hem owadan görünýär, ol tegelek san. Ýöne bu diňe ol sany bir zat bilen deňeşdirýänçäň şeýle görünýär. Sebäbi 2 trillion rubly dollara öwürseň, has sada möçberde – 25 milliard töweregi bolýar.

Bu diňe nebit we gaz eksportyndan 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda halkara sanksiýalary sebäpli Orsýetiň gazanyp bilmedik möçberine deňdir. Halkara Energetika Hartiýasynyň maglumatlaryna görä, ýanwar aýynda Russiýanyň uglewodorod serişdeleriniň satylmagyndan alnan girdeji 18,5 milliard dollara barabar boldy. Mundan bir ýyl ozal bolsa, 2022-nji ýylyň ýanwarynda Russiýa 30 milliard dollara golaý gazandy.

Brýusseldäki Russiýanyň "LUKOÝL" nebit kompaniýasynyň boýkotyny goldamak boýunça geçirilen çäre. Maý, 2022-nji ýyl.
Brýusseldäki Russiýanyň "LUKOÝL" nebit kompaniýasynyň boýkotyny goldamak boýunça geçirilen çäre. Maý, 2022-nji ýyl.

Ilki bilen 2022-nji ýylyň ýanwary urşuň başlanmagyndan öňki aý bolany sebäpli deňeşdirmek üçin möhümdir. Ikinjiden, 2022-nji ýylyň başynda «Brent» nebitiň bahasy bir ýyldan soňraky baha bilen deň boldy. Şeýlelikde, ýitirilen 11,5 milliard dollar gönüden-göni urşuň netijesidir. Russiýanyň we Demirgazyk deňzi nebitiniň bahasynyň tapawudy bolsa peselmedi. Şeýlelikde, ikinji aýyň ýitgileri ýanwar aýyndaky ýitgiler bilen deňeşdirilýär.

Ýene-de bir deňeşdirme. Ösen ýurtlarda doňdurylan rus emläginiň möçberi 300 milliard dollara golaýdyr. Bu sanlar Moskwanyň resmileri tarapyndan gaýta-gaýta agzalyp geçilýär. Eger bir gudrat bilen anneksiýa edilen ukrain sebitleri Orsýetiň düzümine girip galsa-da, olaryň ykdysadyýete goşýan goşandy bu ýitgini 12 ýylyň içinde "üzüp biler".

Rus goşunlarynyň birnäçe aý bäri basyp almaga synanyşýan Bahmut şäheri, 2023-nji ýylyň 15-nji apreli.
Rus goşunlarynyň birnäçe aý bäri basyp almaga synanyşýan Bahmut şäheri, 2023-nji ýylyň 15-nji apreli.

Ýöne welin bu ýagdaýda harajady ödeýjilik, ýagny çykdajyny yzyna gaýtarmak barada gürrüň etmek düýbünden ýerliksizdir. Uruş sebäpli Russiýanyň hökümeti 2022-nji ýylda ilkibaşdaky goýlan býujetden 7,5 trillion köp harçlady.

Şu ýyl bolsa, döwlet maliýesindäki "deşik" eýýäm anneksiýa edilen sebitleriň bitewi içerki önüminiň ýyllyk derejesini has ýokarlandyrdy. Entek diňe birinji kwartal geçdi. Frontdaky ýagdaýyň ýaýbaňlanyşyna görä bolsa, urşuň uzak wagtlap maliýe, maddy we ynsan serişdelerini owum-döwüm etmegini dowam etdirjekdigine hiç hili şübhe ýok.

Ykdysady ösüş ministrliginiň seljermesi diňe anneksiýa edilen sebitleriň ykdysadyýetiniň örän gözgyny ýagdaýdadygyny tassyklaýar. Nähili-de bolsa, ol ýerde urşuň barýandygy hiç geň zat däl. Her niçigem bolsa, rus häkimiýetleri basyp alan ýerleri bilen birlikde 6 milliona golaý ilaty almagy hem umyt edýär. 25 milliard dollara barabar bolan bitewi içerki önüm (BIÖ) adam başyna BIÖ-iň 4 müň dollardan az-kem ýokarydygyny aňladýar.

Basylyp alnan Mariupoldaky weýrançylyk. 2023-nji ýylyň mart aýynyň ortalary.
Basylyp alnan Mariupoldaky weýrançylyk. 2023-nji ýylyň mart aýynyň ortalary.

Dünýä kadalaryna görä, bu örän pes görkezijidir. Ol diňe bir dünýä derejesinde däl: häzirki Russiýadan 3 esse ýokarydyr. "DHR" we "LHR" diýlip atlandyrylýan, şeýle hem Ukrainanyň Zaporožye we Herson sebitleriniň basylyp alnan bölekleri Russiýanyň statistikasynda göz öňünde tutulyp başlanandan soň bolsa, ýurtda ortaça adam başyna düşýän BIÖ peseler. Şeýlelikde, Russiýanyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini seljermegiň esasy görkezijisi şudur. Bu ýerde Russiýa üçin öwünmäge hiç zat ýok. 2021-nji ýylyň ahyrynda Russiýa dünýäde 63-nji ýerde – Kosta-Rikanyň yzyndaky orunda boldy. Hasabatdan soň bolsa, ol sanawyň aşaky bölegine – örän kämilleşmedik ýurtlaryň hataryna düşmek howpy abanýar. Görşümiz ýaly, statistika statistikadan tapawutlanýar: tutuş mesele nämä anyk baha beriljeginde.

Netijede, ýigrimi birinji asyrda basyp alyjylykly uruşlaryň örän peýdasyzdygy ýüze çykýar. Muňa haýsy tarapdan seretseň-de, nähili hasaplasaň-da, bar ýerde çykdajylar bar. Gynansak-da, bu diňe bir maddy-material meselesinde däl. Russiýa üçin ykdysady, demografik, syýasy nukdaýnazardan beýle heläkçilige eltýän başga bir zady hyýala getirmegem mümkin däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG