Russiýanyň sudy tussaglykdaky amerikan žurnalisti Ewan Gerşkowiçiň Moskwadaky Lefortowa türmesindäki deslapky tussag merkezinden boşadylmagy baradaky arzasyny ret etdi.
The Wall Street Journal neşiriniň 31 ýaşly žurnalistine içalyçylyk aýyplamalary bildirilýär. Gerşkowiç bulary ret edýär.
18-nji aprelde geçirilen diňlenşigi synlamak üçin ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Linne Trasiniň (Lynne Tracy) ýolbaşçylygyndaky delegasiýa, şeýle-de on žurnaliste ygtyýar berildi.
Russiýanyň kanunçylygyna görä, ilkinji sud diňlenişiginiň dowamynda güman edilýäniň derňew wagty nirede we haýsy şertlerde garaşmalydygy kesgitlenýär.
Suduň gysga wagt dowam diňlenişiginde žurnaliste garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça hiç hili delil görkezilmedi. Onuň tussaglyk şertleri barada hem maglumatlar bada-bat elýeterli bolmady.