Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milisionerler ýaş gyzjagazy ogurlyk edeni üçin türmä basmak haýbaty bilen gorkuzyp zorlaýarlar (wideo)


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti köpçülik arasynda uly seslenme döreden Bişkek şäherinde 13 ýaşly gyzjagazyň milisionerler tarapyndan zorlanandygy baradaky jenaýat işine soňky nokady goýdy diýip, «Настоящее Время» telekanaly habar berýär. Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň öňki iki işgärlerine gutarnykly höküm çykardylar: birine ýedi ýarym ýyl, beýlekisine dokuz ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berildi. Bazaryň garawuly 10 ýyl möhlet bilen türmä basyldy.

Gyrgyzystanyň milisionerleri 13 ýaşly gyzjagazy zorlandygy üçin, ýedi ýarym we dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

2022-nji ýylyň awgust aýynda 13 ýaşly gyzjagaz Bişkekdäki "Dordoý" bazarynda telefonyň gulaklygyny ogurlandygy üçin, ele salynýar. Ony ilki bazaryň garawuly zorlapdyr, soňra kämillik ýaşyna ýetmedikleriň inspektory, soňra-da iki milisiýa işgäri zorlapdyr. Alty aýyň dowamynda dört erkek kişi ýaş gyzy elden-ele geçip, gaýta-gaýta zorlapdyrlar, eger ol garşylyk görkezen ýagdaýynda, türmä basyljagy bilen gorkuzyp haýbat atypdyrlar.

Bolan waka Gyrgyzystanda uly seslenme döretdi: adamlar Bişkek şäherinde Içeri işler gullugynyň ýolbaşçylarynyň işden boşadylmagyny talap edip, protest geçirdiler, zorluk eden egni pogonlylara garşy ýowuz höküm çykarylmagyny talap etdiler. Hossarlary gyzyny zorlanlaryň ömürlik türme tussaglygyna höküm ediljekdigine umyt baglapdyrlar, jebir çeken maşgalanyň aklawçysy jenaýatçylara azyndan 15 ýyl türme tussaglygyny sorapdyr. Emma kazylar maşgalanyň talaplaryny diňlemändir.

"Men bu karardan närazy – diýip, höküm yglan edilenden soň, jebir çeken gyzyň kakasy aýtdy. — Garga garganyň gözüni çokmaýar, olaryň hemmesi bir-birini goldaýarlar. Men halka ýüzlenmek isleýän, şeýle ýagdaýa düşen adamlara ýüzlenýärin: kazyýetlere we häkimiýetlere ynanmaň! Zorluk edenleriň aklawçylarynyň özleri – Gyrgyzystanyň korrupsiýanyň watanydygyny, bu ýerde bar zady satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar".

Kazyýet jeza çäreleriniň ýumşaklygyny jogapkärçilige çekilenleriň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň bardygy bilen düşündirdiler. Emma aklawçylar aýratyn agyr maddalar boýunça jenaýat işi gozgalan halatynda, beýle ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmaly däldigini öňe sürýärler.

«Adam öz Facebook sahypasynda aýdan sözleri üçin, bäş ýyl türme tussaglygyny alýar. Şeýle agyr jenaýat üçin, aýratyn agyr, bary-ýogy ýedi ýarym ýyl möhlet kesgitlenilýär! Bu jenaýatyň agyrdygyna, onuň häsiýetine, jemgyýetçilik netijelerine we jenaýatyň kimiň gurbany bolandygyna, munuň baryna garamazdan, şeýle möhlet berilýär! Bu adalatlymy? Nähilem bolsa şeýle karar çykarylýar» diýip, aklawçy Timur Soltanow nygtaýar.

Ýurduň ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleri şeýle kazyýet kararlarynyň Gyrgyzystanda çagalara garşy edilýän zorluk derejesiniň umumy ýagdaýyny has-da erbetleşdirýändigini belleýärler. Şeýle jenaýatlaryň derejesi örän ýokary bolmagynda galýar we köplenç ýagdaýda olar ýeterlik derejede barlanylmaýar: şeýle waka diňe köpçülikleýin habar serişdelerinde köpçülige ýaýrandan soň, sülçüler iş alyp barýarlar. Netijede, pedofiller jezasyz galjagyny duýýarlar. Olardan ejir çekenler bolsa, zorluk edeniň tiz wagtdan azat boljakdygyny bilip, özlerini goragsyz duýýarlar.

«Aslynda, şeýle zorluk-sütemiň pidasy bolanlar bu jynsy zorlugy edýänleriň doly aradan aýrylmajagyny, eden jenaýatyna laýyk jeza çekmejekdigini bilýärler. Şu sebäpli hem olaryň ruhy taýdan diklenişi gaty ýaramaz gidýär. Jebir çeken jenaýatçynyň öz jezasyny doly almandygyny görýär. Şoňa görä-de, bu onuň ruhy taýdan saglygyna täsirini ýetirýär» diýip, Bişkek şäherindäki “Çaga hukuklarynyň goragçylar topary” fondunyň başlygy Nazgül Turdubekowa aýdýar.

Jebir çeken gyzyň aklawçylary onuň örän göwnüçökgün ýagdaýdadygyny, onyň adamlara bolan ynamynyň ýitendigini aýdýarlar. Ol gyz psihologiki kömege, durmuşa uýgunlaşmaga we täzeden jemgyýete girişmäge mätäç. Şeýle-de bolsa, bu kararyň täzeden gözden geçirilmegine umyt etmegiň geregi ýok: Ýokary kazyýetiň çykaran karary gutarnykly bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG