Gazagystandaky Baýkonur kosmodromy öňki sowet we häzirki zaman rus kosmonawtikasynyň taryhy bilen şeýle bir berk baglanyşykly welin, ol onuň aýrylmaz bölegi ýaly görünýär. Nähili-de bolsa, geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri “Baýkodrum” Russiýadan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşmaga başlady. Gazagystan bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2050-nji ýyla çenli ulanmaga haky bolsa-da, Russiýa kem-kemden Baýkonura barmagyny azaldýar, ol ýerdäki kosmosy arşa goýberiji kompleksleriň sany azalýar we köp halatda geljekde nähili boljagy baradaky soraglar ýüze çykýar. 2023-nji ýylyň başynda kosmodromy bilelikde ulanmak meselesi has-da ýitileşdi: Gazagystan rus emlägini ele geçirip, 2 milliard rubl talap edýär, Russiýa bolsa 220 million dollara garşy öz talaplaryny öňe sürýär.
1994-nji ýylda Russiýa bilen Gazagystanyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, ähli uçuryjy enjamlary bolan Baýkonur kosmodromy Gazagystanyň emlägine öwrüldi, ýöne Russiýa ýylda 115 million dollar töläp, ol ýerdäki zerur bolan ähli ýeri we infrastrukturany kireýine aldy.
Russiýa Baýkonury öz milli programmalary, şol sanda harby maksatlary hem-de halkara taslamalary üçin ulanýar: kosmonawtlar tarapyndan dolandyrylýan "Mir" stansiýasy boýunça hyzmatdaşlyk gurap, beýleki ýurtlaryň ylmy enjamlaryny arşa goýberýär. Baýkonur “Roskosmosyň” söwda-geleşik işlerine-de möhüm orun berdi. Diňe daşary ýurt hemralaryny “Proton” raketalary arkaly kosmosa çykarmak netijesinde, Russiýa soňky 25 ýylyň dowamynda 10 milliard dollara golaý girdeji gazandy.
2000-nji ýyllarda Baýkonurdan "Soýuz", "Proton", "Zenit", "Dnepr", "Tsiklon" seriýalynyň raketalary goýberildi. Olaryň her biriniň kosmodromda öz uçuş kompleksi bardy. Ol kompleksleri peýdalanmak üçin, aýratyn el güýji, zähmet we serişdeler gerekdi. Bularyň ählisi hem Russiýanyň, hem Gazagystanyň mundan beýläk-de bähbitleri üçin, ýokary gyzyklanmany emele getirýärdi.
Emma Russiýa gazanç üçin kosmodromdan işjeň peýdalanyp, diňe belli bir çykdajylara az töleg çykaryp başlan ýagdaýynda, bu Gazagystana ýaramady. Galyberse-de, “Roskosmosyň” esasy "gazanç çeşmesi" “Proton” boldy. Ol bolsa zäherli ýangyjyň kömegi bilen uçurylýar, onuň täsirinden esasy agram Gazagystanyň daşky gurşawyna düşýär. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda, gaýta-gaýta krizis ýagdaýlaryna sebäp boldy, ahyrynda raketanyň goýberilişini wagtlaýyn gadagan etmäge baryp ýetdi.
Baýkonurdan peýdalanmak we döwletara dartgynlygy azaltmak maksady bilen iki ýurduň kosmos agentlikleri bilelikdäki "Baýterek" taslamasyny işläp düzdüler. Onuň esasy maksady daşky gurşawa ýaramaz zyýany azaldýan raketalarda söwda-işewürlik işini bilelikde ulanmakdan hem-de Baýkonur kosmodromynyň bir bölegini täzeden dikeltmekden ybaratdy. "Baýterek" diýip atlandyrylan bu taslama kagyz ýüzünde 2004-nji ýyldan başlandy.
"Soýuz-5" raketasy importyň ornuny tutýan “Zenitdir”. "Zenit" SSSR döwrüniň raketasy bolup, onuň düzümine rus we ukrain önümçiliginiň komponentleri girýärdi, onuň uçuşlary 1990-2000-nji ýyllarda dowam etdi. 2014-nji ýylda Russiýanyň Ukrainadan Krymy basyp almagyndan soň, “Zenit” raketalaryny öndürmek mümkin bolmady. Ýöne onuň Baýkonurdaky we ABŞ-nyň “Deňiz starty” kosmodromyndaky uçuş desgalary saklanyp galdy.
“Deňiz starty” [Sea Launch] Kaliforniýada ýerleşse-de, soňky wagta çenli ol bütinleý diýen ýaly Russiýanyň “Energiýa” RSC degişlidi. Ol “Roskosmosyň” gatnaşmagynda Russiýanyň "S7 Space" hususy kärhanasy tarapyndan satyn alyndy we Russiýanyň döwlet korporasiýasyndan, biznes işleri üçin 80-den gowrak raketa öndürmegi buýurmaga taýýardygyny mälim edipdi.
Şol bir wagtda "Soýuz-5" bolsa Gazagystana “Baýteregi” we “Angary” çalyşmak ornunda hödürlendi. Ýöne «Soýuz-5» kysymly howa gämisini Baýkonurdan kosmosa çykarmak üçin, “Zenit” raketasynyň uçuş meýdançalaryndaky desgalary kompleksleýin döwrebaplaşdyrmak gerek. Şeýlelikde, “Baýterek” bilen “Angaranyň” ornuna “Soýuz-5” dikeldilse, proýekte ikinji janlanyş berip, ony "kagyz" kategoriýasyndan "demire" geçirip bilerdi. Sebäbi “Zenitiň” uçurylmagy üçin ähli zerur infrastruktura “Baýterege” geçirilipdi. Emma Gazagystan uçuş kompleksini döwrebaplaşdyrmak boýunça döwletara ylalaşyk esasynda meýilleşdirilen 220 million dollary işe girizmäge howlukmady. Bu haýallygyň iki sebäbi boldy: "Soýuz-5" raketasynyň gurluşynyň gijikdirilmegi we ABŞ-nyň rus raketasyna garşy sanksiýalarynyň başlanmagy.
ABŞ-nyň sanksiýalary 2015-nji ýylda Russiýanyň Krymy basyp almagy netijesinde, rus kosmos kompaniýalarynyň önümlerine girizildi, emma ol diňe 2023-nji ýyldan güýje girdi. Şoňa görä-de, “Baýteregiň” döredilen wagtyndan ýa-da "tehniki-ykdysady esaslary" düzülen döwründen, ol 2023-nji ýylda ýerine ýetirip bolmajak ýagdaýa öwrüldi.
Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberde urşa başlamagy bilen onuň daşary ykdysady ýagdaýy has-da agyrlaşdy. Gönüden-göni sanksiýalara "Hruniçew Merkezi" — "Baýterek" kompaniýasynyň rus tarapyndan bolan eýeçiligi we "Soýuz-5" öndürijisi bolan “Progress RCC” degişli boldy. Rus raketalarynyň ähli günbatarly müşderileri gündogar raketalarynyň bir bölegi bilen birlikde, “Roskosmosdan” ýüz öwürdiler. Şeýle şertlerde “Baýteregiň” ykdysady geljegi has-da çylşyrymlaşdy. Şonuň üçin-de Gazagystanyň ulanyp bolmaýan baýlyklara maýa goýmak islemeýändigi düşnüklidir.
Russiýa "Soýuz-5" göterijisini taýýarlamakda kyn ýagdaýa düşdi, hatda döredilen raketany hem kosmosa çykarjak meýdançasy ýokdy. "Deňiz starty" mobil kosmodromy Russiýanyň elinde bolsa-da, ony-da döwrebaplaşdyrmak zerurdy, bu bolsa “Baýterekden” birnäçe esse gymmada düşýärdi.
Uçuş kompleksi bolmazdan, söwda-biznes, şeýle-de döwlet talaby öňe sürülmezden, raketanyň döredilmeginiň manysy ýitýär. Megerem, şol sebäpden “Roskosmos” başga bir raketa – “Amur-LNG” önümçiligini janlandyrmagy maksat edindi. Bir ýyl mundan ozal “Roskosmosyň” öňki başlygynyň aýtmagyna görä, bu raketanyň ösdürilmegini "çaltlaşdyrmagyň kynçylygy ýok". “Amur-LNG” gurluş taýdan “Soýuz-5” raketasyna golaý, ýöne onda başga ýangyç ulanylýar, onuň motorlary dürli we ol “Wostoçnyý” kosmodromyndan ýokary goýberilmeli.
Beýleki käbir raketa taslamalary-da Krymyň gurbany boldy. “Tsiklon” we “Dnepr” seriýalynyň raketalary Ukrainanyň öndürýän raketalary bolup, 2000-nji ýyllarda Baýkonurdan goýberilipdi, emma 2014-nji ýyldan soň uçmagyny bes etdiler. Häzirki wagtda Baýkonurda Russiýanyň hereket edýän diňe iki sany kosmosa goýberiş kompleksi bar: olar "Soýuz-2" we "Proton" raketalaryny uçurmak üçin.
2010-njy ýyllarda “Soýuz-2” raketalaryny kosmosa çykarmak iki ýerden: № 1 we № 31 meýdançalaryndan amala aşyryldy. Birinji meýdança "Gagariniň starty" hem diýilýär, sebäbi “Sputnik-1” gämisinde Ýuriý Gagarin şol meýdançadan arşa çykypdy, soňra SSSR-iň we Russiýanyň içi adamly hemralaryň köpüsi şol enjamlar arkaly uçuşa goýberildiler. Bu start meýdançasy hem 2019-njy ýylda işlemegini bes etdi. Munuň hem sebäbi Krymyň ele salynmagy boldy. “Gagariniň starty" raketalaryň täze tapgyrlaryny goýberilmäge taýýar edilmelidi. Meýdançany BAE bilen bilelikde döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutuldy, ýöne bu ugurdaky ähli hyzmatdaşlyk 2022-nji ýylda bes edildi.
Russiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky ozal baglaşylan ylalaşyga laýyklykda "Proton" 2025-nji ýyla çenli Baýkonurdan uçurylmalydy, onuň sebäbi bu raketanyň ýangyjynyň zäherli bolmagyndan ybarat. “Protonyň” öndürilişi eýýäm bes edildi. Geljekde agyr ýüki kosmosa çykarmak wezipesini "Angara" öz üstüne almaly, ýöne ol "Wostoçnyý" kosmodromyndan uçurylar.
Şeýlelikde, Orsýete 2025-nji ýylda Baýkonurda “Soýuz-2” raketasy üçin diňe bir uçuş kompleksiniň boljakdygy ýüze çykýar. Şol bir wagtda, “Soýuz-2” üçin Russiýanyň öz içinde meýdançalaryň ikisi bar; olar “Plesetski” we “Wostoçnyý”. Russiýa üçin Baýkonurda ýeke-täk "31-nji meýdança" bolup, ondan içi adamly Halkara kosmos stansiýasyny goýbermek mümkin.
Russiýa 2028-nji ýyldan başlap, adam tarapyndan dolandyrylýan hemralary öz hususy uçuş meýdançasyndan amala aşyrmakçy, ýöne ol meýdança taýýarlykdan gaty uzakda. Onuň geljegi Russiýanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy we döwletiň abraýy bilen gös-göni baglanyşykly.
Netijede, 2028-nji ýylda Russiýanyň Baýkonurdan doly gidäýmek mümkinçiligi bar. Şol pursatda adamzat üçin älem giňişligine ýol açan taryhy "Kosmos derwezesi" metal üýşmeklerine öwrüler hem geçen döwrüň kuwwatly döwletiniň ýadygärligi bolar.
Beýleki bir tarapdan, birnäçe faktorlaryň netijesinde, eger-de Russiýanyň ABŞ bilen Halkara kosmos hyzmatdaşlygy dowam etse, Ukraina bilen parahatçylyk barada gol çekişseler hem-de Günbataryň sanksiýalary ýatyrylsa, “Roskosmos” Gazagystanyň kosmodromynda saklanyp, onuň geljegine mümkinçilik döredip biler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum