Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, gündogarda söweş möwjeýärkä, Kiýewe garşy dron hüjümleriniň täze tolkunyny amala aşyrdy


Ukrainanyň 28-nji brigadasynyň esgerleri 27-nji martda Bahmutyň golaýynda ýerleşýän uruş liniýasyndaky pozisiýalarynda durýarlar.
Ukrainanyň 28-nji brigadasynyň esgerleri 27-nji martda Bahmutyň golaýynda ýerleşýän uruş liniýasyndaky pozisiýalarynda durýarlar.

Russiýa Kiýewe we onuň töweregine Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar arkaly ýene bir hüjüm tolkunyny amala aşyrdy, emma Ukrainanyň howa goragy olaryň ählisini diýen ýaly urup gaçyrdy, pidalar barada häzirlikçe hiç hili habar ýok diýip, ukrain harbylary 27-nji martda aýtdy. Bu waka gündogar Donetsk sebitinde, Bahmutyň içinde we töwereginde agyr söweşleriň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Howa hüjümi duýduryşy ilki 27-nji martda Kiýew, Çernihiw, Sumy, Dnipropetrowsk, Zaporižýa we Luhansk sebitlerinde yglan edildi, soňra Herson, Žytomyr we Kirowohrad sebitlerine çenli giňeldildi.

"Rus goşunlary Ukraina howa zarbalaryny amala aşyrmak üçin "Şahed-136" pilotsyz uçarlarynyň 15 sanysyny ulandy we olaryň 14 sanysy ukrain harbylary tarapyndan ýok edildi" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdyldy.

"Has köp raketa we howa zarbalarynyň amala aşyrylmak ähtimallygy Ukrainanyň ähli ýerinde ýokary bolmagynda galýar" diýip, baş ştab belledi.

Kiýew şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko öten agşam ukrain paýtagtynyň golaýynda 12 sany pilotsyz uçaryň atylyp urlandygyny habar berdi.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko paýtagtyň Obolon we Swýatoşin etraplarynda bolan partlamalar we Swýatoşinde ot alan dükan barada maglumat berdi. Kliçko ýangynyň gaty çalt öçürilendigini we pida bolanyň ýokdugyny aýtdy. Ýangyna urlup gaçyrylan pilotsyz uçaryň galyndylary sebäp bolan ýaly bolup görünýär.

Baş ştab ukrain güýçleriniň gündogardaky, Donetsk sebitindäki uruş nokatlarynyň birnäçesinde söweşiň möwjeýändigini, bu ýerde soňky 24 sagadyň dowamynda ruslaryň 62 hüjüminiň yzyna serpikdirilendigini aýtdy. Rus goşunlary Moskwanyň bu sebitdäki hüjümleriniň merkezine öwrülen Bahmuta, doly diýen ýaly weýran bolan dag-magdan şäherine hüjüm etmegini dowam etdirdi.

Soňky döwürde rus goşuny Maryinka we Awdiýiwka şäherlerine hüjüm etmegini hem güýçlendirdi. Ukrainleriň kontrollugyndaky bu iki şäher 2014-nji ýyldan bäri Moskwa tarapyndan goldanýan güýçleriň gözegçiliginde galýan Donetsk şäheriniň eteginde ýerleşýär.

Awdiýwkada rus toplary jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ählisiniň ýapylmagyna we şäher dolandyryş edaralarynda işleýän işgärleriň ewakuasiýa edilmegine getirdi. Uruşdan öň 30 müň töweregi ilaty bolan şäherde häzir 2 müň töweregi adam ýaşaýar.

Awdiýiwkanyň harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Barabaş Awdiýiwkanyň ruslaryň güýçli hüjümleri netijesinde "postapokaliptik filmlerde görlen bir ýere" öwrülendigini aýtdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 27-nji martda Zaporižýa sebitindäki front pozisiýalaryna duýdansyz sapar etdi we bu ýerde BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy Rafael Grossi bilen duşuşyp, Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasyny goramak meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Zelenskiý Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) başlygyna desganyň heniz hem Russiýanyň gözegçiligi astynda galmagy bilen, ýadro elektrik stansiýasyndaky howpsuzlyk ýagdaýyny dikeltmegiň mümkin däldigini aýtdy.

"Rus goşunlary we işgärleri Zaporižýa ýadro desgasyndan we onuň ýanaşyk ýerlerinden haýal etmän çykarylmasa, ýadro howpsuzlygyny dikeltmek boýunça islendik başlangyç başa barmaz" diýip, prezident edarasynyň beýanatyna görä, Zelenskiý Grossä ýüzlenip aýtdy.

Şeýle hem, ol Grossiniň ünsüni rus güýçleriniň elektrik stansiýasynyň işgärlerine edýän dyngysyz basyşyna çekdi diýlip, beýanatda bellenilýär.

"Men şu gün Zaporižýa şäherinde Zelenskiý bilen duşuşdym we Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyny we onuň işgärlerini goramak barada giňden pikir alyşdym. Men IAEA-niň Ukrainanyň ýadro desgalaryna berýän doly goldawyny ýene bir gezek gaýtaladym" diýip, Grossi Twitterde ýazan maglumatynda aýtdy.

Soňky söweş hereketleri nemes kansleri Olaf Şolzyň Germaniýanyň wada berlen öňdebaryjy “Leopard” söweş tanklaryndan 18 sanysyny Ukraina gowşurandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG