Russiýa öten agşam Ukrainanyň merkezi-günortasyndaky Dnipropetrowsk regionynyň Kriwiý Rih şäherine dron hüjümlerini amala aşyrdy. Bu barada ýerli häkim 24-nji martda habar berdi. Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheri ugrunda agyr çaknyşyklaryň dowam edýän pursady, Ukrainanyň ençeme regionynda howa hüjüminden goranyş signallary ýaňlandy.
“Öten gije Kriwiý Rih şäherine Eýranda öndürilen bäş dron atyldy, hüjümde adam pidalary bolmady” diýip, häkim Serhiý Lysak Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy. Ol bir Şahed kysymly dronuň, şeýle-de Russiýanyň birnäçe piltosuz uçýan enjamynyň urlup düşürilendigini hem sözüne goşdy.
Bu aralykda, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogar sebitlerinde çozuş hereketlerini ýaýbaňladýarlar. Rus goşununyň surnugyp başlandygy baradaky maglumatlara garamazdan, olar soňky 24 sagadyň içinde Bahmut şäherine we onuň töwereklerine 79 hüjümi amala aşyrdylar. Bu barada Ukrainanyň Ýaraglary güýçleriniň Baş harby ştaby 24-nji martda irden maglumat berdi.
Russiýanyň hüjümleri easan Donetsk regionyndaky Bahmut sebitini nyşana alýar. Moskwanyň bir aýyň dowamynda sebiti basyp almak ugrundaky tagallalarynyň netijesinde, şäheriň aglaba bölegi ýer-ýegsan edildi.
Duşman Donetskiň beýleki sebitleri, şol sanda Lyman, Awdiýiwka, Maryinka we Şahtarsk ugurlary boýunça hem üstünliksiz hüjümlerini dowam etdirýär diýip, Baş ştabyň beýanatynda aýdylýar. Maglumatda Zaporižýa we Herson regionlarynyň käbir sebitleri ugrunda çaknyşyklaryň alnyp barylýandygy hem bellenilýär.
Ukrainanyň gury-ýer güýçleriniň kommandiri, general Oleksandr Syrskiýiň sözlerine görä, Russiýanyň Bahmutdaky ýan bermeýän hüjümleri eýýäm rus goşunyny surnukdyryp başlapdyr. Ol ‘ýakyn wagtda’ ukrainalylaryň duşmanyň bu gowşaklygynyň üstünden artykmaçlyk gazanmaga taýýarlanýandygyny hem sözüne goşdy.
Emma Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Gündogar toparynyň mebugat wekili Serhiý Çerewatiý Bahmutda entegem aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.
23-nji martda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropanyň liderlerine ýüzlenip, ýaraglaryň, şol sanda uzak aralyga niýetlenen raketlaryň we harby uçarlaryň üpjünçiligini tizlendirmäge çagyrdy.
Iki gün mundan ozal Hersona hem sapar eden Zelenski, uzak aralyga niýetlenen ýaraglaryň we uçarlaryň gijikdirilmegi urşuň möhletini uzaldyp biljekdigini duýdurdy.
“Bu ýerde wagt juda möhüm. Bärde aýlar ýa hepdeler däl, günleriň gürrüňi edilýär. Biz näçe çalt bilelikde hereket edip başlasak, şonça-da köp adam ömrüni aman saklarys” diýip, Zelenski aýtdy.
“Eger-de Ýewropa çekinip saklansa, onda gara güýç täzeden toparlanyp, özüni has uzak urşa taýýarlap biler” diýip, Zelenski 23-nji martda Ýewropa liderlerine ýüzlendi. Ol bu çykyşyny noýabrda Kiýew tarapyndan yzyna alnan Herson sebitine ugran wagty ýazgy etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Russiýa garşy giriziljek täze gadagançylyklaryň, easasan ozal yglan edilen sanksiýalardan sowa geçmegiň ýollaryna garşy gönükdiriljekdigini aýtdy.
Ol Ýewropa Bileleşiginiň beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, Ukrainadan Russiýa deportasiýa edilen çagalary anyklamak we olary yzyna gaýtarmak ugrunda tagalla etjekdigini hem mälim etdi.
“Çagalaryň deportasiýa edilmegi... biziň taryhymyzyň iň gara pursatlarynyň aýylganç ýatlamasydyr. Bu uruş jenaýaty” diýip, fon der Leýen sözüne goşdy.
Geçen hepde Halkara Jenaýat Sudy, ukrainaly çagalaryň bikanun deportasiýa edilmegi üçin, rus prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň çagalaryň hukuklary boýunça resmisi Mariýa Lwowa-Belowanyň tussag edilmegi boýunça order çykardy.
Zelenski ÝB-niň daşary we goranmak ministrleriniň 12 aýyň içinde Ukraina 1 million töwregi artilleriýa toplaryny ibermek planlaryny hem gowy garşylady.
Forum