Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasy, gazaply protestlere ýol açan, “daşary ýurt agentleri” kanunyny yzyna alýar


 Gürjüstanly protestçiler
Gürjüstanly protestçiler

Gürjüstanyň dolandyryjy "Gürjüstanyň Arzuwy" partiýasy 9-njy martda "daşary ýurt agentleri" kanunyny "hiç bir şertsiz" yzyna alýandygyny mälim etdi. Bu ýurtda gürrüňi gidýän kanuna garşy tapgyr iki gün geçirilen gazaply protestlerden, şeýle-de taslamany Günbataryň ýiti tankytlamagyndan soň yglan edildi.

"Jemgyýetiň her bir agzasy üçin jogapkär hökümet partiýasy hökmünde, biz özümiziň goldan kanun taslamamyzy şertsiz yzyna almak kararyna geldik" diýip, "Gürjüstanyň Arzuwy" partiýasy 9-njy martda öz web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

Protestler ilki kanunçykaryjylaryň parlamentde “daşary ýurt agenti” kanun taslamasyny orta getirmeginden soň döräp başlady. Ýurduň başyndaky “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasy tarapyndan goldanylýan bu kanun taslama 7-nji martda gyssagly geçirilen parlament mejlisiniň birinji sessiýasynda kabul edildi. Bu kanun maliýe serişdeleriniň 20%-ni daşary ýurtdan alýan raýat jemgyýetçilik guramalaryny “daşary ýurt agenti” hökmünde häsiýetlendirýär.

Tankytçylar bu kanun taslamasynyň Russiýanyň kanunlaryna meňzeýändigini we ýurdy awtoritarizme tarap iterip biljekdigini öňe sürýärler. Russiýada bu kanun soňy bilen daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän habar serişdelerine hem degişli edildi.

Gürjüstanda bu kanun taslama gahar-gazap bilen garşylandy. Adamlar köçelere çykyp, iki gün yzly-yzyna protest geçirdiler. Howpsuzlyk güýçleri olary dargatmak üçin göz ýaşyrdyjy gazlary, seňselediji granatlary we suw toplaryny ulandylar.

Gürjüstanly protestçiler
Gürjüstanly protestçiler

Protestçiler “Russiýanyň kanunyna ýok” diýen şygary gygyrdylar, şeýle-de Gürjüstanyň, Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gimlerini aýtdylar. Aýal-gyzlaryň Halkara gününde, ýagny 8-nji martda geçirilen protestlerde “Aýallar doly kontrollyga garşy” diýen ýazgyly plakatlary hem görse boldy.

Protestlerde onlarça adam tussag edildi. Içeri işler ministrligi çaknyşyklarda şahsy düzümiň hataryndan azyndan 50 ofiseriň ýaralanandygyny aýtdy.

“Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasy beýanatynda taslamanyň “ýalňyş we ters ugra ugrukdyryjy äheňde tanyşdyrylandygyny” aýtdy, şeýle-de kanunyň maksadyny aýan etmek üçin jemgyýetçilik konstultasiýalaryny ýola goýjakdygyny belledi.

Oppozisiýa partiýalarynyň wekilleri, taslamanyň gün tertibinden aýrylmagyndan soň çykyş edip, häkimiýetler “daşary ýurt agentleri” kanunyny doly aradan aýyrmaýança, şeýle-de protestlerde tussag edilenleriň ählisini azatlyga goýbermeýänçä, protestleriň dowam etdiriljekdigini aýtdylar.

Gürjüstanly protestçiler
Gürjüstanly protestçiler

Gürji oppozisiýasy “Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasyny Moskwa has köp ýakyn bolmakda tankytlaýar. Russiýa Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Ossetiýa separatist sebitlerini goldaýar.

Prezident Salome Zurabişwili kanun taslama weto goýjakdygyny aýtdy. Emma parlament sesleriň köplügi bilen wetodan sowa geçip bilýär.

Gürjüstanda häkimiýetleriň bu taslamany hödürlemegine Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň diplomatlary hem reaksiýa bildirdiler.

ÝB-niň Gürjüstandaky delegasiýasy “Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasynyň beýanatyny gowy garşylaýandygyny, şol bir wagtda mundan ozal bu kanunyň Gürjüstandaky demokratiýanyň geljegi barada uly soraglary döredendigini nygtady.

“Biz Gürjüstandaky ähli syýasy liderleri ÝB tarapdar reformalary, mazmunly we konstruktiw ýagdaýda, şeýle-de Gürjüstanyň dalaşgär statusyny almagy üçin berjaý etmeli 12 şertine laýyklykda, dowam etdirmäge çagyrýarys” diýip, ol belledi.

Gürjüstan Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda tagalla edýärdi. Emma ÝB resmileri “daşary ýurt agentleri” kanunynyň bu prosessi çylşyrymlaşdyrjakdygyny duýdurdylar. Geçen ýyl Bileleşik, durup galan syýasy we adalat reformalaryna salgylanyp, Gürjüstana dalaşgär statusyny bermekden saklanypdy.

Forum

XS
SM
MD
LG