Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ezizowyň edebi mirasy: Şalaryň elinden gelmejek serpaý...


Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanýar.

Türkmenistanyň Sowet taryhynda ýetişen görnükli türkmen şahyrlaryndan Gurbannazar Ezizow ýaşap ýören bolsa, 1-nji martda 83 ýaşamalydy.

Söýgi we sadalyk ýaly inçe duýgulary hem-de adamkärçilik gylyk-häsiýetlerini nepislik bilen wasp etmegi başaran, güýz gününiň ýadaw şöhlelerinden ylham alyp, çuň we manyly döredijiligi bilen halkyň aňynda öçmejek yz galdyran türkmen sowet şahyry 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda tragiki ýagdaýda aradan çykdy.

Gullukdan gaçan bir sowet esgeriniň tüpeňinden çykan zalym ok ýaş şahyryň ömür tanapyny kesdi. Gurbannazar Ezizowyň syrly ölümi barada türkmen okyjylarynyň arasynda henize çenli dürli çaklamalar dowam edýär. Kimler Gurbannazar şahyryň dildüwşügiň pidasy bolandygyny çaklasa, kimler onuň sargyt bilen öldürilendigini aýdýar. Ýöne her niçik-de bolsa, 35 ýaşyň içine manyly ömri we döredijiligi sygdyrmagy başaran şahyr, Sowet senzurasyndan garamazdan, türkmen edebiýatyna we şygyr sungatyna täzeçillik we özboluşlylyk girizmegi başaran seýrek şahyrlaryň biri hökmünde ýatlanýar.

Ezizowyň edebi mirasy: Şalaryň elinden gelmejek serpaý...
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Şahyr:

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz,

Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,

Bereketli gelsin, tylla güýzüňiz" ýaly setirleri bilen umydyň, arassa duýgularyň ilçisi ýaly aňlarda yz galdyrdy.

Ezizow, türkmenleriň ýakyn taryhynda sadalygy tutanýerli wagyz etmek bilen, hamala, minimalizm akymynyň türkmen topragynda pyntyklan ilkinji taglymatlaryny iş ýüzünde, eserleri bilen wagyz edýärdi.

Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,

Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni,

Ýekeje adama ýeterlik söýgi,

Bilen,

bir pursatlyk söýüň siz meni” ýaly setirleri bilen okyjylara "serpaý" wada berdi, “şalaryň elinden gelmejek serpaý”.

Şahyr wagtal-wagtal döwrüň propaganda talaplaryny berjaý etmäge mejbur galan-da bolsa, onuň söýgini, päk duýgulary wasp eden setirleri ebedileşdi.

Türkmen okyjylary, megerem, Gurbannazar şahyry onuň Lenin baradaky, ýa-da Sowet Soýuzy barada ýazan setirleri bilen däl-de, güýz gününiň ýadaw şöhleleri barada ýazan setirleri bilen, ýa-da:

"Birkemsiz gözel ýok" diýenmişinler

Belki, şol gözelem däldir birkemsiz

Belki, iş edende ýokdur usuly

Belki-de, özüni söýýändir çensiz...

...Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,

Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.

Bolubersin gözelleriň ýetmezi,

Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly” setileri bilen, ýa-da:

“Ýene güýz. Güýz bolsa, saralýar ýaprak,

Ýaprak saralanda durlanýar pikir,

Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,

Hem diýýäň, “Oňatlyk, Hudaýa şükür” ýaly setirleri bilen okyjylaryň kalbynda ebedi orun tapdy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanýar.

Forum

XS
SM
MD
LG