Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diasporasynyň Berlinde geçiren edebiýat agşamynda ene diliniň ähmiýeti nygtaldy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Ýewropada ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri 21-nji fewral – Halkara ene dili güni mynasybetli geçen şenbe güni Berlinde edebiýat agşamyny geçirdi.

Germaniýanyň paýtagtyndaky “Günorta Azerbaýjan” medeniýet merkezinde geçirilen çärä dünýä türkmenleriniň wekilleri, ýazyjy-şahyrlar we beýlekiler gatnaşdy.

Medeniýet merkezinde 30 töweregi türkmen wekiliniň gatnaşan medeni çäresi sosial torlar arkaly göni ýaýlymda hem efire berildi. Çäräniň dowamynda türkmen dilinde goşgular okaldy, türkmen sazlary ýaňlandy.

Ýewropada ýaşaýan jemgyýetçilik aktiwisti, medeni çäräni gurnaýjylardan Ýusup Kor 23-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle çäreleriň türkmen diasporasynda gatnaşyklary we arkalaşyklary ösdürmegine umyt bildirýändigini aýtdy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally medeni çäräniň dowamynda türkmen diliniň meselelerine bagyşlanyp, dürli pikir alyşmalaryň gurnalandygyny aýtdy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Ýewropadaky türkmen diasporasynyň wekilleriniň Germaniýanyň paýtagtynda geçiren edebiýat agşamy baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Türkmen diasporasynyň Berlinde geçiren edebiýat agşamynda ene diliniň ähmiýeti nygtaldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG