ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Polşa gelýän wagtynda sowlup, Kiýewe garaşylmadyk sapar etdi.
Baýdeniň Ukrainanyň paýtagtynda prezident Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan wagtynda düşürilen suratlary 20-nji fewralda sosial ulgamlarda çap edildi.
Dekabr aýynyň ortalarynda, Zelenski Russiýa çozuşyna garşy durmak üçin ABŞ-nyň goldawyny dowam etdirmegini sorap, Waşingtona baraly bäri, bu iki lideriň arasyndaky ikinji duşuşykdyr.
Biraz öň Baýdenniň 20-nji fewralda Polşa geljekdigi habar berlipdi. Ak tam şonda Baýdeniň Ukraine geçemejdkdigini aýdypdy.
Ak tam Jo Baýdeniň beýanatyny çap etdi. Onda ABŞ-nyň prezidenti Zelenski bilen Ukrainanyň demokratiýa, özygtyýarlylyga we Ukrainanyň territorial bitewiligine üýtgewsiz we gyşarnyksyz ygrarlydygyny tassyklamak üçin duşuşýandygyny aýtdy.
Baýden saparyň dowamynda artilleriýa ok-därileri, tanklara garşy we howa goranyş ulgamlary, şeýle-de Russiýanyň sanksiýalardan gaçmaga ýa-da rus goranyş senagatyna goldaw bermäge synanyşýan elita agzalaryna we kompaniýalaryna garşy sanksiýalary goşmak bilen, Ukraina berjek täze harby kömegini yglan etjekdigini aýtdy.
"Putin bir ýyl töweregi öň bu urşa başlanda, Ukraina ejiz we Günbatar ikä bölünen diýip pikir edipdi. Ol bizden rüstem bolup bilerin öýdüpdi. Emma bu düýpden ýalňyş boldy" diýip, Baýden aýtdy.
Bu sapar, Kiýewiň 20-nji fewralda beren maglumatyna görä, rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky we günortasyndaky harby pozisiýalary we raýat ilatly nokatlary oka tutmagyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.
Prezident Wolodymyr Zelenski Donetsk sebitiniň esasy söweş barýan ýerlerindäki rus ýitgilerini "adatdan daşary möhüm" diýip häsiýetlendirdi.
Russiýa gündogar Luhansk we Donetsk sebitine, şeýle-de günorta Zaporižýa sebitine 10 raketa atdy, howadan 25 zarba urdy diýip, Ukrain goşunynyň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar. Mundan başga, front liniýasynda tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan edilen 62 hüjüm hasaba alyndy.
"Duşman esasy tagallalaryny Kupýansk, Liman, Bahmut, Awdiýwka we Şahtar ugurlarynda edýän hüjümlerine gönükdirýär" diýip, hasabatda aýdylýar.
Baş ştab topa tutmalar netijesinde parahat ilatyň arasynda ýaralanan we öldürilen adamlaryň bardygyny aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jiklige geçmedi. Şeýle-de, ýurduň çar künjeginde rus raketa hüjümleriniň salýan howpunyň ýokary bolup galýandygyny duýdurdy.
Zelenski 19-njy fewralda Donetskdäki söweşde, Bahmutyň we Wuhledaryň töwereginde, urşuň gündogar we günorta teatrlarynyň arasyndaky bölüji liniýa bolan şäheriň ýanynda söweşýän ukrain goşunynyň rus goşunyna "adatdan daşary möhüm" ýitgi çekdirendigini aýtdy.
"Bu ýerdäki ýagdaý örän agyr" diýip, Zelenski 19-njy fewralda eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
“Biz basyp alyjyny syndyrýarys we Russiýa adatdan daşary möhüm ýitgi çekdirýäris. Men ýene we ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: Russiýa bu ýerde näçe köp ýitgi çekse, biz bu söweşi Ukrainanyň ýeňşi bilen şonça hem çalt tamamlap bileris" diýip, ukrain lideri aýtdy.
Ukrain harby dronlarynyň geçen hepde ýaýradylan şekilleri uruşdan ozal 14,000 töweregi ilaty bolan Wuhledaryň töweregindäki söweşde ruslaryň 30-a golaý sowutly awtoulagyny, şol sanda tanklaryny we pyýada goşun ulaglaryny ýitirendigini görkezýär.
Aýdylmagyna görä, Ukraina hem uly ýitgi çekdi, ýöne hiç tarap öz güýçleriniň çeken ýitgisi barada maglumat bermedi. Söweş meýdanyndan berilýän maglumatlary garaşsyz ýagdaýda barlamak we tassyklamak kyn bolmagynda galýar.
Zelenski 18-nji fewralda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Kiýewiň “hyzmatdaşlaryndan berk yşaratlary we Russiýanyň Ukraina hem-de onuň halkyna garşy eden agressiýasy we terrorçylygy üçin jogapkärçilik çekmeginiň gutulgusyzdygy barada anyk ylalaşyklary alandygyny” aýtdy.
Ol sözüniň üstüni ýetirip, bu borçnamalaryň diňe bir Russiýanyň 24-nji fewralda [Ukraina giň gerimli çozuşa başlanda] getiren betbagtçylyklaryna däl, eýsem, Moskwanyň Krym sebitini ele geçirende öjükdiren bölüjilik hereketlerini nazarda tutup, 2014-nji ýyldan bäri ýetiren uly zyýanlaryna hem degişli boljakdygyny” aýtdy.
Günortadaky Herson sebitiniň ukrain häkimiýetleri rus toplarynyň golaýdaky obada bir jaýyň howlusyna düşüp, bir maşgaladan üç sany uly adamy öldürendigini, dört adamy, şol sanda iki çagany ýaralandygyny aýtdy.
"Rus basybalyjylary Herson sebitinde bir maşgalany öldürdiler" diýip, resmileriň beýanatynda aýdylýar. "Betbagtçylyk bolan ýerde üç adam öldi: ata-ene we çagalaryň daýysy heläk boldy."
Rus goşunlary noýabr aýynda, Moskwanyň günortadaky uly söweş meýdanynda uçran ýeňlişini tassyklap, Herson şäherinden gaçmaga mejbur boldular.
Hepde aýagynda geçirilen Mýunhen howpsuzlyk maslahatynda - Ukrainadaky wakalar barada bolan çekişmelerde ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris "ABŞ Russiýanyň Ukrainada adamzada garşy jenaýat edendigini resmi taýdan kesgitledi" diýdi.
Forum