Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Russiýanyň ençeme hüjümini yza tesdirdiler


Russiýanyň soňky hüjümleriniň netijesinde 50 ýaşaýyş jaýyna we bir senagat desgasyna zeper ýetendigi aýdylýar.
Russiýanyň soňky hüjümleriniň netijesinde 50 ýaşaýyş jaýyna we bir senagat desgasyna zeper ýetendigi aýdylýar.

Ukrain güýçleri soňky geçen günüň dowamynda Russiýanyň ençeme ilatly nokadyna garşy eden birnäçe hüjümini yza tesdirdiler. Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň möhüm infrastruktura desgalaryny nyşana almagyny dowam etdirýär. Bu barada Kiýew 17-nji fewralda habar berdi.

Geçen günüň dowamynda Russiýanyň harbylary Ukraina garşy 41, şol sanda Harkowa garşy 5 raketa atdylar. Bu barada habar berýän ukrain harbylary 16 raketanyň urlup düşürilendigini hem mälim etdiler.

Maglumata görä, Russiýa Ukrainanyň barha kämilleşýän howa hüjüminden goranyş ulgamyny ýalňyşdyrmak üçin galp raketalary hem ulanyp başlapdyr.

Ukrain harbylary Russiýanyň 24 howa zarbasyny amala aşyrandygyny hem mälim etdiler. Hüjümiň netijesinde parahat ilatyň arasyndan ýitgileriň bolandygy aýdylsa-da, anyk sanlar äşgär edilmeýär.

Soňky hüjümleriň netijesinde 50 ýaşaýyş jaýyna we bir senagat desgasyna zeper ýetendigi aýdylýar.

“Gynansak-da, demirgazyk we günbatar sebitlerine, şeýle-de Denipropetrowsk we Kirowohrad regionlaryna zarba uruldy” diýip, ukrain prezidentiniň edarasynyň başlygy Andriý Ýermak Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Denipropetrowsk regionynyň Pawlohrad sebitine raketanyň düşmegi netijesinde azyndan bir adam öldi, başga-da sekizsi ýaralandy diýip, ýerli resmiler habar berýärler.

Ukrainanyň gündogaryndaky Lwiw regionynda üç raketa sebitiň möhüm infrastruktura desgasyny urdy. Mundan başga-da, rus raketalary merkezi Poltawa we Kriwohad regionlaryna, şeýle-de gündogardaky Donetsk we Luhansk sebitlerine atyldy.

Russiýanyň harbylary oktýabrdan bäri Ukrainanyň raýat maksatly binalaryna, hususan-da energiýa desgalaryna raketalaryny ýagdyrýar.

Russiýa geçen ýylyň 24-nji fewralynda çozuşa geçeli bäri Ukrainanyň gündogar we günorta sebitlerinde uly sebitleri basyp aldy. Şol bir wagtda, Moskwa şondan bäri köp ýeňlişlere we yza çekilmelere duçar boldy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň geçen ýylyň sentýabryndan, ýagny Moskwanyň “çäkli mobilizasiýany” yglan etmeginden bäri çekýän ýitgileriniň göz-görtele artandygyna ünsi çekýär.

Ministrligiň gündelik aňtaw brifingine görä, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyndan bäri 200 müň töweregi adam ejir çekipdir. Olaryň arasyndan 40 müň – 60 müň adamyň ölendigi bellenilýär.

Bu aralykda, 16-njy fewralda prezident Wolodymyr Zelenski her ýyl geçirilýän Berlinale film festiwalynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Ol režisýorlary azatlyk bilen zalymlygyň arasyndaky uruşda belli bir tarapy tutmaga çagyrdy.

Göni efirde eden çykyşynda Zelenski, özüniň aktýorlyk tejribesini hem ýatladyp, kärdeşlerini öz tomaşaçylaryna gönümel ýüzlenmäge çagyrdy.

“Köp ýyllaryň dowamynda Potsdam Meýdançasy Berlin diwary bilen bölünipdi. Şu gün Russiýa Ukrainada hem şular ýaly diwary galdyryp, biz bilen Ýewropany böljek bolýar, Ukrainanyň geljegine bolan ymtylmasyny kesmegi maksat edinýär” diýip, Zelenski belledi.

Forum

XS
SM
MD
LG