Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň güýçli howa hüjümi wagtynda Ukrainanyň tutuş giňişliginde hüşgärlik duýduryşlary edildi


Orsýetiň Kiýewe eden köpçülikleýin raketa hüjümi wagtynda adamlar metro stansiýasynda pena tapýarlar. 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly
Orsýetiň Kiýewe eden köpçülikleýin raketa hüjümi wagtynda adamlar metro stansiýasynda pena tapýarlar. 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly

10-njy fewralda irden Ukrainada howadan hüjümler barada duýduryş berýän sirenalar ýaňlandy. Harkow we Zaporožýe ýaly şäherleri nyşana alan rus raketa we artilleriýa hüjümlerinden soň Moskwanyň ýene täze hüjümleri amala aşyrjagyna garaşylýar.

Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýanyň strategiki bombaçylaryndan atylan kruiz raketalarynyň Kiýew wagty bilen sagat 8:30 anyklanandygyny habar berdi. Takmynan iki sagatdan soň Moldowanyň howa giňişliginden geçen has köp raketa barada habar berildi.

Resmiler bu hüjümleriň esasy nyşanynyň Ukrainanyň energiýa deslarynyň bolandygyny we hemme ýerde elektrik üpjünçiliginiň kesilýändigini aýtdy.

"Kiýewiň howa giňişliginde howadan goranyş güýçleri tarapyndan 10 sany duşman raketasy ýok edildi" - diýip, Kiýewiň harby adminsitrasiýasy Telegram ulgamynda habar berdi. Maglumatda "pidalar barada häzirlikçe habar ýok, jikme-jiklikler entek aýdyňlaşdyrylýar" diýildi.

Şäheriň häkimi Witaliý Kliçko Kiýewiň Holosiwiskiý etrabynda rus raketasynyň bölekleri gaçyp, hususy jaýyň üçegine we awtoulaga zeper ýetirendigini “Telegram” arkaly habar berdi.

Gündogar Ukrainanyň iň uly şäheri Harkowyň häkimi, infrastruktura zeper ýetendigini tassyklady we netijede elektrik togunyň kesilmeginiň ähtimallygy barada duýduryş berdi.

"Duşman möhüm infrastruktura desgalaryny nyşana alýar. Elektrik, suw we ýylylyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly bökdençlikler bolup biler" - diýip, Harkowyň häkimi Ihor Terehow aýtdy.

Ukrainanyň we Günbatar ýurtlarynyň aňtaw resmileri birnäçe hepde bäri Moskwanyň täze hüjüme taýýarlyk görmek üçin güýç toplaýandygyny, esasanam gündogar Ukrainada, 24-nji fewralda konfliktiň ilkinji ýyl dönümine gabatlap, soňky aýlardaky ençeme şowsuzlyklardan soň üstünlik gazanmak isleýändigini duýduryp gelýärler.

Moldowanyň Goranmak ministrligi raketalaryň ýurduň howa giňişliginden geçendigini tassyklady we bu waka sebäpli Russiýanyň ilçisini çagyrjakdygyny aýdyp, bu wakany "berk ýazgardy".

NATO-nyň agzasy bolan goňşy Rumyniýa, raketalaryň öz howa giňişligine girendigi baradaky habarlary tassyklamady we Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan basyp alan Krym ýarymadasynyň golaýynda Gara deňizdäki rus gämisinden atylan kruiz raketasyna "çalym edýän zady" anyklandygyny aýtdy.

Bu hüjümler, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ÝB liderlerine erkin Ukrainasyz erkin Ýewropanyň bolup bilmejegini aýdanyndan bir gün soň boldy.

Zelenskiý 9-njy fewralda Ýewropa eden garaşylmadyk saparynda Ukrainanyň rus goşunlarynyň hüjüminden goranmagy üçin ýardam we has köp ýarag, şeýle-de, ÝB agza bolmak üçin goldaw sorady. Bu aralykda Orsýet goşunlarynyň Ukrainanyň gündogaryndaky hüjümlerini güýçlendirendigi habar berildi.

Brýussele eden sapary Zelenskä bir gün öň Britaniýa we Fransiýa eden saparlaryndan soň Ýewropa Bileleşiginiň 27 lideri bilen gürleşmäge mümkinçilik berdi. Ýewropa Bileleşiginiň sammitine başlyklyk edýän Josef Borrell bileleşigiň liderleriniň Ukraina üçin has köp harby goldaw berjekdigini aýtdy.

Soňky hepdelerde Ukraina öz goşunyny güýçlendirmek üçin Günbatar ýurtlaryndan söweş tanklarynyň beriljegi barada wada aldy, ýöne ol söweş uçarlary we uzak aralyga urýan raketalar ýaly has ösen ýaraglary hem sorady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG